Ï Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumy: täze taryhy döwürde senagat taýdan ösüşiň nusgasy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumy: täze taryhy döwürde senagat taýdan ösüşiň nusgasy

view-icon 117

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda innowasion ösüş strategiýasyny durmuşa geçirýän Türkmenistan energetika taýdan kuwwatly döwlet hökmünde dünýädäki ornuny pugtalandyrýar. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe milli ykdysadyýetimiziň binýady bolan nebitgaz pudagy batly depginde ösdürilýär. Pudakda amala aşyrylýan giň möçberli özgertmeler baý tebigy serişdeleri çuňňur gaýtadan işlemäge, ýurdumyzyň eksport mümkinçiliklerini pugtalandyrmaga gönükdirilendir.

Nebitgaz pudagynda amala aşyrylýan iri maýa goýum taslamalary diňe bir ykdysady ähmiýete eýe bolman, eýsem, sebit we ählumumy energetika howpsuzlygyny pugtalandyrmakda hem möhüm wezipäni ýerine ýetirýär. Şunda durnukly ykdysady ösüş üçin täze infrastruktura taslamalaryny döretmek, pudagyň ägirt uly mümkinçiliklerinden netijeli peýdalanmak, ýokary hilli, bäsdeşlige ukyply, ekologik taýdan arassa önümlere bolan islegi göz öňünde tutup, onuň dünýä bazaryndaky ornuny berkitmek, energiýa tygşytlaýjy tehnologiýalary ornaşdyrmak, bu maksatlara ýetmek üçin öňdebaryjy nebitgaz kompaniýalary, abraýly maliýe düzümleri bilen işewürlik gatnaşyklaryny ýola goýmak esasy wezipeleriň hataryndadyr.

Häzirki wagtda Türkmenistanyň ykdysady strategiýasy milli ykdysadyýetimiziň okgunly ösüşiniň esasy şerti bolup çykyş edýär. Ýurdumyz ägirt uly serişde kuwwatyna daýanyp, nebitgaz toplumyny ýokary tehnologiýaly pudaga öwürmegini dowam etdirýär. Şunda çig mal eksportyndan uglewodorod serişdelerini çuňňur gaýtadan işlemäge geçilmegine aýratyn ähmiýet berilýär. Pudaga innowasion sanly ulgamlar, ekologik taýdan arassa çözgütler giňden ornaşdyrylýar. Bu bolsa önümçilik kuwwatlyklaryny yzygiderli artdyrmaga, halkara hil standartlaryna doly laýyk gelýän önümleri çykarmaga mümkinçilik berýär.

Uzak möhletli senagat ösüşi üçin ygtybarly binýat bolup durýan iri çig mal ýataklaryny tapgyrlaýyn özleşdirmäge-de üns berilýär. Bu işler öňdebaryjy dünýä tejribesini ulanmak arkaly alnyp barlyp, ýurdumyzyň gaýtadan işleýän kärhanalaryny çig mal bilen üznüksiz üpjün etmegi kepillendirýär. Bu ugurda döwlet syýasaty ýapyk aýlawly önümçiligi döretmäge gönükdirilendir. Şeýle önümçilikde çig mal köptapgyrly arassalaýyş ulgamyndan geçip, ýokary hilli önüme öwrülýär. Nebiti gaýtadan işleýän pudagy döwrebaplaşdyrmak Türkmenistany senagatlaşdyrmak boýunça durmuşa geçirilýän çäreleriň möhüm bölegidir. Häzirki zaman tehnologiýalarynyň ornaşdyrylmagy ýokary oktanly awtomobil ýangyjyndan, uçar kerosininden başlap, çalgy ýaglarynyň dürli görnüşlerine, suwuklandyrylan gaza çenli önümleriň dürli görnüşlerini öndürmäge mümkinçilik berýär. Önümçiligiň täze sepgitlerine çykylmagy maýa goýumlary çekmek, dünýäniň öňdebaryjy kompaniýalary bilen ýakyn hyzmatdaşlyk etmek arkaly üpjün edilýär.

