Ï Milli bahar baýramyna bagyşlanan sergiler we beýleki medeni çäreler
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Milli bahar baýramyna bagyşlanan sergiler we beýleki medeni çäreler

view-icon 140
Milli bahar baýramyna bagyşlanan sergiler we beýleki medeni çäreler

Türkmenistan 21 – 22-nji martda bellenilip geçiljek Milli bahar baýramyna – Halkara Nowruz gününe bagyşlanan giň gerimli medeni çäreleri geçirmäge taýýarlyk görýär.

Esasy baýramçylyk dabaralary Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabyndaky «Nowruz ýaýlasynda» bolar. Baýramçylyk öňündäki hepdede ýurdumyzyň ähli welaýatlaryndaky «Türkmeniň ak öýi» binalarynyň öňünde mowzuklaýyn sergiler we baýramçylyk konsertleri guralar.

16-njy martda sagat 15:00-da Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýinde Milli bahar baýramyna bagyşlanan «Gelse Nowruz äleme» atly serginiň dabaraly açylyşy bolar. Sergide Nowruz baýramynyň köpasyrlyk däp-dessurlary, şol sanda durmuşyň güýjüniň we bahar paslynyň täzelenişiniň nyşany bolan, bugdaýyň dänesinden taýýarlanýan semeni tagamy barada giňişleýin maglumat berler.

Paýtagtymyzyň işewürlik durmuşyndaky möhüm wakalaryň biri hem 17 – 19-njy mart aralygynda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda geçiriljek sergi bolar. Bu sergi Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň döredilmeginiň 18 ýyllygyna bagyşlanar. Sergi meýdançasynda milli ykdysadyýetimizi ösdürmekde gazanylan esasy üstünlikler hem-de ýurdumyzyň hususy pudagynyň daşary ýurtlardan getirilýän önümleriň ornuny tutýan önümçilik ulgamyndaky gazananlary görkeziler.

Aşgabadyň teatrlary hem tomaşaçylar üçin baýramçylyk maksatnamasyny taýýarladylar:

Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Baş akademiki drama teatry:

14.03.2026: «Syrly sandyk» 19:00;

15.03.2026: «Gelinler» 19:00.

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatry:

13.03.2026: «Dünýäniň görki zenanlar» 19:00;

14.03.2026: «Dünýäniň görki zenanlar» 19:00.

Türkmenistanyň Alp Arslan adyndaky milli drama teatry:

14.02.2026: «Gumly gelin» 19:00;

15.03.2026: «Oýun bir – maza iki» 19:00.

A.S. Puşkin adyndaky döwlet rus drama teatry:

14.03.2026: «Supertowşan» 12:00;

14.03.2026: «Juwan kalbym joşanda» 19:00;

15.03.2026: «Çeburaşkany ogurlama» 11:00; 13:00;

15.03.2026: «Hindi söýgüsi» 19:00.

Türkmen döwlet gurjak teatry:

14.03.2026: «Baky rowaýatlar» 17:00;

14.03.2026: «Aşyklar» 19:00;

15.03.2026: «Bir towşanjyk bar eken» 12:00; 17:00;

15.03.2026: «Gülki agşamy» 19:00.