Ï «Melodiýa» orkestriniň bahar çemeni
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

«Melodiýa» orkestriniň bahar çemeni

view-icon 159
«Melodiýa» orkestriniň bahar çemeni
«Melodiýa» orkestriniň bahar çemeni
«Melodiýa» orkestriniň bahar çemeni
«Melodiýa» orkestriniň bahar çemeni
«Melodiýa» orkestriniň bahar çemeni
«Melodiýa» orkestriniň bahar çemeni
«Melodiýa» orkestriniň bahar çemeni
«Melodiýa» orkestriniň bahar çemeni
«Melodiýa» orkestriniň bahar çemeni
«Melodiýa» orkestriniň bahar çemeni
«Melodiýa» orkestriniň bahar çemeni
«Melodiýa» orkestriniň bahar çemeni
«Melodiýa» orkestriniň bahar çemeni
«Melodiýa» orkestriniň bahar çemeni
«Melodiýa» orkestriniň bahar çemeni
«Melodiýa» orkestriniň bahar çemeni
«Melodiýa» orkestriniň bahar çemeni
«Melodiýa» orkestriniň bahar çemeni
camera-icon
Alekseý Gimalitdinow

«Watan» kinokonsert zalynda Halkara zenanlar gününe bagyşlanan baýramçylyk konserti uly üstünlik bilen geçdi. Bu täze «Melodiýa» orkestriniň halkyň öňüne ikinji çykyşydy, zalyň doly bolmagy bolsa orkestriň diňleýjisiniň köpdügini, olaryň sazandalara döredijilik başlangyçlarynda goldaw bermek üçin gelendiklerini görkezýärdi.

Konsert maksatnamasy Şasenem bilen Garybyň asyrlar aşyp gelen çuňňur söýgüsiniň nusgawy mysaly bilen açyldy. Daňatar Öwezow bilen Adrian Şapoşnikowyň «Şasenem – Garyp» operasyndan Garybyň ariýasyny Emir Baýramgeldiýew ylham bilen ýerine ýetirdi.

Waleriý Kanişşewiň «Eje jan» aýdymy bilen ýaş aýdymçy Mustafa Ýagşyýew we «Raduga» çagalar hor topary çykyş etdi. Aýdymçy bu täsirli çykyşdan soň orkestriň skripkaçylarynyň biriniň ýanyna bardy welin, onuň çykyşyny kime bagyşlandygy tomaşaçylara aýan boldy.

«Ýagyşda gezelenç» atly instrumental çykyş tomaşaçylary ýakymly haýran galdyrdy. Kompozitor Aýna Şirowa ýagyş damjalarynyň jülpüldisine türkmen äheňini siňdiripdir.

«Melodiýa» orkestriniň dirižýory Annaoraz Döwletow ýekelikde wiolonçelde saz çaldy. Ol «Alagaraňkylyk» filminiň sazyndan bir parçany ýerine ýetirdi. Üstünlikli çykyşdan soň, Annaoraz tomaşaçylaryň el çarpyşmalary astynda öň hatarda oturan zenanlara gül hödürläp, öz ejesine bir sebet gül sowgat berdi.

Maksatnamadaky galan çykyşlar mowzuklar boýunça bölünipdir: enä söýgi we janana söýgi. Mowzuklaryň ikisini-de tolgunma we galpyldy bilen Döwran Şammyýew, Bahar Durdyýewa, Emir Baýramgeldiýew, Ogulgerek Soltanmyradowa, Mustafa Ýagşyýew we Şirin Jumaýewa dagy beýan etdiler. Olar Andreý Babaýewiň «Täsin gözler», Leonid Agutiniň «Men hemişe ýanyňda bolaryn», Waleriý Meladzeniň «Owadan», Ýuliýa Sawiçewanyň «Ýürekde söýgi ýaşasa», Ýewgeniý Martynowyň «Ejemiň gözleri» aýdymyny we başga aýdymlary ýerine ýetirdiler.

Konserti tamamlanynda, Annaoraz Döwletow tomaşaçylary «Melodiýa» orkestriniň sazandalary bilen tanyşdyrdy, alyp baryjy Ýekaterina Darçiýa bolsa tomaşaçylara ýüzlenip, bu agşamyň her bir diňleýjiniň kalbynda mähirli duýgulary galdyrmagyny arzuw etdi.