Ï Şu günki üstünlikler — Watanymyzyň geljekki ösüşleriniň binýady
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Şu günki üstünlikler — Watanymyzyň geljekki ösüşleriniň binýady

view-icon 81

2026-njy ýylyň «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýen şygary halkymyzy Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk baýramyny uly zähmet ýeňişleri bilen garşylamaga, Gahryman Arkadagymyz tarapyndan başy başlanyp, hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda durmuşa geçirilýän giň gerimli özgertmeleriň üstünlikli amala aşyrylmagyna mynasyp goşant goşmaga ruhlandyrýar.

30-njy martda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow oba hojalyk ministri Ç.Çetiýewiň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynda we welaýatlarda alnyp barylýan işler bilen baglanyşykly meselelere garaldy.

Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda ekerançylar bugdaý ekinlerine ideg edýärler. Gowaça ekişini bellenilen agrotehniki möhletlerde, oba hojalyk tehnikalarynyň netijeli işledilmegi arkaly geçirmek üçin degişli çäreler görülýär. Ýeralma, gök-bakja, beýleki azyklyk ekinler ekilen meýdanlarda agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ideg işleri alnyp barylýar. Mundan başga-da, pile öndürmek boýunça meýilnamany üstünlikli ýerine ýetirmek, pile öndürijiler bilen şertnama baglaşmak işleri tamamlaýjy tapgyrda alnyp barlyp, ýüpek gurçugynyň tohumyny, idediljek jaýlaryny möwsüme taýýarlamak babatda degişli işler dowam edýär.

Hormatly Prezidentimiz oba hojalyk pudagynyň milli ykdysadyýetimizdäki möhüm ornuna ünsi çekdi we gowaça ekişiniň agrotehniki möhletlerde geçirilmegini, bugdaýa, gök-bakja ekinlerine ideg işleriniň talabalaýyk ýerine ýetirilmegini, pile öndürmek möwsümine guramaçylykly taýýarlyk görülmegini üpjün etmegi tabşyrdy.

Döwlet Baştutanymyz Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli Buýruga gol çekdi. Resminama laýyklykda, Aşgabat şäherinde 2026-njy ýylyň 25-nji aprelinde ahalteke atlarynyň halkara gözellik bäsleşigini hem-de olaryň gözelligini şekillendiriş we amaly-haşam sungatynyň eserlerinde, neşir önümlerinde, fotosuratlarda, teleýaýlymlarda çeper beýan etmek ugrunda suratkeşleriň, heýkeltaraşlaryň, halyçylaryň, zergärleriň, fotosuratçylaryň, neşirýat işgärleriniň, dizaýnerleriň, teleoperatorlaryň arasynda bäsleşikleri geçirmek bellenildi.

1-nji aprelde Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Serdar Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda harby we hukuk goraýjy edaralaryň şu ýylyň üç aýynda alyp baran işleriniň netijelerine seredildi. Şeýle hem Garaşsyz döwletimizde howpsuzlygy, asudalygy üpjün etmäge, harby we hukuk goraýjy edaralaryň maddy-enjamlaýyn binýadyny berkitmäge, işini has-da kämilleşdirmäge degişli meseleleriň birnäçesi ara alnyp maslahatlaşyldy.

Döwlet Baştutanymyz harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylarynyň hasabatlaryny diňläp, döwletimiziň goranmak ukybyny has-da berkitmek maksady bilen, Ýaragly Güýçlerimizi döwrebaplaşdyrmak, onuň maddy-enjamlaýyn binýadyny berkitmek boýunça alnyp barylýan işleri dowam etdirmegiň möhümdigini belledi. Hormatly Prezidentimiz goranyş häsiýetli Harby doktrinamyzyň talaplaryna laýyklykda, Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimiziň howpsuzlygyny, çäk bitewüligini ýokary derejede üpjün etmek, ýurdumyzyň goranmak ukybyny berkitmek, Watan goragçylarynyň, olaryň maşgala agzalarynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da ýokarlandyrmak boýunça yzygiderli çäreleriň durmuşa geçirilýändigini aýtdy hem-de bu işleriň mundan beýläk-de dowam etdiriljekdigini nygtady.