Hazar deňziniň kenarynda ýerleşýän Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumyna bu strategiýada wajyp orun degişlidir. Bu iri toplum diňe bir senagat desgasy bolman, eýsem, ýurdumyzyň ykdysady kuwwatynyň, tehnologik taýdan garaşsyzlygynyň hem nyşany bolup durýar. Onuň ösüşi önümçiligi çuňňur diwersifikasiýalaşdyrmak, ekologik taýdan arassa tehnologiýalary ornaşdyrmak boýunça döwlet Baştutanymyzyň öňde goýan wezipeleri bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr. Döredilen wagtyndan başlap häzirki güne çenli toplum geçen asyryň tehnologik enjamlaryndan dünýä derejesindäki döwrebap nebithimiýa klasterine çenli taryhy ýoly geçdi. Garaşsyzlyk ýyllarynda toplumda geçirilen düýpli özgertmeler ony dünýä belli kompaniýalar bilen bäsdeşlik etmäge ukyply, ýokary tehnologiýaly kärhana öwürdi. Garaşsyzlygymyzyň her bir täze ýyly milli senagatymyzyň buýsanjy bolan bu toplumyň ýyl ýazgysyna şanly sahypalary ýazdy.

Zawodlar toplumynyň Türkmenbaşy şäherinde gurulmagynyň çuňňur strategik ähmiýeti bar. Deňiz ýollarynyň ýakyn bolmagy, kuwwatly port infrastrukturasy ony halkara ulag geçelgeleriniň çatrygyndaky wajyp merkeze öwürýär. Munuň özi türkmen önümlerini daşary ýurtlara dessin ibermäge mümkinçilik berip, ýurdumyzyň ählumumy energetika bazaryndaky ornuny pugtalandyrýar. Zawodlar toplumynyň ýurdumyz üçin ykdysady ähmiýeti ägirt uludyr. Toplum Döwlet býujetine daşary ýurt pullarynyň gelmegini üpjün etmek bilen bir hatarda, energetikadan başlap, gurluşyk, saglygy goraýyş ulgamlary ýaly beýleki pudaklaryň ösüşi üçin hem binýady döredýär. Döwletimiz tarapyndan berilýän goldaw esasynda bu ýerde Merkezi Aziýa sebitinde deňi-taýy bolmadyk taslamalar amala aşyrylýar.

Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumyny döwrebaplaşdyrmaga Ýaponiýanyň, Germaniýanyň, Fransiýanyň, Koreýa Respublikasynyň, ABŞ-nyň öňdebaryjy kompaniýalary gatnaşdylar. Iň täze tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagy nebiti çuňňur gaýtadan işlemäge mümkinçilik berýär. Munuň özi häzirki döwürde nebithimiýa senagatynyň netijeliligini alamatlandyrýan esasy görkezijidir. MSCC katalitik kreking tehnologiýasynyň ornaşdyrylmagy toplumy döwrebaplaşdyrmakda möhüm ädim boldy. Agyr nebit fraksiýalaryny gaýtadan işlemek üçin niýetlenen bu tehnologiýa zawoda çig maly gaýtadan işlemegiň 90 göterimden gowrak çuňlugyny gazanmaga mümkinçilik berýär. MSCC tehnologiýasynyň ulanylmagy bilen, çig maldan has köp mukdarda ýokary oktanly benzin we suwuklandyrylan gazy almak mümkindir. Munuň özi toplumy dünýäniň iň netijeli nebiti gaýtadan işleýän zawodlarynyň hataryna çykarýar.

Nebiti ilkinji tapgyrda gaýtadan işlemek boýunça ЭЛОУ-АТ-7 enjamynyň işe girizilmegi önümçilik kuwwatlyklaryny giňeltmekde ýene bir ädim boldy. Onuň taslama kuwwatlylygy ýylda 3 million tonna nebite deňdir. Bu bolsa önümçiligiň möçberini artdyrmak bilen çäklenmän, eýsem, çig maly duzlardan, garyndylardan arassalamaga-da mümkinçilik berýär. Çig malyň şeýle düýpli taýýarlanylmagy gymmat bahaly enjamlary goramakda we ahyrky önüm bolan ýangyjyň ýokary arassalygyny üpjün etmekde örän möhümdir. Elit kysymly ýol bitumynyň önümçiliginiň ýola goýulmagy kärhanada gazanylan üstünlikleriň biridir. Türkmen hünärmenleri daşary ýurtly bilermenler bilen bilelikde ýurdumyzyň toprak-howa şertlerine laýyk gelýän bitum düzümini işläp taýýarladylar. Bu bitum häzirki wagtda Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň gurluşygynda giňden ulanylýar. Şeýlelikde, Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumy ýurdumyzyň ýol-ulag infrastrukturasyny ösdürmäge hem mynasyp goşant goşýar.

