Ï Halkymyzyň ruhy we döredijilik kuwwaty — täze üstünlikleriň gözbaşy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Halkymyzyň ruhy we döredijilik kuwwaty — täze üstünlikleriň gözbaşy

view-icon 120

Geçen hepde türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz tarapyndan başy başlanyp, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýän döwlet maksatnamalarynyň netijeli amala aşyrylýandygyny görkezýän wakalara beslendi. Bu maksatnamalar Watanymyzy hemmetaraplaýyn ösdürmäge, ählumumy parahatçylygyň, abadançylygyň, rowaçlygyň bähbidine ykdysady hyzmatdaşlygy hem-de ynsanperwer gatnaşyklary giňeltmäge gönükdirilendir.

16-njy martda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýewiň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynda we welaýatlarda alnyp barylýan işler bilen baglanyşykly meselelere garaldy. Döwlet Baştutanymyz welaýatlaryň ekerançylyk meýdanlarynda möwsümleýin oba hojalyk işlerine gatnaşýan ähli düzümleriň sazlaşykly işiniň üpjün edilmeginiň zerurdygyny aýtdy we oba hojalyk işlerinde agrotehnikanyň kadalarynyň berjaý edilmeginiň ýurdumyzda azyk bolçulygyny üpjün etmek bilen bir hatarda, pudagy durnukly ösdürmäge hem ýardam berýändigini belledi. Hormatly Prezidentimiz welaýatlarda Milli bahar baýramy bolan Nowruz baýramy mynasybetli geçiriljek çärelere gowy taýýarlyk görmegi tabşyrdy.

Ýurdumyzyň ilatynyň Oraza we Milli bahar baýramlaryny dabaraly belläp geçmegi, oňat dynç almagy üçin oňaýly şertleri döretmek maksady bilen, döwlet Baştutanymyz 2026-njy ýylyň 22-nji martyndaky dynç gününi 23-nji marta — duşenbe gününe geçirmek hakynda Permana gol çekdi. Mundan başga-da, hormatly Prezidentimiz çagyryş boýunça harby gullugy geçýän harby gullukçylary Türkmenistanyň Ýaragly Güýçlerinden, beýleki goşunlaryndan we harby edaralaryndan harby gullukdan boşatmak we Türkmenistanyň raýatlarynyň harby gulluga nobatdaky çagyrylyşy hakynda Permana we ony ýerine ýetirmek maksady bilen Buýruga gol çekdi.

17 — 19-njy mart aralygynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpiniň çakylygy boýunça dostluk sapary bilen HHR-de boldy.

Saparyň dowamynda türkmen halkynyň Milli Lideri Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpin bilen resmi duşuşygy geçirdi. Onuň dowamynda iki ýurduň arasyndaky köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek we ony hil taýdan täze derejä çykarmak boýunça toplumlaýyn meselelere garaldy. Hususan-da, “Galkynyş” gaz käniniň täze tapgyryny özleşdirmek we gaz pudagynda hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de ösdürilmegi boýunça meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Ulag-logistika ulgamyndaky hyzmatdaşlyk, şol sanda Gündogar — Günbatar ulag geçelgesi boýunça täze mümkinçilikleriň açylýandygy göz öňünde tutulyp, bu ulgamdaky hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek boýunça ylalaşyk gazanyldy. Mundan başga-da, ikitaraplaýyn haryt dolanyşygynyň möçberini artdyrmak babatda degişli işleriň geçirilmelidigine üns çekildi.

Pagta önümçiligi we beýleki oba hojalyk ekinlerini ösdürip ýetişdirmek boýunça iki ýurduň hünärmenleriniň özara tejribe alyşmaklaryny ýola goýmak barada-da aýdyldy. Şeýle hem ynsanperwer, ylym-bilim ulgamlaryndaky hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek, bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmek boýunça meselelere üns çekildi.

Duşuşykda Gahryman Arkadagymyz hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň HHR-iň Başlygy Si Szinpine özi üçin islendik amatly wagtda ýurdumyza sapar bilen gelmäge iberen çakylyk hatyny gowşurdy.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow dostluk saparynyň çäklerinde Hytaýyň Milli nebitgaz korporasiýasynyň (CNPC) direktorlar geňeşiniň başlygy Daý Houlýan bilen duşuşdy. Onuň dowamynda gaz pudagyndaky ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Gahryman Arkadagymyz hyzmatdaşlyga 20 ýyl dolýandygyny belläp, bu şanly sene mynasybetli halkara ylmy-amaly maslahaty geçirmegi teklip etdi.

