Ï Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi

view-icon 109
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi

Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşyna degişli birnäçe meselelere seredildi.

Ilki bilen, Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa ýurdumyzyň kanunçylygyny kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan işler barada maglumat berdi.

Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda Mejlisde adam hukuklaryny hem-de azatlyklaryny goramak, kärhanalarda, edaralarda, guramalarda buhgalterçilik hasaba alnyşyny we maliýe hasabatlylygyny döwrebaplaşdyrmak, önümçilik desgalarynyň howpsuzlyk derejesini ýokarlandyrmak, balyk gorlaryny we suwuň bioserişdelerini gorap saklamak, işiň aýry-aýry görnüşlerini ygtyýarlylandyrmakda ýüze çykýan gatnaşyklary düzgünleşdirmek, telekeçiligi ösdürmek, migrasiýa we gümrük gulluklarynyň işiniň netijeliligini ýokarlandyrmak bilen baglanyşykly hereket edýän kanunlara üýtgetmeleridir goşmaçalary girizmek boýunça işler alnyp barylýar.

Mejlisde Halkara Zähmet Guramasynyň Ýewropa we Merkezi Aziýa boýunça sebitleýin direktory bilen geçirilen duşuşygyň netijeleri barada aýdyldy. Mundan başga-da, milli parlamentiň wekilleri Birleşen Milletler Guramasynyň düzüm birlikleriniň ýurdumyzyň degişli döwlet edaralary bilen bilelikde guran okuw maslahatlaryna, duşuşyklaryna gatnaşdylar.

Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň kanunçylygyny döwrüň talabyna görä kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan işleri dowam etdirmegiň möhümdigini belledi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary H.Geldimyradow Türkmenistanyň daşary ykdysady işini mundan beýläk-de ösdürmek, şeýle hem ykdysady ugurly halkara guramalar, maliýe institutlary bilen hyzmatdaşlygy ilerletmek babatda geçirilýän işler barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, bu ugurda alnyp barlan işleriň netijesinde, “Türkmenistanyň daşary ykdysady işini ösdürmegiň 2026 — 2030-njy

ýyllar üçin Döwlet maksatnamasynyň”, “Türkmenistanyň ykdysady ugurdaky halkara guramalar bilen hyzmatdaşlygyny ösdürmek boýunça 2026 — 2028-nji ýyllar üçin Hereketleriň meýilnamasynyň”, “Türkmenistanyň halkara maliýe institutlary bilen bilelikdäki işi hakynda 2026 — 2028-nji ýyllar üçin “Ýol kartasynyň” taslamalary taýýarlanyldy. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyzyň garamagyna bu resminamalaryň taslamalary hödürlenildi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzyň daşary ykdysady hyzmatdaşlygynyň gerimini giňeltmek boýunça netijeli işleriň amala aşyrylýandygyny belledi hem-de ony mundan beýläk-de ösdürmek maksady bilen taýýarlanylan resminamalary makullap, wise-premýere degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary G.Agajanow türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň Hytaý Halk Respublikasyna amala aşyran dostluk saparynyň çäklerinde ýurdumyzyň nebitgaz toplumynyň ýolbaşçylarynyň Hytaýyň Milli nebitgaz korporasiýasynyň (СNPC) ýolbaşçylary bilen geçiren duşuşyklarynyň netijeleri barada hasabat berdi. Nygtalyşy ýaly, olaryň dowamynda gaz pudagynda hyzmatdaşlygy netijeli dowam etdirmek hem-de ösdürmek bilen baglanyşykly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer ýurdumyzyň gaz pudagyny has-da ösdürmek, onuň eksport mümkinçiliklerini giňeltmek, “Galkynyş” gaz käniniň dördünji tapgyryny özleşdirmek maksady bilen taýýarlanylan degişli resminamanyň taslamasyny döwlet Baştutanymyzyň garamagyna hödürledi hem-de bu möhüm taslamany durmuşa geçirmäge döredýän mümkinçilikleri üçin hormatly Prezidentimize we Gahryman Arkadagymyza tüýs ýürekden hoşallygyny beýan etdi.

