Ï Kämil gözelligiň nusgasy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Kämil gözelligiň nusgasy

view-icon 134
Kämil gözelligiň nusgasy

Daşoguz welaýatynyň taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde geçirilen serginiň esasy gymmatlyklary Daşoguz şäheriniň çagalar çeperçilik mekdebiniň okuwçylarynyň we mugallymlarynyň eserleri boldy. Bu işlerde gözelligi we syraty boýunça deňi-taýy bolmadyk ahalteke bedewleri şekillendirilýär.

Ýagly we akwarel reňkler bilen çekilen, grafika usulynda ýerine ýetirilen bu suratlar hem-de haly gobelenleri mundan ozal TDP-niň Daşoguz şäher komiteti we Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Daşoguz şäher geňeşi tarapyndan yglan edilen «Gadamy batly bedewler» atly bäsleşige gatnaşypdy. Bu döredijilik bäsleşigi 2026-njy ýylyň «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany» şygaryna bagyşlandy.

Eserlerde türkmen halkynyň buýsanjy we milli baýlygy bolan ajaýyp bedewleriň suratlary jemlenipdir. Ahalteke bedewleri taryhy ýadygärlikleriň we gözel tebigatyň gurşawynda, ýaryşlaryň we dabaralaryň pursatlarynda, şäher hem-de oba durmuşynyň keşplerinde şekillendirilipdir. Çeperçilik mekdebiniň mugallymlary Ç.Käbeýewanyň we N.Meredowanyň işleri reňkleriniň inçeligi hem-de nepisligi bilen haýran galdyrýar. Okuwçylar R. Matýusupowanyň, K. Babahanowanyň, N.Pirmetowanyň, G.Uzakberdiýewanyň we beýlekileriň eserleri bolsa kompozisiýa çözgütleriniň şowlulygy, özboluşly mazmuny we reňk öwüşginleriniň baýlygy bilen tapawutlanýar.

Bäsleşige gatnaşyjylar şekillendiriş sungatynyň üsti bilen ahalteke bedewleriniň türkmen halkynyň taryhyndaky we häzirki zaman durmuşyndaky ornuny açyp görkezmegi, olaryň güýjüni, gözelligini we wepaly häsiýetini beýan etmegi başarypdyrlar. Bellemeli zat, çagalar çeperçilik mekdepleriniň okuwçylary sebitiň jemgyýetçilik we medeni durmuşyna işjeň gatnaşýarlar. Zehinli çagalaryň ýerine ýetiren işleri dürli sergilerde yzygiderli görkezilýär.