Köýtendag diýlende ýurdumyzyň özüniň gaýtalap bolmajak gözelligi, täsinlikleri bilen göreni haýran galdyrýan künjegi göz öňüňde janlanýar. Diňe bir Türkmenistanyň däl, eýsem, dünýäniň jahankeşdeleriniň ünsüni özüne çekýän dinozawrlaryň aýak yzlary galan belent tekizlik, täsin dag gowaklary, Daraýdere, Tutly dere, Umbardere, Kyrkgyz ýaly dag dereleri, gözsüz balyklaryň ýaşaýan ýerasty köli, Arnap tokaýlygy, ýurdumyzyň iň belent dag nokady bolan Aýrybaba gerşi we beýlekiler tebigatyň bagyş eden täsin peşgeşidir.
Köýtendagyň täsin ýerleriniň biri-de Garlyk şäherçesiniň günortasynda ýerleşýän, dag ulgamynyň günbatar tarapyndan gözbaş alýan «Hojagaýnar», ilat arasynda «Gaýnarbaba» ady bilen meşhur bolan täsin çeşmedir. Uzynlygy 40, ini hem 30 metre ýakyn, kä ýeriniň çuňlugy 3 metr töweregi bolan bu çeşmä käteler köl hem diýýärler. Biri-birinden tapawutlanýan iki çeşmäniň birikmeginden emele gelen bu täsin çeşmä dürli derdiň melhemi bolanlygy üçin ýerli ilat keramat hökmünde garapdyr. Çeşmeleriň biri durulygy bilen, beýlekisi kükürtli wodorodyň agdyklyk edýändigi sebäpli, bulançak agymtyl reňki bilen tapawutlanýar. Ýerli ilat olaryň birini «ak suw», beýlekisini hem «gök suw» diýip atlandyrýar. Dag eteginden syzylyp çykýan suwuň gaýnap duran görnüşde bolmagy bu kiçiräjik kölüň «Gaýnarbaba» adyny almaklygyna sebäp bolupdyr.
Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz «Türkmenistan – Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» atly kitabynda bu çeşme barada şeýle ýazýar: «Onuň bejeriş häsiýeti alymlaryň barlaglary tarapyndan tassyklanyldy. Ýerden çogup çykýan suw köpürjikläp dur, ol göýä «gaýnap duran» ýaly, megerem, munuň özi bu ýeri «Gaýnarbaba» diýlip atlandyrylmagyna esas berendir». Ýer-ýurt atlarynyň gelip çykyşy boýunça tutumly ylmy işleri alyp baran tanymal alym Soltanşa Atanyýazowyň «Türkmenistanyň geografik atlarynyň düşündirişli sözlügi» atly kitabynda: «Hojagaýnar – Köýtendag etrabynda (öňki Çarşaňňy) (Garlykda) kükürtli çeşme (oňa Gaýnarbaba hem diýilýär). Hoja bu ýerde «mukaddes» diýen manydadyr, ata, baba, sözleri ýaly, öwlüýäleriň, duzly ýerleriň, kükürtli çeşmeleriň atlarynda köp duş gelýär (ol, köplenç, adyň öňünden goşulýar), gaýnar sözi bolsa suwy gaýnap çykýan çeşmeleri aňladýar» diýip ýazypdyr.
Alymlaryň häzirkizaman ylmy usullary bilen anyklamagyna görä Gaýnarbaba çeşmesiniň bejeriş häsiýetleri bardyr. Çeşme suwunyň düzüminde kükürtli wodorodyň ownuk elementleriniň, minerallaryň we beýleki himiki elementleriň bolmaklygy birnäçe keselleri, şol sanda deri we ruhy kesellerini, iýmit siňdiriş ulgamyndaky sökellikleri bejermäge ýaramlydyr. Çeşmäniň suwunyň ýylyň islendik paslynda 22 gradus çemesi bolmaklygy-da, onuň esasy aýratynlyklarynyň biridir.
Gaýnarbaba çeşmesiniň ýene-de bir üýtgeşik we geň tarapy başga hiç hili derýa ýa-da suw akabasy bilen arabaglanyşygy bolmazdan, bu ýerde balyklaryň ýaşamagydyr. Ýeriň astyndan çogup çykýan çeşmede nähili ýagdaýda balyklar peýda bolduka? Bu ýagdaýa Köýtendag döwlet tebigy goraghanasynyň ylmy bölüminiň işgärleri ülkämizde hemişelik ýaşaýan hem-de ýurdumyzyň çäklerinden uçup geçýän suw guşlarynyň endamyna ýapyşan balyk işbilleriniň çeşmä düşmegi bu kölde balyklaryň döremegine sebäp bolandyr diýen çaklamany öňe sürýärler.
Kölde ýaşaýan balyklaryň gorky-ürküsiz adamlaryň ýanynda bile ýüzüp ýörmekleri-de, olaryň eldekileşdirilendigine güwä geçýär. Onuň esasy sebäpleriniň biri hem bu çeşmäniň keramatly hasaplanyp, balyklaryň tutulmaýanlygydyr. Gaýnarbaba çeşmesiniň ýene-de bir aýratynlygy bu ýerde ýyrtyjy balyklaryň ýoklugydyr. Şeýle hem bu täsin çeşmäniň jandarlarynyň arasynda ýura döwründen galan mollýuskalar, ýer gurçuklary we beýleki oňurgasyz jandarlar gabat gelýär. Hut şonuň üçinem alymlar bu çeşmäni jandarlaryň hakyky muzeýi diýip hem atlandyrýarlar.
Gaýnarbaba çeşmesiniň ýene bir üýtgeşik ýeri bu ýerde «garlyk dadrany» diýlip atlandyrylýan endemik, ululygy 3-4 santimetre barabar bolan balykgulaklaryň ýaşaýanlygydyr. Ak reňkli, melemtil tegmilli täsin balykgulaklar bu çeşmeden başga ýerde gabat gelmeýärler.
Köýtendagyň beýleki täsin ýerleri ýaly Gaýnarbaba çeşmesi hem ylmy taýdan düýpli öwrenilmäge degişlidir.