Kärhanada öndürilýän ýangyjyň hiline aýratyn üns berilýär. Katalitik riforming we gidrousulda arassalamak üçin döwrebap enjamlaryň ornaşdyrylmagy arkaly zawodda Euro-5, Euro-6 halkara standartlaryna laýyk gelýän awtoulag benzini öndürilýär. Munuň özi diňe bir eksport bazarlarynyň talaby bolman, eýsem, döwletimiziň daşky gurşawy goramaga gönükdirilen ekologiýa syýasatynyň hem aýrylmaz bölegidir. Dizel ýangyjynyň gidrousulda arassalanylmagy önümde kükürdiň mukdarynyň 10 ppm-den az derejesiniň üpjün edilmegini kepillendirýär. Bu tehniki üstünlik türkmen dizel ýangyjyna berk ekologik talaplary bildirilýän Ýewropa bazarlarynda bäsdeşlik etmäge mümkinçilik berýär.

Zawodda önümleriň onlarça görnüşi, şol sanda ýokary oktanly benzin, ekologik taýdan arassa dizel ýangyjy, yşyklandyryş we uçar kerosini öndürilýär. Zawodyň köptapgyrly gözegçilik ulgamyndan geçýän, IATA-nyň halkara standartlaryna laýyk gelýän uçar ýangyjy ýurdumyzyň raýat awiasiýasynyň we üstaşyr geçýän ugurlaryň zerurlyklaryny doly üpjün edýär. Şeýle-de bu ýerde ýeňil senagatyň täze kärhanalaryny döretmek üçin esas bolan polipropileniň önümçiligi ýola goýuldy. Kuwwatlylygy ýylda 21 müň tonna deň bolan önümhanada dünýä ülňülerine laýyk gelýän polipropilen plýonkasy öndürilýär. Bu önüm daşary ýurtlardan getirilýän harydyň ornuny tutmak bilen, lukmançylyk, azyk we dokma senagaty pudaklarynda giňden ulanylýar. Ýokary hilli çalgy ýaglarynyň önümçiligi-de toplumyň işiniň möhüm ugry bolup durýar. Çig maly asfaltsyzlaşdyrmaga, selektiw usulda arassalamaga niýetlenen döwrebap enjamlar dürli şertlerde işlemäge ukyply binýatlyk ýaglary öndürmäge mümkinçilik berýär. Bu önümler dünýäniň öňdebaryjy kompaniýalarynyň enjamlary bilen üpjün edilen barlaghanalarda synagdan geçirilýär.

Toplumda suwuklandyrylan uglewodorod gazynyň önümçiligi işjeň artdyrylýar. Häzirki wagtda ekologik taýdan arassa bu ýangyja artýan islegi göz öňünde tutup, zawodlar toplumy suwuklandyrylan gazy saklamak we ýüklemek boýunça kuwwatlyklary yzygiderli giňeldýär. Döwrebap terminallar suwuklandyrylan gazy, şol bir wagtda demir ýol çeleklerine we deňiz tankerlerine guýmaga mümkinçilik berýär. Zawodda önümçiligi awtomatlaşdyrmak işi ýokary derejede ýola goýuldy. Çylşyrymly himiki reaksiýalar sanly ulgam arkaly hakyky wagt tertibinde dolandyrylýar. Toplumyň binýadynda döredilen Awtomatlaşdyrylan dolandyryş ulgamlary merkezinde ERP ulgamynyň ornaşdyrylmagy logistikany gowulandyrmaga, önümçiligi has netijeli alyp barmaga şert döredýär.