Hormatly Prezidentimiz mejlise gatnaşyjylara ýüzlenip, ýakynda Milli Liderimiziň ýolbaşçylygyndaky ýurdumyzyň wekiliýetiniň Hytaý Halk Respublikasynda dostluk saparynda bolandygyny aýtdy hem-de bu saparynyň türkmen-hytaý hyzmatdaşlygyny ösdürmekde möhüm ähmiýetini belledi. Saparyň dowamynda netijeli duşuşyklar geçirilip, möhüm ylalaşyklar gazanyldy. Nebitgaz pudagyndaky hyzmatdaşlyk, hususan-da, “Galkynyş” gaz käniniň dördünji tapgyryny özleşdirmek boýunça hem gepleşikler geçirildi. Arkadagly Gahryman Serdarymyz bu taryhy taslamanyň amala aşyrylmagynyň ýurdumyzda tebigy gazyň çykarylyşyny has-da artdyrmaga, köp sanly täze iş orunlaryny döretmäge ýardam etjekdigini aýdyp, “Türkmengaz” döwlet konserniniň “Galkynyş” gaz käniniň dördünji tapgyryny özleşdirmegi hakynda Karara gol çekdi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz wise-premýere degişli tabşyryklary berdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýew ýurdumyzyň ekerançylyk meýdanlarynda dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işleri barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, bu işleriň çäklerinde bugdaý ekilen meýdanlarda mineral dökünler bilen iýmitlendirmek, ösüş suwuny tutmak işleri ýerine ýetirilýär. Azyklyk oba hojalyk ekinleriniň öndürilýän möçberini has-da artdyrmak we bu önümler bilen ilaty bolelin üpjün etmek barada öňde goýlan wezipelerden ugur alnyp, welaýatlarda ýeralma, gök-bakja ekinlerini ekmek, ekiş geçirilen ýerlerde ideg etmek işleri dowam edýär. Gowaça ekişini bellenen agrotehniki möhletlerde geçirmek maksady bilen, häzirki wagtda ekişde ulanyljak oba hojalyk tehnikalary, pagtaçy babadaýhanlar üçin gowaça tohumy möwsüme taýýar edildi. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer gowaça ekişine başlamagyň senesini belläp, oňa ak pata bermegi hormatly Prezidentimizden uly hormat bilen haýyş etdi.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, oba hojalyk pudagyny toplumlaýyn ösdürmegi we onuň işini kämilleşdirmegi dowam etdirmegi, bugdaý ekilen meýdanlarda ideg işlerini agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda alyp barmagy wise-premýere tabşyrdy. Arkadagly Gahryman Serdarymyz mejlise gatnaşyjylara ýüzlenip, gowaça ekişi möwsüminiň golaýlap gelýändigine ünsi çekdi. Hormatly Prezidentimiz bu möwsümiň pagtaçy babadaýhanlarymyzyň öňünde örän möhüm wezipeleri goýýandygyny belledi we ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda 25-nji martda gowaça ekişine başlamaga ak pata berdi. Döwlet Baştutanymyz hormatly ýaşululardan gowaça ekişine “bismilla” bilen başlap bermeklerini haýyş edip, edermen pagtaçy babadaýhanlara, ähli oba hojalyk işgärlerine alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Annamämmedow gözegçilik edýän toplumynda, hususan-da, Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrligi tarapyndan ýerine ýetirilýän işler barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda ministrligiň öňünde goýlan önümçilik meýilnamalaryny üstünlikli ýerine ýetirmek, onuň garamagyndaky kärhanalaryň bökdençsiz işledilmegini gazanmak, ýurdumyzda ýaýbaňlandyrylan gurluşyklary we milli ykdysadyýetimiziň pudaklaryny, ilaty zerur bolan ýokary hilli gurluşyk serişdeleri bilen ýeterlik derejede üpjün etmek üçin zerur işler alnyp barylýar. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer hormatly Prezidentimiziň garamagyna degişli teklibi hödürledi.

