Ï Türkmenistanyň wekiliýeti Sankt-Peterburg şäherinde geçirilýän Halkara ulag-logistika forumyna gatnaşýar
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň wekiliýeti Sankt-Peterburg şäherinde geçirilýän Halkara ulag-logistika forumyna gatnaşýar

view-icon 153
Türkmenistanyň wekiliýeti Sankt-Peterburg şäherinde geçirilýän Halkara ulag-logistika forumyna gatnaşýar

2026-njy ýylyň 1-nji aprelinde Sankt-Peterburg şäherinde Halkara ulag-logistika forumy öz işine başlady. Çäre 1-3-nji aprel aralygynda «Expoforum» kongres-sergi merkezinde geçirilýär. Foruma Türkmenistanyň demir ýol ulaglary ministriniň orunbasary Sylapberdi Nurberdiýewiň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti gatnaşýar.

Çäre halkara guramalarynyň, iri ulag we logistika kompaniýalarynyň, ýükleri daşamak işewürliginiň, şeýle hem port we ammar infrastrukturasynyň wekillerini bir ýere jemledi.

Foruma gatnaşyjylar halkara ulag geçelgeleriniň infrastrukturasyny, ýük we ýolagçy logistikasyny, syýahatçylygy, sanly hyzmatlary, innowasion çözgütleri ösdürmäge, ulag pudagyny kadalaşdyryjy-hukuk taýdan düzgünleşdirmäge, şeýle hem ählumumy ulag senagatynyň işine we geljegi uly bolan tehnologiýalary ornaşdyrmaga degişli meseleleri ara alyp maslahatlaşarlar.

Mälim bolşy ýaly, Türkmenistan köp ýyllaryň dowamynda ulag arabaglanyşygy we logistika özara arabaglanyşygy meseleleri boýunça ulgamlaýyn halkara dialogyny döretmek başlangyjyny öňe sürýär.

Ýurdumyzyň başlangyjy esasynda BMG-niň Baş Assambleýasy ulag hyzmatdaşlygy boýunça birnäçe Kararnamalary kabul etdi. 2016-njy ýylda Türkmenistanda BMG-niň Durnukly ulag ulgamy boýunça birinji ählumumy maslahaty geçirdi. Munuň özi ulag babatynda ulgamlaýyn halkara hyzmatdaşlygynyň esasyny goýdy.

Foruma Türkmenistanyň wekiliýetiniň gatnaşmagy ýurdumyzyň ulag ulgamyndaky gatnaşyklary pugtalandyrmak we tagallalary utgaşdyrmak boýunça netijeli işiniň dowamy bolup durýar.