Şu gün paýtagtymyzdaky “Arçabil” myhmanhanasynda Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygy mynasybetli “Ynsanperwerlik ýoly” ady bilen halkara maslahat geçirildi. “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany” ýylynyň şanly wakalarynyň many-mazmun taýdan baýlaşmagyny şertlendiren bu çäre ynsanperwer ýörelgeleriň dünýädäki ähmiýetiniň barha artýandygyny aýdyň görkezdi.
Halkara maslahata Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýetiniň (TGÝMJ), Halkara Gyzyl Haç Komitetiniň we Gyzyl Haç hem-de Gyzyl Ýarymaý jemgyýetleriniň halkara federasiýasynyň Türkmenistandaky wekilhanalarynyň ýolbaşçylary, dürli ýurtlaryň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýetleriniň wekilleri sanly ulgam arkaly gatnaşdylar. Forumda häzirki döwürde möhüm häsiýete eýe bolýan ynsanperwer ýörelgeleriň many-mazmuny barada gürrüň edildi.

Çärede dünýä ýurtlarynyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýetleri, Halkara Gyzyl Haç Komitetiniň we Gyzyl Haç hem-de Gyzyl Ýarymaý jemgyýetleriniň halkara federasiýasy bilen ýola goýlan hyzmatdaşlygyň ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy. Bu guramalar bilen alnyp barylýan bilelikdäki işler Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýetiniň işgärleriniň we meýletinçileriniň bilim derejesini ýokarlandyrmaga, özara tejribe alyşmaga şert döredýär.

Häzirki döwürde parahatçylyk, hoşniýetli goňşuçylyk ýörelgelerine esaslanýan daşary syýasat strategiýasyny durmuşa geçirýän Türkmenistan ählumumy gün tertibiniň wajyp meseleleriniň çözülmegine, şol sanda ynsanperwer ýörelgeleriňdir gymmatlyklaryň berkarar edilmegine gönükdirilen başlangyçlary öňe sürýär. Çykyşlarda bellenilişi ýaly, TGÝMJ-niň alyp barýan işleri Gyzyl Haç we Gyzyl Ýarymaý jemgyýetleriniň halkara federasiýasynyň ynsanperwerlik, özygtyýarlylyk, meýletinlik ýaly esasy ýörelgelerine laýyk gelýär. Bu bolsa kabul edilen çözgütleriň ýokary derejede amala aşyrylmagy ugrundaky bilelikdäki tagallalaryň aýdyň netijesidir.

Foruma gatnaşyjylar häzirki döwrüň wajyp meselelerini öz içine alan çäräniň ýokary guramaçylyk derejesiniň üpjün edilendigi üçin hormatly Prezidentimize we Gahryman Arkadagymyza çuňňur hoşallyklaryny beýan etdiler. Şeýle-de olar meýilleşdirilen çäreleriň häzirki zaman talaplaryna laýyk derejede amala aşyrylmagy ugrunda bilelikdäki tagallalaryny gaýgyrmajakdyklaryna ynandyrdylar.