Ï Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasarynyň Gruziýanyň Premýer-ministri bilen duşuşygy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasarynyň Gruziýanyň Premýer-ministri bilen duşuşygy

view-icon 157
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasarynyň Gruziýanyň Premýer-ministri bilen duşuşygy

2026-njy ýylyň 30-njy martynda Türkmenistanyň wekiliýetiniň Gruziýa resmi saparynyň çäklerinde wekiliýetiň ýolbaşçysy, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary N.Atagulyýew Gruziýanyň Premýer-ministri I.Kobahidze bilen duşuşdy.

N.Atagulyýew Türkmenistanyň Prezidenti Onuň Alyhezreti Serdar Berdimuhamedowyň hem-de Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Onuň Alyhezreti Gurbanguly Berdimuhamedowyň gyzgyn salamlaryny we iň gowy arzuwlaryny ýetirdi.

Duşuşygyň dowamynda taraplar iki ýurduň arasyndaky dostlukly gatnaşyklaryň we netijeli hyzmatdaşlygyň depginli ösýändigini kanagatlanma bilen bellediler. Şeýle hem köptaraplaýyn görnüşdäki hyzmatdaşlygyň çäklerinde, hususan-da, BMG-niň çäginde üstünlikli alnyp barylýandygy nygtaldy.

Duşuşyga gatnaşyjylar söwda-ykdysady, ulag-energetika we medeni-ynsanperwer ulgamlarynda hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegiň wajyp meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. Syýasy gepleşikleri çuňlaşdyrmakda we ýurtlaryň arasyndaky özara ynanyşmagy berkitmekde ýokary derejeli saparlaryň möhüm orna eýe bolýandygy aýratyn bellenildi.

Duşuşygyň ahyrynda taraplar dürli derejelerdäki gatnaşyklary dowamly alyp barmaga, şeýle hem gazanylan ylalaşyklary iş ýüzünde durmuşa geçirmekde boýunça ähli tagallalary etjekdiklerini tassykladylar.