Arkadagly Gahryman Serdarymyz hasabaty diňläp, gurluşyk we senagat toplumynda öndürilýän önümleriň möçberini artdyrmak boýunça alnyp barylýan işleri dowam etdirmegiň möhümdigini belledi. Döwlet Baştutanymyz hereket edýän sement zawodlaryny doly güýjünde işletmek bilen bagly taýýarlanylan teklibi makullap, wise-premýere bu ugurda degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary N.Atagulyýew gözegçilik edýän toplumy tarapyndan alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Nygtalyşy ýaly, ýurdumyzyň içerki sarp ediş bazaryny azyk harytlary bilen doly üpjün etmek, olaryň bahalarynyň elýeterliligini saklamak, oba hojalyk we azyk senagaty kärhanalarynda önümçiligiň möçberini artdyrmak hem-de bu önümleri eksporta gönükdirmek boýunça zerur çäreler görülýär. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer bu ugurdaky işleri has-da kämilleşdirmek maksady bilen taýýarlanan teklibi döwlet Baştutanymyzyň garamagyna hödürledi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzda azyk bolçulygyny döretmek, azyk harytlarynyň üpjünçiligini has-da artdyrmak boýunça maksatnamalaýyn işleriň durmuşa geçirilýändigini belledi hem-de içerki sarp ediş bazaryny azyk harytlary bilen durnukly üpjün etmek maksady bilen taýýarlanylan teklibi makullap, wise-premýere degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Seýidowa “Turkmentravel — 2026” atly halkara syýahatçylyk sergisini we maslahaty geçirmek boýunça görülýän taýýarlyk işleri barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, sergini şu ýylyň aprel aýynda Aşgabat şäherinde geçirmek meýilleşdirilýär. Şeýle hem forumyň çäklerinde Bütindünýä Syýahatçylyk Guramasy tarapyndan okuw maslahatyny, “tegelek stoluň” başyndaky iş duşuşyklaryny, ylmy-amaly maslahaty geçirmek göz öňünde tutulýar. Häzirki wagtda foruma gatnaşmak isleýänleri hasaba almak işleri dowam edýär. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli teklibi hödürledi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzyň syýahatçylyk pudagyny ösdürmäge, bu ugurda halkara hyzmatdaşlygy berkitmäge uly ähmiýet berilýändigini belledi we wise-premýere paýtagtymyzda geçiriljek “Turkmentravel — 2026” atly halkara syýahatçylyk sergisine we maslahata gowy taýýarlyk görmek, ony ýokary derejede geçirmek babatda degişli tabşyryklary berdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Mämmedow “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany” ýylynda Bütindünýä saglyk güni mynasybetli ýurdumyzda bedenterbiýe-sport we sagdyn durmuş çärelerini geçirmek boýunça alnyp barylýan taýýarlyk işleri barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, jemgyýetimizde sagdyn durmuş ýörelgelerini işjeň ornaşdyrmak, ýaş nesli sport bilen meşgullanmaga giňden çekmek, ilatymyzyň saglygyny berkitmek, bedenterbiýäni we sporty wagyz etmek maksady bilen köpçülikleýin welosipedli ýörişler, bedenterbiýe-sport çäreleri guralar. Şunuň bilen birlikde, ýurdumyzyň welaýatlarynda, Aşgabat we Arkadag şäherlerinde 1 — 7-nji aprel aralygynda ylmy-amaly maslahatlary, wagyz-nesihat, bedenterbiýe-sport, sagdyn durmuş we medeni çärelerini, umumybilim berýän orta mekdepleriň okuwçylarynyň, ýokary hem-de orta hünär okuw mekdepleriniň talyplarynyň, edara-kärhanalaryň işgärleriniň, türgenleriň gatnaşmaklarynda sportuň dürli görnüşleri boýunça ýaryşlary, dabaraly sport çärelerini geçirmek meýilleşdirilýär.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, Bütindünýä saglyk gününiň jemgyýetimizde sagdyn durmuş ýörelgelerini işjeň ornaşdyrmakda, sporty ösdürmekde möhüm ähmiýetini belledi. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz wise-premýere Bütindünýä saglyk güni mynasybetli ýurdumyzda sport, sagdyn durmuş çärelerini, köpçülikleýin welosipedli ýörişleri ýokary derejede geçirmäge gowy taýýarlyk görmegi tabşyrdy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Annaýew aragatnaşyk pudagynyň maddy-tehniki binýadyny has-da pugtalandyrmak boýunça ýerine ýetirilýän işler barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, hormatly Prezidentimiziň ozal beren tabşyryklaryndan ugur alnyp, häzirki wagtda bu ulgama döwrebap tehnologiýalar ornaşdyrylýar, sanly ykdysadyýeti ösdürmek, aragatnaşyk hyzmatlarynyň hilini ýokarlandyrmak, internet ulgamynyň gerimini giňeltmek, halkara üstaşyr maglumat geçirijilik mümkinçiligini artdyrmak boýunça giň gerimli işler durmuşa geçirilýär. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer hormatly Prezidentimiziň garamagyna degişli teklipleri hödürledi.

