«Arkadag» we «Şagadam» toparlary 2026-njy ýylyň Türkmenistanyň Futbol federasiýasynyň Kubogy ugrunda bäsleşerler. Bu «Aşgabat» köpugurly stadionynyň merkezi meýdançasynda geçirilen ýarym final duşuşyklarynyň netijeleri boýunça mälim boldy.
Ilkinji duşuşykda «Şagadam» topary «Aşgabat» toparyny 1:0 hasabynda ýeňdi. 32-nji minutda ýeňiş gazanan pökgini Akmämmet Metdäýew tora girizdi.
Ikinji duşuşykda Türkmenistanyň üç gezek çempiony «Arkadag» topary ýurdumyzyň wise-çempiony «Ahal» toparyndan 2:1 hasabynda üstün çykdy. Birinji ýarymda taraplaryň hiç biri üstünlik gazanyp bilmedi. Ikinji ýarymda «Türkmennebitönümleri» Baş müdirliginiň adyndan Daýanç Meredowyň (67-nji minut) we Meýlis Diniýewiň (71-nji minut) iki pökgüsine Süleýman Mirzoýewiň 85-nji minutda uran takyk urgusy jogap pökgi boldy.
Jemleýji oýun 12-nji martda geçiriler. Şol gün üçünji ýer ugrundaky bäsleşikde «Ahal» we «Aşgabat» toparlary duşuşarlar.
Ýaryşda ýene-de iki duşuşyk geçiriler: 5 – 6-njy orunlar üçin bäsleşikde «Köpetdag» we Türkmenistanyň 20 ýaşa çenli ýaşlar ýygyndy toparlary duşuşarlar, «Nebitçi» we «Merw» toparlary bolsa 7 – 8-nji orunlar üçin bäsleşerler.