Ï Adaty gymmatlyklar sahna dilinde
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Adaty gymmatlyklar sahna dilinde

view-icon 1368
Adaty gymmatlyklar sahna dilinde

Daşoguz şäherinde geçirilýän «Dünýäde ýaňlanýar ajap dessanym, toý tutýar Garaşsyz Türkmenistanym» atly dessançy bagşylaryň festiwalynyň geçiriljek günlerinde Nurmuhammet Andalyp adyndaky döwlet sazly drama teatrynyň döredijilik topary özüniň täze spektakly bilen çärä gatnaşyjylaryň göwnüni götermäge taýýarlyk görýär.

Teatryň awtorlaryny we aktýorlaryny «Goly sazly, tili sözli Görogly» atly sahna oýnuny goýmaga milli «Görogly» eposy ylham berdi. Sahna eseriniň režissýory Bekmyrat Hallyýew, edebi esasyny ýazan bolsa Ö.Daşgynowdyr.

Özboluşly folklor öwüşginlerine, janly sahna keşplerine we baý bezeglere ýugrulan bu sahna oýun türkmen halkynyň ebedi ahlak gymmatlyklaryny, şol sanda halkymyza gadymdan mahsus bolan açyk göwünliligi, parahatçylyk söýüjiligi hem-de pähim-paýhasy şöhlelendirip, sungatyň parahatçylyk döredijilik ukybyny açyp görkezýär.

Tomaşaçylaryň dykgatyna aktýorlyk ussatlygy bilen tans hereketleriniň we sazyň sazlaşygyny özünde jemleýän täsirli sahna oýny hödürlener.

Esasy keşpleri teatryň tanalýan artistleri bilen bir hatarda ýaş zehinler hem janlandyrýarlar.

Belläp geçsek, režissýor Bekmyrat Hallyýew özboluşly milli adatlarymyzy we däp-dessurlarymyzy beýan edýän köp sanly sahna oýunlary bilen tanalýandyr. Onuň işleri tomaşaçylar tarapyndan gyzgyn garşylanýar we köpçülikde uly gyzyklanma döredýär.