Ï Türkmenistanda 25-nji martda gowaça ekişi başlanar
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanda 25-nji martda gowaça ekişi başlanar

view-icon 358

Agrosenagat toplumyny ösdürmegiň meseleleri Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisiniň esasy mowzuklarynyň birine öwrüldi.

Maslahatyň dowamynda wise-premýer T.Atahallyýew ýazky meýdan işlerine doly taýýarlyk barada hasabat berdi. Ýokary hilli tohumlar, şeýle hem ekiş möwsüminde ulanyljak oba hojalyk tehnikalary we enjamlar ýurdumyzyň pagtaçylary üçin öz wagtynda taýýarlanyldy.

Türkmenistanyň Prezidenti 25-nji martda ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda gowaça ekişine başlamaga ak pata berdi. Däp bolşy ýaly, döwlet Baştutanymyz hormatly ýaşululardan gowaça ekişine «bismilla» bilen başlap bermeklerini haýyş edip, edermen pagtaçy babadaýhanlara, ähli oba hojalyk işgärlerine alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.

Mundan başga-da, bugdaý ekinlerine ideg etmekde agrotehniki kadalaryň berk berjaý edilmegi boýunça degişli tabşyryklar berildi.