3-nji aprelde hormatly Prezidentimiz sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň mejlisini geçirdi. Onda şu ýylyň üç aýynda ýurdumyzda alnyp barlan işleriň jemleri jemlenildi.

Bellenilişi ýaly, hasabat döwründe jemi içerki önümiň ösüşi 6,3 göterim artdy, şol sanda ösüş depgini senagat pudagynda 2,4 göterime, gurluşykda 6 göterime, ulag-aragatnaşyk pudagynda 10,3 göterime, söwdada 8,3 göterime, oba hojalygynda 2,4 göterime, hyzmatlar ulgamynda 8,3 göterime deň boldy. Geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, şu ýylyň ýanwar — mart aýlarynda jemi öndürilen önüm 10,4 göterim artyp, ykdysadyýetiň pudaklarynda oňyn önümçilik netijeleri gazanyldy. Hasabat döwründe bölek satuw haryt dolanyşygy 10,4 göterim, daşary söwda dolanyşygy bolsa 3,7 göterim artdy. Şu ýylyň ýanwar — mart aýlarynyň jemleri boýunça Döwlet býujetiniň girdeji böleginiň meýilnamasy 102,3 göterim, çykdajy böleginiň meýilnamasy 97,2 göterim ýerine ýetirildi. Hasabat döwründe býujetden maliýeleşdirilýän we hojalyk hasaplaşygyndaky döwlet kärhanalarynda zähmet haklary, pensiýalar, döwlet kömek pullary, talyp haklary öz wagtynda maliýeleşdirildi. Maliýeleşdirmegiň ähli çeşmeleriniň hasabyna özleşdirilen düýpli maýa goýumlaryň möçberi, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 5,3 göterim ýokarlandy.

Hormatly Prezidentimiz geçen üç aýda alnyp barlan işleriň gowy netijeleri görkezendigini, durmuş-ykdysady maksatnamalaryň üstünlikli durmuşa geçirilýändigini, ykdysadyýetimiziň ähli pudaklarynda özgertmeleriň netijeli alnyp barylýandygyny, önümçilik pudaklarynyň yzygiderli döwrebaplaşdyrylýandygyny kanagatlanma bilen belledi. Döwlet Baştutanymyzyň nygtaýşy ýaly, hasabat döwründe jemi içerki önümiň ösüşi 6,3 göterim derejede durnukly saklanyp gelýär. “Ýurdumyzda iri senagat desgalarynyň, täze şäherçeleriň, ýaşaýyş jaýlarynyň, mekdepleriň, çagalar baglarynyň hem-de beýleki desgalaryň gurluşygy dowam edýär” diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy we ýurdumyzy mundan beýläk-de ösdürmek maksady bilen kabul edilen maksatnamalary amala aşyrmak boýunça netijeli işleri geçirmegiň möhümdigine ünsi çekdi.

Arkadagly Gahryman Serdarymyz mejlise gatnaşyjylary we mähriban halkymyzy ýurdumyzda 7-nji aprelde giňden belleniljek Bütindünýä saglyk güni bilen tüýs ýürekden gutlady.

4-nji aprelde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäheriniň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda alnyp barylýan işler bilen tanyşdy hem-de degişli ýolbaşçylaryň gatnaşmagynda iş maslahatlaryny geçirdi.

