Jaz garramaýar – ol tersine, ýylsaýyn juwanlaşýar. XX asyryň başynda dörän bu saz, wagtyň geçmegi bilen, dünýäde millionlarça muşdak gazandy, 2011-nji ýylda bolsa ÝUNESKO 30-njy apreli Halkara jaz güni diýip yglan etmek bilen, ony halkara gepleşik nyşany hökmünde resmi taýdan ykrar etdi. Onuň belent depginleri täze sazandalary nusgawy eserleri batyrgaý teswirlemäge we bu rowaýaty žanra bolan umumy höwes bilen birleşen toparlar döretmäge ylhamlandyrýar.

Hepdäniň ahyrynda, esasan, ýaş sazandalardan we wokalçylardan ybarat saz topary Aşgabatda-da «Ýaňlan, jazym, daň atýança» atly konsert maksatnamasyny hödürledi.
«Watan» kinokonsert merkezi heniz çykyş başlanmazdan, jadyly diýen ýaly, aýratyn ýagdaýa giren rahat kamera zalyna öwrüldi. Tomaşaçylaryň zala girýän ýoly hyýalyňy ýüwürdýän ýodajyklardan geçýärdi. Bu ýodalar uzaboýuna sütünlere dakylan nusgawy gülçyraglar we çalaja yşyk berýän döredijilikli şemdanlar bilen bezelipdi.

Aýakly çyralar bilen bezelen sahna doňan ýaly bolup durdy. Orkestriň ýerinde dürli tüýdükleriň mis bölekleri ýalpyldap görünýärdi. Sahnanyň ortarasynda Aram Bazikýanyň haýbatly nagarasy ýerleşipdi, gar ýaly ak fortepiano bolsa Türkmenistanyň at gazanan artisti Wladimir Mkrtumowyň sahna çykmagyna garaşyp, ümsüm durdy.
Sazandalar sahnada peýda bolan badyna, zal janlandy. Kontrabasa jan geldi, kirişli saz gurallary owaz edip başladylar. Orkestre geljegine umyt baglanýan ýaş halypa Kowus Bäşimow dirižýorlyk etdi.

Solistler Bahar Durdyýewa, Döwran Şammyýew we Täzegül Baýramowanyň ýerine ýetirmeginde meşhur «I Wanna Be Loved by You», «Ain't Got No», «I Feel Good», «Je Veux» aýdymlary we beýlekiler ýaňlandy. Döwran Şammyýewiň «It's a Man's Man's Man's World» atly ilhalar aýdymyny ýerine ýetirmegi gürrüldili el çarpyşmalara mynasyp bolmak bilen, hakyky dabara öwrüldi.
Tans sazlary tomaşaçylary ýöne goýmady. Olar umumy ýagdaýa uýup, oturan ýerlerinde tans edip başladylar. Agşam şowhunly el çarpyşmalar we yzy üzülmeýän gül desseleri bilen tamamlandy.

Dirižýor Kowus Bäşimow bize taslama barada şeýle gürrüň berdi: «Big Band Orkestr» topary öz öňlerinde Türkmenistanda jaz sazyny ösdürmegi maksat edinip goýan belent ruhly muşdaklary bir ýere jemledi. Ýaşlygyna garamazdan, Kowsuň eýýäm kamera we tüýdükçiler orkestrlerine dirižýorlyk etmek tejribesi bar. Ol bu işe mekdepde okap ýörkä başlap, dirižýorlygy özleşdirip, alt okuwyny dowam etdirdi. Onuň sözlerine görä, çeper ýolbaşçy Mähri Şammyýewa guramaçylykda we sahna bezeginde uly kömek beripdir.
Ýokary hilli saz maksatnamalaryna öwrenişip giden paýtagtly tomaşaçylar bu synagy mähirli garşyladylar. Şu möwsümde Aşgabatda eýýäm ýapon animasiýasyna bagyşlanan konsertler, türk teleseriallaryndan sazlar, rus ertekilerinden simfoniýalar we türkmen kinosyndan sazlaryň konsertleri geçirildi. Jaz agşamy bu sanawyň üstüni sazlaşykly ýetirdi. Guramaçylar eýýäm şunuň ýaly gyzykly we adatdan daşary boljak indiki maksatnamanyň üstünde işleýändiklerini aýtdylar.