Ï Şekillendiriş sungaty muzeýi: garaşylmadyk sowgatly sergi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Şekillendiriş sungaty muzeýi: garaşylmadyk sowgatly sergi

view-icon 163
Şekillendiriş sungaty muzeýi: garaşylmadyk sowgatly sergi
camera-icon
Hasan Magadow

Şekillendiriş sungaty muzeýinde Halkara zenanlar güni mynasybetli türkmen we daşary ýurtly suratkeşleriň eserleriniň sergisi üstünlikli geçdi. Işler üçin dört sany sergi zaly ulanyldy.

Muzeýiň atrium zaly janly we emeli güllerden düzülen kompozisiýalar bilen bezeldi, bu bolsa baharyň we gözelligiň baýramçylyk ruhuny döretdi. Sergi zallarynyň birinde gadymy saz gurallarynda ýerine ýetirilýän saz ýaňlanýardy. Sekiz sany gyz – 8-nji mart sanyny alamatlandyryp – owadan türkmen milli lybaslarynda muzeýiň ikinji gatyndan düşüp, döwrebap egin-eşik kolleksiýasyny görkezdiler.

Bu ilkinji garaşylmadyk sowgat boldy, emma myhmanlara öňde has-da täsin ikinji sowgat garaşýardy. Muzeýiň zallarynyň birinde Gündogaryň zarba sungaty mekdebiniň meşhur okuwçysy, ilkinji türkmen ussat suratkeşi Bäşim Nuraly «janlandy». Çeperçilik akademiýasynyň talyby Jumamyrat Gurbanow ilkinji suratkeşiň suratyndaky ýaly kostýum geýip, Bäşim Nuralynyň keşbinde çykyş etdi. Suratkeşiň belli suratlarynyň arasynda surat çekmek boýunça ussatlyk sapagy geçirildi. Şeýle hem sungat mekdebiniň beýleki talyplary Olga Mizgirýowanyň we Sergeý Beglarowyň suratlarynyň esasynda heýkeltaraşlyk we keramika boýunça ussatlyk sapaklary geçirildi.

Ýene bir garaşylmadyk sowgat Türkmenistanyň halk suratkeşi Dursunsolmaz Muhammedowanyň ekspozisiýasy boldy. Ol bu ýerde üç keşpde çykyş etdi – keramika ussady, florist-suratçy we dizaýner hökmünde. Suratkeş ajaýyp owadan gülleriň fonunda ussatlyk bilen ýasan keramika işlerini görkezdi we bu onuň döredijilik işlerini tomaşaçylar üçin has-da özüne çekiji etdi.

Keramika önümleriniň uly kolleksiýasyny Gulara Babaýewa hödürledi. Onuň döreden nepis gaplary häzirki zaman we milli reňk öwüşginleriniň bezeg nagyşlary bilen tapawutlanýar, olar, köplenç, ýagty reňklerde ýerine ýetirilýär. Gulara Babaýewanyň özboluşly stili örän tanalýar.

Bahar Pirgulyýewanyň halylary, haly önümleri we gobelenlerden düzülen ekspozisiýasy zenan bagşynyň aýdymlary bilen utgaşdy. Aýjemal Saryýewanyň okuwçysy türkmen şaý-sepleriniň görkezilişi wagtynda öz işiniň üstünde işlemegini dowam etdirdi.

Çarymyrat Ýazmyradow «Dört pasyl» atly surat sergisini hödürledi. Suratkeşiň çeken dört zenany ýylyň dört paslynyň her birini alamatlandyrýar. Gunça Myradowa bolsa ajaýyp köýneklerde türkmen gözelleriniň dört portretini görkezdi.

8-nji martyň halkara baýramçylygydygyny ýatlatmak üçin diňe bir türkmen suratkeşleriniň däl, eýsem, halkara suratkeşleriniň hem zenanlar baradaky suratlarynyň sergisi geçirildi. Şeýlelikde, muzeýiň hemişelik ekspozisiýalaryndan birnäçe eser hem bu gezekki sergä goşuldy. Olaryň arasynda Nazar Ýomudskiniň «Aýalymyň portreti», Walentin Serowyň «Zenan portreti» we fransuz suratkeşi Eduard de Bürüň şol atdaky eseri bar.

Halkara zenanlar güni mynasybetli Şekillendiriş sungaty muzeýinde geçirilen bu sergi sungaty söýüjiler üçin ýatdan çykmajak waka boldy.