Arkadagly Gahryman Serdarymyz hasabaty diňläp, ýurdumyzda aragatnaşyk pudagynyň maddy-tehniki binýadyny berkitmek, döwrebap tehnologiýalary giňden ornaşdyrmak boýunça netijeli işleriň alnyp barylýandygyny belledi. Döwlet Baştutanymyz aragatnaşyk pudagyny kämilleşdirmek we bu ugurdaky hyzmatlaryň hilini ýokarlandyrmak boýunça taýýarlanylan teklipleri makullap, wise-premýere degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Hytaý Halk Respublikasyna dostluk saparynyň netijeleri barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, hormatly Prezidentimiziň alyp barýan daşary syýasatynda Hytaý Halk Respublikasy bilen hyzmatdaşlyk aýratyn orny eýeleýär. Gahryman Arkadagymyz köp ýyllaryň dowamynda HHR bilen syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-durmuş ugurlarynda gatnaşyklary ulgamlaýyn esasda ösdürmek boýunça uly işleri alyp barýar. Hormatly Prezidentimiz hem türkmen-hytaý gatnaşyklaryny has-da pugtalandyrmak ugrunda uly tagallalary edýär. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistan bilen Hytaýyň arasyndaky hemmetaraplaýyn strategik hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek maksady bilen, şu ýylyň 17 — 19-njy marty aralygynda Gahryman Arkadagymyz Hytaý Halk Respublikasyna dostluk saparyny amala aşyrdy.

Saparyň dowamynda türkmen halkynyň Milli Lideri bilen HHR-iň Başlygy Si Szinpiniň arasynda giňişleýin resmi duşuşyk geçirildi. Onuň dowamynda taraplar iki ýurduň arasyndaky köpugurly hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de pugtalandyrmak, ony hil taýdan täze tapgyra çykarmak bilen bagly meseleleriň uly toplumyna seretdiler. Daşary syýasat we diplomatiýa ugurlarynda iki döwletiň özara ynanyşmaga, hormat goýmaga esaslanýan gatnaşyklary barada bellenildi. Hytaý tarapy Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyny yzygiderli goldaýar. Öz gezeginde, Türkmenistan hem Hytaýyň öňe sürýän giň möçberli başlangyçlaryny doly goldaýar.

Ýurtlarymyz BMG-niň çäklerinde netijeli hyzmatdaşlygy alyp barýarlar. Hytaý tarapy Türkmenistanyň başlangyjy bilen BMG-niň Baş Assambleýasynyň kabul eden 29 sany Kararnamasynyň awtordaşlarynyň biri, Türkmenistan bolsa HHR-iň öňe süren 46 Kararnamasynyň awtordaşy bolup çykyş etdi. Şeýle hem gepleşikleriň dowamynda özara gyzyklanma bildirilýän sebit we halkara meseleler barada pikir alşyldy.

Ikitaraplaýyn söwda-ykdysady hyzmatdaşlykda uly tejribe toplandy. Şunda gaz pudagyndaky bilelikdäki işleriň nusgalyk derejesini bellemek bolar. Hytaý tarapy Türkmenistanda tebigy gazy çykarmak, ony harytlyk görnüşe getirmek we gazy ibermek ulgamlaryny döretmek boýunça giň möçberli işleri amala aşyrdy. Şunuň bilen baglylykda, “Galkynyş” gaz känini özleşdirmegiň täze tapgyry we gaz pudagynda hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek bilen baglanyşykly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Ulag pudagy-da ikitaraplaýyn ileri tutulýan ugurlaryň biri bolup durýar. Taraplar bu ugurda gatnaşyklary has-da pugtalandyrmagy maksat edinýändiklerini tassykladylar. Häzirki wagtda ulag-logistika hyzmatdaşlygyny giňeltmek, hususan-da, Gündogar — Günbatar ulag geçelgesini ösdürmek üçin täze mümkinçilikleriň açylýandygyny nazara almak bilen, bu ulgamda gatnaşyklary mundan beýläk-de işjeňleşdirmek barada ylalaşyk gazanyldy.