Gahryman Arkadagymyza Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň ştab-kwartirasynda gaznanyň hemaýat bermeginde amala aşyrylýan giň möçberli gurluşyk işleri barada giňişleýin maglumat berildi. Iş saparynyň dowamynda häzirki döwürde Aşgabatdaky 500 orunlyk Şehitler metjidinde alnyp barylýan döwrebaplaşdyrmak işlerine, dost-doganlygyň nyşany hökmünde Azerbaýjan Respublikasynyň Fizuli şäherinde türkmen gurluşykçylary tarapyndan bina edilýän metjidiň gurluşyk we bezeg işlerine aýratyn üns berildi. Haýyr-sahawat gaznasynyň ştab-kwartirasynda geçirilen maslahatda bu düzümiň häzirki döwürde alyp barýan işleri, Hytaý Halk Respublikasynyň tejribeli lukmanlarynyň we dostlukly ýurduň lukmançylyk ugurly ýokary okuw mekdepleriniň professor-mugallymlarynyň ýurdumyza gelmegine görülýän taýýarlyk barada maglumat berildi.

Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy D.Orazowyň we Arkadag şäheriniň häkimi G.Mämmedowanyň gatnaşmagynda geçirilen iş maslahatynda şäheriň ikinji tapgyrynyň gurluşyklarynyň depgini, Türkmen bedewiniň milli baýramyna taýýarlyk görmek baradaky meselelere seredildi.

Geçen hepdede Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde «Türkmenistan — Birleşen Milletler Guramasy» strategik maslahat beriş geňeşiniň bäşinji mejlisi geçirildi. Oňa Hökümet agzalary, ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, BMG-niň Türkmenistandaky wekilhanalarynyň ýolbaşçylary we beýlekiler gatnaşdylar. Mejlisiň dowamynda Türkmenistanyň Durnukly ösüş maksatlaryny durmuşa geçirmek boýunça üçünji Meýletin milli synyny taýýarlamak boýunça bilelikdäki hereketleri utgaşdyrmak meselesine seredildi. Mejlisde 2026 — 2028-nji ýyllara niýetlenen “Ýaşlar, parahatçylyk we howpsuzlyk” atly maksatnamanyň taslamasy barada pikir alşyldy. Bu maksatnama ýaşlary goldamak, olaryň sebit we halkara derejedäki çärelere işjeň gatnaşmagyny üpjün etmek üçin berk esas bolar.

Mejlisiň jemleri boýunça Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligi bilen ÝUNISEF-niň Türkmenistandaky wekilhanasynyň arasynda; Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi bilen ÝUNISEF-niň Türkmenistandaky wekilhanasynyň arasynda; Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi bilen BMG-niň Ilat gaznasynyň arasynda; Türkmenistanyň Bilim ministrligi bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Ilat gaznasynyň arasynda 2026-njy ýyl üçin birnäçe resminama gol çekildi.

31-nji martda Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi toparyň mejlisi geçirildi. Onda ýurdumyzda täze döredilen etraplaryň halk maslahatlarynyň agzalygyna, ygtyýarlyk möhletinden öň çykyp giden Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň, welaýat, etrap, şäher halk maslahatlarynyň we Geňeşleriň agzalarynyň ýerine 29-njy martda geçirilen saýlawlaryň gutarnykly netijeleri jemlenildi, tassyklanyldy we yglan edildi. Oňa merkezi saýlaw toparynyň agzalary, degişli iş toparlarynyň wekilleri, milli synçylar, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.

Paýtagtymyzyň we welaýatlaryň saýlaw toparlarynyň teswirnamalaryndaky maglumatlara görä, ýurdumyzda täze döredilen etraplaryň halk maslahatlarynyň agzalarynyň saýlawlarynda 285 dalaşgärden 140-sy, Mejlisiň deputatlygyna saýlawlarda 14 dalaşgärden 5-si, welaýat, Aşgabat şäher halk maslahatlarynyň agzalarynyň saýlawlarynda 9 dalaşgärden 3-si, etrap we şäher halk maslahatlarynyň agzalarynyň saýlawlarynda 25 dalaşgärden 12-si, Geňeşleriň agzalarynyň saýlawlarynda 426 dalaşgärden 203-si saýlanyldy. Saýlawlar ýurdumyzda hereket edýän saýlaw kanunçylygyna, halkara hukugyň umumy ykrar edilen kadalaryna laýyklykda, ýokary guramaçylyk derejesinde geçirildi. Bu syýasy çäre häzirki zaman aragatnaşyk serişdeleriniň ulanylmagy bilen, milli synçylaryň işjeň gatnaşmagynda, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň netijeli işi arkaly guraldy.