19-njy martda türkmen halkynyň Milli Lideri Hytaý Halk Respublikasyna dostluk saparynyň çäklerinde “Equuleus” halkara atçylyk toplumyna baryp gördi. Toplumyň hünärmenleri Hytaýda ahalteke tohum atlaryny idetmek işiniň türkmen seýisçilik däplerini we usullaryny utgaşdyrmak arkaly alnyp barylýandygyny bellediler. Gahryman Arkadagymyz türkmen halkynyň gadymdan gelýän däbine eýerip, bu ýerde ahalteke bedewiniň boýnuna alaja daňdy.

Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň agzalary we ahalteke bedewleriniň hytaýly muşdaklary bilen duşuşygyň dowamynda Milli Liderimiz türkmen we hytaý halklarynyň taryhynda bedew atlara uly ornuň degişlidigini belledi. Şu gezekki saparyň dowamynda Başlyk Si Szinpine Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan Gadyrly atly ahalteke bedewiniň sowgat hökmünde gowşurylandygyny aýdyp, Gahryman Arkadagymyz oňa 12 ýyl mundan ozal sowgat berlen ahalteke bedewiniň hem şol geçen döwrüň içinde ýurtlarymyzyň arasyndaky gatnaşyklaryň has-da pugtalandyrylýandygynyň özboluşly nusgasy bolandygyny nygtady.

Türkmen halkynyň Milli Lideri atlaryň gadymy mekany bolan Arkadag şäherindäki türkmen atçylyk infrastrukturasyna ünsi çekdi. Gahryman Arkadagymyz ýurdumyzda ahalteke atlary bilen bir hatarda, türkmen alabaýlarynyň hem ösdürilip ýetişdirilmegine uly üns berilýändigini belledi we isleg bildirýänleri Halkara “Türkmen alabaý itleri” assosiasiýasyna agza bolmaga çagyrdy. Halk Maslahatynyň Başlygy hytaý tarapyny Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň adyndan aprel aýynda geçiriljek Türkmen bedewiniň milli baýramyna hem-de onuň çäklerinde Türkmenistanyň Garaşsyzlyk gününe gabatlap guraljak ylmy-amaly maslahata gatnaşmaga çagyrdy.

Gahryman Arkadagymyz Hytaýyň «CGTN» teleýaýlymynyň esasy alypbaryjysy He Ýanke bilen bolan söhbetdeşliginiň dowamynda iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýy we hyzmatdaşlygyň geljekki ugurlary barada pikirlerini paýlaşdy.

19-njy martda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň halkymyz tarapyndan döwlet Baştutany hökmünde saýlanyp, wezipä girişmegine dört ýyl doldy. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanda Gahryman Arkadagymyzyň binýadyny goýan başlangyçlary mynasyp dowam etdirilýär.

20-nji martda hormatly Prezidentimiz sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşyna degişli birnäçe meselelere seredildi. Şolaryň hatarynda ýurdumyzyň kanunçylygyny kämilleşdirmek, daşary ykdysady hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek, gaz pudagynyň eksport mümkinçiliklerini artdyrmak, gurluşyk-senagat toplumynyň önümçiligini ýokarlandyrmak, aragatnaşyk ulgamynyň maddy-tehniki binýadyny berkitmek ýaly meseleler bar. Şeýle-de möwsümleýin oba hojalyk işleri, ýurdumyzyň içerki sarp ediş bazaryny azyk harytlary bilen doly üpjün etmek, bahalaryň elýeterliligini saklamak, oba hojalyk we azyk senagaty kärhanalarynda önümçiligiň möçberini artdyrmak, bu önümleri eksporta gönükdirmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berildi.

Döwlet Baştutanymyzyň garamagyna “Türkmenistanyň daşary ykdysady işini ösdürmegiň 2026 — 2030-njy ýyllar üçin Döwlet maksatnamasynyň”, “Türkmenistanyň ykdysady ugurdaky halkara guramalar bilen hyzmatdaşlygyny ösdürmek boýunça 2026 — 2028-nji ýyllar üçin Hereketleriň meýilnamasynyň”, “Türkmenistanyň halkara maliýe institutlary bilen bilelikdäki işi hakynda 2026 — 2028-nji ýyllar üçin “Ýol kartasynyň” taslamalary hödürlenildi.

Mejlisde döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda 25-nji martda gowaça ekişine başlamaga ak pata berdi we edermen pagtaçy babadaýhanlara, ähli oba hojalyk işgärlerine alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.

