Ï Türkmenistanyň Prezidenti bilen Pakistan Yslam Respublikasynyň Premýer-ministriniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Prezidenti bilen Pakistan Yslam Respublikasynyň Premýer-ministriniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik

view-icon 140

Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow bilen Pakistan Yslam Respublikasynyň Premýer-ministri Muhammad Şahbaz Şarifiň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi.

Söhbetdeşler mähirli salamlaşyp, birek-biregi we iki ýurduň dostlukly halkyny mukaddes Oraza baýramy, şeýle hem iki halkyň baý medeni mirasynyň aýrylmaz bölegi bolan Nowruz baýramy mynasybetli tüýs ýürekden gutladylar.

Premýer-ministr Muhammad Şahbaz Şarif Pakistanda Türkmenistanyň gazanýan ösüşlerine ýokary baha berilýändigini hem-de dostluga, deňhukuklylyga esaslanýan hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de ösdürilmegine möhüm ähmiýet berilýändigini aýdyp, Pakistan Yslam Respublikasynyň Prezidenti Asif Ali Zardariniň mähirli salamyny hem-de berk jan sagłyk, bagtyýarlyk baradaky arzuwlaryny ýetirdi.

Şeýle hem Premýer-ministr türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyza mähirli salamyny hem-de Oraza baýramy we Nowruz baýramy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny beýan etdi.

Döwlet Baştutanymyz hoşniýetli sözler üçin minnetdarlyk bildirip, Gahryman Arkadagymyzyň salamyny hem-de Oraza baýramy we Nowruz baýramy mynasybetli mähirli gutlaglaryny, şeýle hem öz adyndan dostlukly ýurduň döwlet Baştutanyna iň gowy arzuwlaryny beýan etdi.

Söhbetdeşligiň dowamynda bellenilişi ýaly, Pakistan Yslam Respublikasy bilen dostlukly we özara bähbitli gatnaşyklary ösdürmek Türkmenistanyň daşary syýasy strategiýasynyň ileri tutýan ugurlarynyň biri bolup durýar. Ýurtlarymyzyň arasyndaky syýasy-diplomatik gatnaşyklar täze mazmun bilen baýlaşdyrylýar we yzygiderli ösdürilýär. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Premýer-ministr Muhammad Şahbaz Şarifiň geçen ýylyň dekabr aýynda parahatçylyk we ynanyşmak ýyly mynasybetli Aşgabatda geçirilen Halkara forumyna gatnaşmagynyň munuň aýdyň mysaly bolup durýandygyny aýtdy hem-de pursatdan peýdalanyp, bu foruma gatnaşandygy üçin minnetdarlyk bildirdi.

Pakistanyň Premýer-ministri öz gezeginde paýtagtymyzda geçirilen halkara forumyň hem-de Türkmenistanyň ählumumy parahatçylygy we durnukly ösüşi üpjün etmäge gönükdirilen başlangyçlarynyň möhüm ähmiýetini belläp, bu halkara maslahata gatnaşmak üçin ýurdumyza amala aşyran saparyny hem-de hormatly Prezidentimiz bilen geçiren duşuşygyny ýakymly duýgular bilen ýatlaýandygyny aýtdy.

Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda Türkmenistan bilen Pakistanyň arasynda ähli ugurlarda, şol sanda syýasy-diplomatik, medeni-ynsanperwer, söwda-ykdysady, energetika we ulag ulgamlarda netijeli hyzmatdaşlyk işjeň ösdürilýär.

Premýer-ministr Muhammad Şahbaz Şarif Pakistanyň söwda-ykdysady gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmek üçin ähli tagallalary etmäge taýýardygyny aýtdy hem-de hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowy özi üçin islendik amatly wagtda sapar bilen Pakistana gelmäge çagyrdy.

Döwlet Baştutanymyz çakylyk üçin minnetdarlyk bildirip, iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklary has-da ösdürmäge we täze many-mazmun bilen baýlaşdyrmaga gönükdirilen başlangyçlary we tagallalary doly goldamaga taýýardygyny tassyklady.

Söhbetdeşligiň ahyrynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hem-de Premýer-ministr Muhammad Şahbaz Şarif birek-birege berk jan saglyk we döwlet işlerinde uly üstünlikleri, iki ýurduň dostlukly halklaryna bolsa rowaçlyk we abadançylyk arzuw etdiler.

Telefon arkaly söhbetdeşlik pakistan tarapynyň başlangyjy bilen geçirildi.