Ï Müňýyllyklaryň jümmüşinden gözbaş alýan Hindistan – Türkmenistan gatnaşyklary şu gün täze many-mazmuna eýe bolýar
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Müňýyllyklaryň jümmüşinden gözbaş alýan Hindistan – Türkmenistan gatnaşyklary şu gün täze many-mazmuna eýe bolýar

view-icon 33
Müňýyllyklaryň jümmüşinden gözbaş alýan Hindistan – Türkmenistan gatnaşyklary şu gün täze many-mazmuna eýe bolýar

Halklaryň arasyndaky gatnaşyklar köplenç diňe soňky onýyllyklar bilen däl-de, eýsem asyrlaryň dowamynda kemala gelen umumy medeni gymmatlyklar bilen hem ölçelýär. Hindistan Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Bandaru Wilsonbabu «Altyn asyr» elektron gazetiniň habarçysynyň soraglaryna jogap berip, Nýu-Deli bilen Aşgabadyň arasyndaky häzirki zaman gatnaşyklary baradaky garaýyşlaryny paýlaşdy. Ol özygtyýarly döwletleriň gatnaşyklarynyň düýp esasyny gadymyýetiň iki beýik siwilizasiýasynyň arasyndaky dialogyň düzýändigini aýratyn nygtady.

Diplomatik wekilhananyň ýolbaşçysy häzirki zaman taryhy statusy boýunça Hindistanyň we Türkmenistanyň (degişlilikde, 1947-nji we 1991-nji ýyllarda Garaşsyzlyga eýe bolan) ýaş döwletlerdigine garamazdan, olaryň ruhy doganlygynyň kökleriniň has alys geçmişden gaýdýandygyny ýatlatdy.

«Hindistan hem, hut Türkmenistan ýaly, taryhy bäş müň ýyldan gowrak döwre uzaýan siwilizasiýadyr. Hind derýasynyň jülgesiniň halklary bilen gadymy Türkmenistanyň arasynda mundan bäş müň ýyl ozal hem işjeň söwda we medeni gatnaşyklaryň bolandygyna şaýatlyk edýän subutnamalar bar» diýip, jenap ilçi belledi.

Şu günki günde Hindistan Türkmenistanda diňe bir diplomatik düzümi bilen däl, eýsem türkmen raýatlarynyň onuň baý mirasyna bolan uly gyzyklanmasy bilen hem meşhurdyr. Diplomat filmleriň, sazyň, ýoganyň we aýurwedanyň Türkmenistanyň medeni durmuşynyň aýrylmaz bölegine öwrülendigini aýtdy.

Şu nukdaýnazardan, bu gyzyklanmanyň institut derejesinde goldanylýandygy bellenildi. Hususan-da, «Bagtyýarlyk» sport toplumynda ýerleşýän Ýoga we adaty lukmançylyk merkezi üstünlikli işleýär. Şu ýylyň ýanwar aýynda Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynda hindi dilini öwrenmek üçin hindi dili okuw otagy dabaraly ýagdaýda açyldy. Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetinde bolsa aýurweda boýunça ýöriteleşdirilen otag işe girizildi.

«Ilçihananyň geljek ýyl üçin meýilnamalarynda hindi dilini we adaty lukmançylygyň esaslaryny okatmak üçin Hindistandan öňdebaryjy hünärmenleri çagyrmak göz öňünde tutulýar. Bu bolsa hyzmatdaşlygy akademiki derejä çykarmaga mümkinçilik berer» diýip, Bandaru Wilsonbabu aýtdy.

Gürrüňdeşligiň barşynda ynsanperwer hyzmatdaşlyga aýratyn üns berildi. Hindistan Türkmenistanyň hünärmenler mümkinçiligini ösdürmek ugrunda işjeň hyzmatdaşlyk edýär. Her ýyl ýüzlerçe türkmen talyby ýokary bilim almak üçin Hindistanyň ýokary okuw mekdeplerini saýlaýar, bu bolsa hindi bilim ulgamynyň abraýynyň subutnamasydyr.

Ilçi şeýle hem hindi tarapynyň okuw maksatnamalaryny giňeltmäge we olary türkmen ykdysadyýetiniň anyk ugurlaryna uýgunlaşdyrmaga taýýardygyny nygtady. Hususan-da, nebitgaz pudagy we himiýa senagaty, derman senagaty we saglygy goraýşy, sanly tehnologiýalar hem-de bilim ýaly strategik taýdan möhüm pudaklarda döwlet gullukçylary üçin ýöriteleşdirilen okuwlary işläp düzmek barada gürrüň gidýär.

Bandaru Wilsonbabu hindi başlangyçlaryny goldaýandygy we ikitaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmäge goşýan uly goşandy üçin hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa hem-de türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa çuňňur hoşallygyny bildirdi.

«Hindistan Türkmenistana örän ýakyn hyzmatdaş hökmünde garaýar we dostlukly gatnaşyklary mundan beýläk-de berkitmek ugruna ygrarlydygyny tassyklaýar. Müňýyllyklaryň jümmüşinden gözbaş alýan bu dostluk şu gün täze many-mazmuna eýe bolýar» diýip, diplomatik wekilhananyň ýolbaşçysy sözüni jemledi.