Söwda ulgamynda ikitaraplaýyn haryt dolanyşygynyň möçberini artdyrmak üçin degişli işleri geçirmegiň möhümdigi aýdyldy. Oba hojalyk pudagynda hyzmatdaşlygy ösdürmek maksady bilen, pagta we beýleki oba hojalyk ekinlerini ösdürip ýetişdirmek boýunça iki ýurduň hünärmenleriniň arasynda tejribe alyşmagy ýola goýmak hakynda pikir alşyldy. Ynsanperwer ulgamdaky hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak meselelerine hem üns berildi. Hususan-da, bilim we ylym ulgamlarynda hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek, bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmek barada bellenip geçildi.

Saparyň çäklerinde Gahryman Arkadagymyz Hytaýyň Milli nebitgaz korporasiýasynyň direktorlar geňeşiniň başlygy bilen duşuşyk geçirdi. Gepleşikleriň dowamynda gaz pudagyndaky ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk bilen baglanyşykly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Şeýle hem saparyň dowamynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri bilen Hytaý Halk Respublikasynyň daşary işler ministriniň arasynda duşuşyk geçirildi. Mundan başga-da, türkmen wekiliýetiniň agzalary hytaý tarapynyň wekilleri bilen 13 sany ikitaraplaýyn duşuşygy geçirdiler.

Wise-premýer, daşary işler ministri Ministrler Kabinetiniň şu günki geçirilýän mejlisinde hormatly Prezidentimiziň döwletimiziň ykdysady kuwwatyny mundan beýläk-de ösdürmek boýunça aýratyn möhüm meselä seredendigini hem-de şunuň bilen baglylykda, nebitgaz pudagyny ösdürmek, bu ugurda iri we uzak möhletleýin taslamany amala aşyrmak üçin örän ähmiýetli Karara gol çekendigini belledi. “Bu resminamanyň esasynda ýakyn geljekde durmuşa geçiriljek işleriň netijeleri Watanymyza, türkmen halkyna uly bähbitleri getirer, döwletimiziň we halkymyzyň köp ýyllaryň dowamynda abadançylygyny, gülläp ösüşini üpjün eder” diýip, R.Meredow aýtdy we bu taryhy waka bilen döwlet Baştutanymyzy hem-de Gahryman Arkadagymyzy Ministrler Kabinetiniň agzalarynyň adyndan tüýs ýürekden gutlady.

Döwlet Baştutanymyz “Galkynyş” gaz käniniň dördünji tapgyryny özleşdirmek boýunça gazanylan ylalaşygyň türkmen-hytaý gatnaşyklarynda täze tapgyry alamatlandyrýandygyny we ony ösdürmäge itergi berjekdigini belledi. Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň alyp barýan daşary syýasatynda Hytaý Halk Respublikasy bilen hyzmatdaşlygyň aýratyn orun eýeleýändigini, bu dostluk saparynyň hem iki ýurduň arasyndaky köpugurly hyzmatdaşlygy ösdürmekde möhüm ähmiýete eýe bolandygyny aýdyp, türkmen-hytaý gatnaşyklaryny ilerletmek boýunça alnyp barylýan işleri dowam etdirmegi tabşyrdy.

Soňra wise-premýer, daşary işler ministri R.Meredow Ýewropanyň täzeleniş we ösüş banky bilen ýurdumyzyň hyzmatdaşlygyny ösdürmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, Türkmenistan 1992-nji ýylda bu bankyň agzasy boldy. Häzirki wagta çenli bu düzüm bilen ýurdumyzyň maliýe ulgamyna häzirki zaman tejribesini ornaşdyrmak, söwdany, önümçiligi ösdürmek, kiçi we orta telekeçiligi goldamak boýunça 80-den gowrak taslama durmuşa geçirildi. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer, daşary işler ministri ýurdumyz bilen bu bankyň arasynda gatnaşyklary mundan beýläk-de pugtalandyrmak maksady bilen taýýarlanylan birnäçe teklipleri beýan etdi.