Aprel aýynda Aşgabat şäherinde “Turkmentravel — 2026” atly halkara syýahatçylyk sergisini we maslahaty, ýurdumyzyň welaýatlarynda, Aşgabat we Arkadag şäherlerinde 1 — 7-nji aprel aralygynda Bütindünýä saglyk güni mynasybetli bedenterbiýe-sport, sagdyn durmuş çärelerini geçirmek boýunça alnyp barylýan taýýarlyk işleri barada hasabatlar berildi.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Hytaý Halk Respublikasyna dostluk saparynyň netijeleri mejlisde esasy ara alnyp maslahatlaşylan mowzuklaryň hatarynda boldy. Gazanylan ylalaşyklara laýyklykda, hormatly Prezidentimiz Ministrler Kabinetiniň mejlisinde Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, “Türkmengaz” döwlet konsernine “Galkynyş” gaz käniniň dördünji tapgyrynyň çäginde ýylda 10 milliard kub metr harytlyk gazy taýýarlaýan desgany we şol möçberde harytlyk gazy taýýarlamak üçin ýeterlik boljak ulanyş guýularyny taslamalaşdyrmak hem-de doly taýýar edip gurmak barada Hytaý Halk Respublikasynyň “CNPC Amudarya Petroleum Company Ltd.” kompaniýasy bilen şertnama baglaşmaga ygtyýar berildi. Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, bu taryhy taslamanyň amala aşyrylmagy ýurdumyzda tebigy gazyň çykarylyşyny has-da artdyrmaga, köp sanly täze iş orunlaryny döretmäge ýardam eder.

Mejlisde Ýewropanyň täzeleniş we ösüş banky bilen ýurdumyzyň hyzmatdaşlygyny ösdürmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berildi.

20-nji martda türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz bilen Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi. Söhbetdeşler birek-biregi hem-de iki ýurduň doganlyk halklaryny ýetip gelen Oraza we Nowruz baýramlary bilen tüýs ýürekden gutladylar. Gahryman Arkadagymyzyň belleýşi ýaly, şeýle baýramlary bilelikde bellemek bilen, türkmen hem-de özbek halklarynyň arasynda dost-doganlyk, hoşniýetli goňşuçylyk, özara düşünişmek pugtalandyrylýar, dürli ulgamlarda hyzmatdaşlygy ösdürmäge täze itergi berilýär.

Milli Liderimiz Prezident Şawkat Mirziýoýewi şu ýylyň güýzünde Merkezi Aziýa döwletleriniň we Azerbaýjanyň Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşygyna hem-de GDA gatnaşyjy ýurtlaryň döwlet Baştutanlarynyň sammitine gatnaşmak üçin Türkmenistana gelmäge çagyrdy. Söhbetdeşler Söwda-ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-özbek hökümetara toparynyň netijeli işini kanagatlanma bilen bellediler. Ykdysady hyzmatdaşlykda energetika, ulag-aragatnaşyk, oba hojalygy we söwda ýaly pudaklar strategik ugurlaryň hatarynda görkezildi. Ylym, bilim, medeniýet ulgamlarynda gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmegiň zerurdygy nygtaldy.

20-nji martda türkmen halky ähli musulman ymmaty bilen bilelikde milli däp-dessurlarymyzyň, medeniýetimiziň aýrylmaz bölegi bolup durýan Oraza baýramyny belledi.

21-nji martda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow bilen Pakistan Yslam Respublikasynyň Premýer-ministri Muhammad Şahbaz Şarifiň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi. Söhbetdeşler birek-biregi we iki ýurduň dostlukly halklaryny mukaddes Oraza baýramy, şeýle hem iki halkyň baý medeni mirasynyň aýrylmaz bölegi bolan Nowruz baýramy mynasybetli tüýs ýürekden gutladylar.

Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda Türkmenistan bilen Pakistanyň arasynda ähli ugurlarda netijeli hyzmatdaşlyk işjeň ösdürilýär. Premýer-ministr Muhammad Şahbaz Şarif Pakistanyň söwda-ykdysady gatnaşyklary mundan beýläk-de ilerletmek üçin ähli tagallalary etmäge taýýardygyny aýtdy hem-de hormatly Prezidentimizi özi üçin islendik amatly wagtda sapar bilen Pakistana gelmäge çagyrdy.

