Ï «Melodiýa» orkestriniň ýerine ýetirmeginde meşhur aýdymlar janly sesde ýaňlanar
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

«Melodiýa» orkestriniň ýerine ýetirmeginde meşhur aýdymlar janly sesde ýaňlanar

view-icon 65
«Melodiýa» orkestriniň ýerine ýetirmeginde meşhur aýdymlar janly sesde ýaňlanar

Aşgabat şäherindäki «Watan» kinokonsert merkezinde 25-26-njy aprelde wiýolonçelçi Annaoraz Döwletowyň ýolbaşçylygyndaky «Melodiýa» orkestriniň konserti bolar. Sazandalar «1990-njy we 2000-nji ýyllaryň hitleri» diýen täze maksatnamany hödürlärler. Onda geçen asyryň ahyrynyň we täze müňýyllygyň başynyň meşhur aýdymlary täzeçe öwüşginde ýaňlanar.

Konsertiň esasy maksady dürli nesilleriň saz muşdaklarynyň başyny birleşdirmekden ybaratdyr. Ýaşlyk ýyllary şol döwürlere gabat gelen diňleýjiler üçin bu çäre ilkinji ýazgyly magnitofonlaryň we tans meýdançalarynyň ýakymly ýatlamalaryna dolanmak bolsa, ýaş nesil üçin meşhur aýdymlary orkestriň janly ýerine ýetirmeginde diňlemäge ajaýyp mümkinçilikdir.

Agşamyň garaşylmadyk sowgatlarynyň biri hem «Güneş» toparynyň meşhur aýdymlarynyň täzeçe ýaňlanmagydyr. Rowaýata öwrülen döredijilik topary häzirki zaman owazlarynyň üsti bilen özüni ýene bir gezek ýatladar. Bu bolsa ritmleri şu güne çenli diňleýjileriň kalbynda ýaşaýan ansambla goýulýan uly hormatyň nyşanydyr.

Konsertde paýtagtymyzyň iň oňat aýdymçylary Döwran Şammyýew, Bahar Durdyýewa, Emir Baýramgeldiýew we Mustafa Ýagşyýew dagy çykyş ederler. Taslamanyň ýolbaşçysy, orkestriň skripkaçysy Selbi Ýagşyýewanyň belleýşi ýaly, «Watan» kinokonsert merkeziniň özüne çekiji gurşawy her bir tomaşaça bu sazly agşamyň bir bölegi bolmaga mümkinçilik berer.

Bu ýakymly sazly waka gatnaşmak isleýänler üçin telefon belgiler: 82-28-27, 30-49-68.