Ï Eýran Yslam Respublikasynyň Aşgabatdaky Medeniýet merkezinde mukaddes Gurhan sergisi guraldy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Eýran Yslam Respublikasynyň Aşgabatdaky Medeniýet merkezinde mukaddes Gurhan sergisi guraldy

view-icon 98
Eýran Yslam Respublikasynyň Aşgabatdaky Medeniýet merkezinde mukaddes Gurhan sergisi guraldy

Eýran Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň Medeniýet merkezinde mukaddes Remezan aýyna bagyşlanan sergi açyldy.

Bu ýerde sergä gelýänleriň dykgatyna hatdatlyk sungaty eserleri we dürli dillerde çap bolan dürli ölçegdäki Gurhan hödürlenýär. Açylyş dabarasyna Eýran Yslam Respublikasynyň Aşgabatdaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Aly Mojtäba Ruzbehani we Türkmenistanyň müftisi Ýalkap Hojagulyýew gatnaşdy.

Sergide esasy orny iň ownuk hatdat hatynda ýerine ýetirilip, Gurhanyň doly mazmunyny beýan edýän özboluşly surat eýeledi. Şeýle hem, bu ýerde suratly Gurhandan aýatlar we pars sufi şahyrlarynyň sözleri bilen bezelen, altyn çaýylan eserler-de görkezilýär.

Sergä gelenler Gurhanyň aýatlarynyň gelip çykyşy, olaryň manysy we golýazmalaryň taryhy, şeýle hem çeperçilik aýratynlyklary, el ýazuw uslyplary we dörediliş däpleri barada maglumat alyp bilerler. Çeperçilik akademiýasynyň talyplary we mekdep okuwçylary üçin hatdatlyk dünýäsine gezelenç guraldy.

Diplomatik edaranyň ýolbaşçysynyň nygtaýşy ýaly, Türkmenistan bilen Eýran umumy medeni gymmatlyklara eýedir.

«Her ýyl Oraza aýynda geçirilýän Mukaddes Gurhan sergisini guramak Gurhan medeniýetini giňden ýaýratmakda we ýaş nesliň ylahy ýol görkezmeler bilen has çuňňur tanyşmagy üçin zerur şertleri döretmekde möhüm ädimdir. Bu giňişlikde sungat, edebiýat we aýatlaryň çuňňur manylary birleşip, biziň kalbymyzy ylahy söze ýakynlaşdyrýar» diýip, diplomat belledi.

Pursatdan peýdalanyp, ilçi türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa we Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa medeni meselelere aýratyn üns berýändigi hem ynsanperwer gatnaşyklary ösdürmek ugrunda edýän tagallalary üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi.

«Şunuň ýaly bilelikdäki çäreleri geçirmek Eýran bilen Türkmenistanyň arasyndaky ruhy we doganlyk gatnaşyklaryň pugtalanmagyna goşant goşýar. Biziň serhetlerimiz hemişe parahatlyk, dostluk we doganlyk serhetleri bolar» diýip, Aly Mojtäba Ruzbehani sözüni jemledi.