«Şagadam» we «Ahal» toparlary häzirki wagtda Aşgabatda dowam edýän Türkmenistanyň Futbol federasiýasynyň 2026-njy ýyl Kubogynyň ýarym finalyna çykdy. Bu «A» toparyň jemleýji oýunlarynyň netijeleri boýunça kesgitlendi.
Birinji oýnuň köp bölegini azlykda oýnan «Ahal» garaşylmadyk ýagdaýda Balkanabadyň «Nebitçi» toparyndan 1:2 hasabynda utuldy. Hasaby 26-njy minutda «Ahalyň» oýunçysy Aşyr Jumadurdyýew topy öz derwezesine girizmek bilen açdy. 35-nji minutda oýnuň emini N.Garajaýew Wezirgeldi Ylýasowy meýdançadan çykaryp, balkanly topary azlykda goýdy we onuň derwezesine jerime urgusyny yglan etdi. Bir minutdan soň Magtymberdi Berenow jerime urgusyny ýerine ýetirmek bilen, hasaby deňledi – 1:1.
Arakesmeden soň, 56-njy minutda Baýramgeldi Nurlyýew «Ahalyň» derwezesine ikinji topy saldy, bu-da «Nebitçi» üçin ýeňiş goly boldy.
Başga bir duşuşykda «Şagadam» paýtagtyň «Köpetdag» toparyny 1:0 hasabynda utdy. Aýgytlaýjy goly 31-nji minutda Didar Nazjanow geçirdi. Bu ýeňiş bilen «Şagadam» ýedi utuk gazandy we birinji orundan ýarym finala çykdy. Ýaryş jedweliniň ikinji setirinde, «Nebitçiden» utulmagyna garamazdan, dört utukly «Ahal» galdy, bu bolsa «Türkmennebitönümleri» Baş müdirliginiň toparyna ýarym finala çykmaga mümkinçilik berdi.
Ýarym finalda «Ahal» «B» toparynda wagtyndan öň birinji orny eýelän «Arkadag» bilen duşuşar. «Şagadamyň» ýarym finaldaky garşydaşy bolsa «B» toparyň jemleýji oýunlarynyň netijesi boýunça kesgitlener. Köpugurly «Aşgabat» stadionynyň merkezi meýdançasyna ilkinji bolup, «Arkadag» bilen «Merw» çykar, soňra «Aşgabat» bilen Türkmenistanyň ýaşlar (20 ýaşa çenli) ýygyndy toparynyň arasynda ýüzbe-ýüz duşuşyk geçiriler. Soňky duşuşykda-da ýaryşyň soňky ýarym finalçysy kesgitlense gerek. Soňky ýaryşyň öňýanynda Türkmenistanyň ýaşlar ýygyndy toparyndan iki utuk öňde barýan «Aşgabada» ýarym finala çykmak üçin deňme-deň oýnamagam ýeterlik bolar.
Ýarym final oýunlary 10-njy martda geçiriler. Türkmenistanyň Futbol federasiýasynyň 2026-njy ýyl Kubogynyň ýeňijisi bolsa 12-nji martda belli bolar.