Zawodyň işiniň logistika ugry Türkmenbaşy Halkara deňiz porty bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr. Toplumyň deňiz portundaky terminallary nebit önümleriniň bökdençsiz eksportyny kepillendirýär, önümçiligiň alnyp barylýan ýerinden çekilen demir ýollar bolsa ýükleri sebitiň dürli ýurtlaryna dessin ibermäge mümkinçilik berýär. Ekologiýa ugry zawodlar toplumynyň işinde ileri tutulýar. Onda ýapyk aýlawly suw dolandyryş ulgamy we döwrebap arassalaýjy desgalar hereket edýär. Howanyň ýagdaýyna, Hazar deňziniň suwuna yzygiderli geçirilýän barlaglar daşky gurşawy goramak boýunça görülýän çäreleriň netijelidigini tassyklaýar.

Toplumda ýokary hünär derejeli inženerler, tehnologlar, işçiler zähmet çekýärler. Hünär bilimini üznüksiz dowam etdirmek ulgamy zawodyň işgärlerine dünýäniň öňdebaryjy merkezlerinde hünär derejesini ýokarlandyrmaga mümkinçilik berýär. Işgärleriň ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokarlandyrmaga hem uly üns berilýär. Olaryň maşgalalary üçin döwrebap ýaşaýyş toplumlary, çagalar baglary, lukmançylyk, sagaldyş merkezleri gurulýar. Munuň özi döwletimiziň durmuş ugurly syýasatynyň aýdyň netijesidir.

Nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda önümçiligi has-da giňeltmek meýilleşdirilýär. Nebitiň agyr galyndylaryny çuňňur gaýtadan işlemek üçin täze desgalary gurmak boýunça taslamalar häzirki wagtda işjeň durmuşa geçirilýär. Munuň özi arassa nebit önümleriniň öndürilýän möçberini has-da artdyrmaga, önümçiligiň girdejililigini ýokarlandyrmaga, daşky gurşawa ýetirilýän ekologik täsiri peseltmäge mümkinçilik berer. Ýurdumyzda “ýaşyl” himiýany ösdürmek, senagatda uglerod gazlarynyň daşky gurşawa zyňyndylaryny nol derejä ýetirmek mümkinçilikleri öwrenilýär. Şunda Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumyna önümçiligiň ekologik taýdan durnukly nusgalaryny ornaşdyrmak babatda meýdança hökmünde garalýar. Munuň özi Türkmenistanyň ekologiýa ulgamyndaky halkara borçnamalaryna doly laýyk gelip, milli senagatymyzyň ösüş häsiýetini görkezýär.

Zawodyň Gündogar — Günbatar we Demirgazyk — Günorta energetika geçelgelerini kemala getirmekde eýeleýän orny yzygiderli artýar. Ýokary hilli türkmen nebit önümleriniň durnukly eksporty sebit möçberinde energetika howpsuzlygynyň kepili bolup çykyş edýär hem-de özara bähbitli ykdysady hyzmatdaşlyk arkaly parahatçylygy, ynanyşmagy pugtalandyrmaga ýardam berýär. Uzak möhletleýin geljekde ýurdumyz nebitgaz toplumyny mundan beýläk-de diwersifikasiýalaşdyrmagy, senagat kooperasiýasyny çuňlaşdyrmagy maksat edinýär. Önümçiligiň möçberiniň yzygiderli artdyrylmagy we çykarylýan önümleriň görnüşleriniň giňeldilmegi ykdysady garaşsyzlygymyzy pugtalandyrmaga, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da ýokarlandyrmaga goşant goşar.

Synymyzy jemlemek bilen, Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň ýurdumyzyň senagat kuwwatynyň aýdyň nyşany bolup durýandygyny ynamly aýdyp bileris. Ol tebigy baýlyklary, alymlaryň zehinini we işgärleriň döredijilik kuwwatyny özünde jemläp, uglewodorod serişdelerini umumymilli baýlyga öwürýär. Täze taryhy eýýamda döwlet Baştutanymyzyň durmuşa geçirýän öňdengörüjilikli syýasaty netijesinde zawodlar toplumy ösüşini dowam etdirýär. Zawodda öndürilýän ýangyjyň we polimerleriň her bir tonnasy Watanymyzyň ykdysady kuwwatyna, röwşen geljegine goşantdyr. Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumy milli ykdysadyýetimizi durnukly ösüşiň täze gözýetimlerine alyp barýan esasy kärhanalaryň biri bolmagynda galýar.