Hususan-da, Türkmenistan bilen bu bankyň 2026 — 2030-njy ýyllar üçin hyzmatdaşlygynyň täze Strategiýasynyň ugurlaryny gutarnykly görnüşde taýýarlamak teklip edilýär. Bu resminama döwlet edaralary we hususy kärhanalar tarapyndan amala aşyrylýan taslamalara uzak möhletli esasda düýpli maýa goýumlary çekmek üçin ygtybarly binýat bolar. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň maliýe we ykdysadyýet toplumyna girýän edaralaryň wekillerinden ybarat bolan iş toparyny döretmek maksadalaýyk hasaplanýar. Şeýle hem Ýewropanyň täzeleniş we ösüş banky bilen ulag-logistika ulgamyndaky hyzmatdaşlygy, hususan-da, ýurdumyzda demir we awtomobil ýollaryny gurmak, olaryň durkuny täzelemek boýunça taslamalary durmuşa geçirmek işini işjeňleşdirmek teklip edilýär.

Bu ugurda Ýewropa Bileleşiginiň «Global Gateway» strategiýasyna laýyklykda, ýurdumyza daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek üçin Ýewropanyň täzeleniş we ösüş banky bilen bilelikde ýakyn wagtda gepleşikleri geçirmek maksadalaýyk bolar. Şunuň bilen baglylykda, şu ýylyň mart-aprel aýynda Daşary işler ministrliginiň, Merkezi bankyň, Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň, Döwlet daşary ykdysady iş bankynyň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda Türkmenistanyň Ýewropanyň täzeleniş we ösüş banky bilen hyzmatdaşlygyny giňeltmek üçin iş meýilnamany taýýarlamak baradaky teklip beýan edildi.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, ýurdumyzyň abraýly maliýe institutlary we halkara banklar bilen hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga aýratyn ähmiýet berýändigini belledi hem-de Ýewropanyň täzeleniş we ösüş banky bilen hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça taýýarlanylan teklipleri makullap, bu ugurda degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.

Wise-premýer, daşary işler ministri pursatdan peýdalanyp, döwlet Baştutanymyzy Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine girişmeginiň şanly senesi mynasybetli ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlady. Bellenilişi ýaly, şu geçen ýyllaryň içinde hormatly Prezidentimiz türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň başlangyçlaryny üstünlikli dowam etdirip, Türkmenistanyň içeri we daşary syýasatynda döwlet hem halkara ähmiýetli ägirt uly işleri amala aşyrdy.

R.Meredow ata-babalarymyzyň «Toýlar toýa ulaşýar» diýen pähiminiň şu günlerde ýene bir gezek öz beýanyny tapýandygyny belläp, bu gün türkmen halkynyň ähli musulman ymmaty bilen Oraza baýramyny belleýändigini, bu ajaýyp baýramyň halkymyzyň däpleriniň, medeniýetiniň aýrylmaz bölegi bolup durýandygyny aýtdy. Ol ertir — 21-nji martda türkmen halkynyň beýleki doganlyk halklar bilen bilelikde Nowruz baýramyny belläp geçjekdigini aýdyp, bu baýramyň baharyň we täzelenişiň nyşany hökmünde täze maksatlara atarýandygyny nygtady hem-de pursatdan peýdalanyp, hormatly Prezidentimizi we Gahryman Arkadagymyzy Oraza hem-de Nowruz baýramy bilen tüýs ýürekden gutlady.

Soňra hormatly Prezidentimiz Ministrler Kabinetiniň agzalaryna ýüzlenip, şu gün ýurdumyzda Oraza baýramynyň giňden bellenip geçilýändigini, ertir bolsa Milli bahar baýramynyň — Halkara Nowruz gününiň dabaralandyryljakdygyny aýtdy. “Şeýle hem 21-nji martda ýurdumyzy bagy-bossanlyga öwürmek maksady bilen, ählihalk bag ekmek dabarasyna gatnaşarys” diýip, hormatly Prezidentimiz sözüni dowam etdi we pursatdan peýdalanyp, mejlise gatnaşyjylary, mähriban halkymyzy Milli bahar baýramy — Halkara Nowruz güni bilen tüýs ýürekden gutlady.

Mejlisde döwlet durmuşyna degişli başga-da birnäçe möhüm meselelere seredildi we olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly geçirilen mejlisini jemläp, oňa gatnaşanlara berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, berkarar Watanymyzyň gülläp ösmegi ugrunda alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.