Halkymyz Milli bahar baýramy — Halkara Nowruz gününi uly ruhubelentlik bilen belledi. Bu baýramçylyk mynasybetli esasy dabaralar, däp bolşy ýaly, Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabyndaky “Nowruz ýaýlasynda” ýaýbaňlandyryldy. Baýramçylyk dabaralaryna Hökümet agzalary, Mejlisiň, dürli ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň, Türkmenistanda işleýän daşary ýurtlaryň we halkara guramalaryň diplomatik wekilhanalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylarydyr wekilleri gatnaşdylar. Şeýle hem baýramçylyk dabaralaryna 30-a golaý döwletden syýahatçylaryň 220-den gowragy myhman boldy.

Özboluşly folklor-tans çykyşlary, milli lybaslar, aýdymlar we sazlar, milli amaly-haşam, şekillendiriş sungaty eserleriniň sergisi, türkmen aşhanasynyň köpdürli tagamlary, gyzykly milli oýunlar, ýaryşlar, meşhur “Galkynyş” milli at üstündäki oýunlar toparynyň görkezme çykyşlary türkmen halkynyň gaýtalanmajak medeni mirasynyň baý öwüşginini, onuň ajaýyp zehinini we ýokary döredijilik ruhuny açyp görkezdi.

21-nji martda Nowruz baýramy mynasybetli ählihalk bag ekmek dabarasy geçirildi. Asylly däbe görä, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow paýtagtymyzyň günorta bölegindäki tokaý zolagynda bag nahalyny oturdyp, Watanymyzy bagy-bossanlyga öwürmek boýunça giň gerimli maksatnamany amala aşyrmagyň nobatdaky tapgyryna badalga berdi.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň gatnaşmagynda Arkadag şäherinde ählihalk bag ekmek dabarasynyň ýazky möwsümine badalga berildi. Şol gün ählihalk ekologiýa çäresiniň dowamynda ýurdumyz boýunça 611 müň 962 düýp bag nahaly ekildi. Şunuň bilen birlikde, seýilgähleri we tokaý zolaklaryny arassalamak, abadanlaşdyrmak işleri bilen bir hatarda, jemi 2 million 24 müň 240 düýp baga ideg edildi.

Geçen hepde paýtagtymyzda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň döredilmeginiň 18 ýyllygy mynasybetli giň gerimli sergi geçirildi. Gurluşyk serişdelerini we elektrik enjamlary öndürmekde, oba hojalygynda, azyk, gaýtadan işleýän, ýeňil senagatda, durmuş we ýöriteleşdirilen himiýa önümleriniň, mebelleriň, öý harytlarynyň önümçiliginde, ulag-logistika ulgamynda, söwda, durmuş hyzmatlarynda, amaly-haşam sungatynda, sporty ösdürmekde, neşirýat işinde we poligrafiýada ýöriteleşen kompaniýalaryň ýüzlerçesi importyň ornuny tutýan önümleri öndürmekde we Watanymyzyň eksport kuwwatyny berkitmekde gazanan üstünliklerini görkezdi. Arkadag şäheriniň lukmançylyk klasteriniň mümkinçiliklerine aýratyn üns çekildi.

Gözden geçirilişiň çäklerinde «Türkmenistanyň geljegine maýa goýumlar» atly halkara forum geçirildi. Bu forum ýurdumyzyň hususy pudagynyň maýa goýum mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşmak, tejribe alyşmak we döwlet bilen hususy pudagyň arasyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin möhüm meýdança öwrüldi.

19-njy martda Diýarymyzda täze döredilen etraplaryň halk maslahatlarynyň agzalygyna hem-de ygtyýarlyk möhletinden öň çykyp giden Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň, welaýat, etrap, şäher halk maslahatlarynyň we Geňeş agzalarynyň saýlawlary boýunça möhletinden öň ses bermek başlandy. Türkmenistanyň Saýlaw kodeksiniň 73-nji maddasyna laýyklykda, bu işler, ilkinji nobatda, uzak möhletli iş saparyna ýa-da dynç alşa gidýän, şeýle hem saýlawlaryň geçirilýän gününde — 29-njy martda, dürli sebäplere görä, mynasyp dalaşgäre ses bermek üçin degişli saýlaw uçastoklaryna baryp bilmejek raýatlar üçin göz öňünde tutulandyr.

Şeýlelikde, geçen hepdäniň wakalary hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň ýurduň kuwwatly ykdysady mümkinçiliklerine, özara bähbitli halkara hyzmatdaşlygyna, türkmen halkynyň güýç-kuwwatyna we ruhy gymmatlyklaryna esaslanýan içeri hem-de daşary syýasatynyň yzygiderli häsiýete eýedigini aýdyň şöhlelendirdi.