Geçen hepdede Söwda-senagat edarasynda Türkmenistanda ilkinji gezek «Hyzmatdaşlyk we ösüş» atly köpugurly halkara sergi geçirildi. Ýurdumyzyň iri kärhanalarynyň we dünýäniň öňdebaryjy brendleriniň 100-e golaýy häzirki zaman çözgütlerini hem-de innowasion tehnologiýalaryny hödürläp, ýerli hususy haryt öndürijileriň kuwwaty bilen tanyşmak, täze işewürlik gatnaşyklaryny ýola goýmak üçin mümkinçilik aldylar.

Halkara gözden geçirilişe gurluşyk senagatynda iş alyp barýan köp sanly kärhanalar gatnaşdy. Munuň özi Diýarymyzyň ähli künjegini gurşap alan iri özgertmeler maksatnamalarynyň durmuşa geçirilişine ýurdumyzyň we daşary döwletleriň işewürler jemgyýetçiliginde gyzyklanmanyň uludygyny görkezýär. Öňdebaryjy binagärlik-gurluşyk çözgütleriniň, iň täze sanly tehnologiýalaryň sazlaşykly utgaşdyrylmagynyň nusgasy, Merkezi Aziýa sebitinde ilkinji “akylly” şäher bolan Arkadag şäheri munuň aýdyň mysalydyr. Türkiýe Respublikasyndan elektrik, yşyklandyryş, kabel, alýumin, santehnika, kauçuk we beýleki gurluşyk serişdelerini öndürýän kärhanalaryň diwarlyklary sergä gatnaşyjylaryň uly gyzyklanmasyna eýe boldy. Birnäçe kompaniýalar köp gatly desgalar üçin liftleri öndürmekde, suw arassalamakda, damjalaýyn suwaryş ulgamlaryny gurnamakda, demir we polat enjamlary işläp taýýarlamakda bar bolan mümkinçilikleri bilen tanyşdyrdylar.

Hytaý Halk Respublikasyndan onlarça kompaniýa elektrik enjamlaryň, gurluşyk serişdeleriniň eksporty babatda, senagat we gurluşyk gurnamalaryny getirmekde hyzmatlaryny hödürledi. Azerbaýjandan, Awstriýadan, Birleşen Arap Emirliklerinden, Germaniýadan, Italiýadan, Russiýadan, Özbegistandan gelen wekiller howalandyryş ulgamlary üçin enjamlary, elektrik hereketlendirijileri, panelleri, beýleki senagat önümlerini öndürmek, asfalt öndürýän zawodlaryň gurluşygy, kärhanalaryň we şäherleriň elektrik üpjünçiligi, awtoulag hyzmatlary babatda bar bolan mümkinçilikleri bilen tanyşdyrdylar. Köpugurly sergide elektron enjamlary, mebelleri, plastmas, polipropilen, haly önümlerini, aýakgap öndürýän, ulag-logistika, dürli çäreleri guramak ulgamynda hyzmatlary hödürleýän, awtoulaglar üçin çalgy ýaglaryny, suwuklyklary öndürýän ýerli kärhanalaryň önümleri görkezildi.

Gözden geçirilişiň çäklerinde ýurdumyzyň döwlet we hususy düzümleri tarapyndan öndürilýän täze önümler tanyşdyryldy.

Şeýlelikde, geçen hepdäniň wakalary hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda baş maksady Watanymyzy hemmetaraplaýyn ösdürmekden, ykdysady hyzmatdaşlygy giňeltmekden, hakyky halk häkimiýeti ýörelgelerine ygrarlylykdan, halkyň ýaşaýyş derejesini yzygiderli ýokarlandyrmakdan ybarat bolan milli maksatnamalaryň üstünlikli durmuşa geçirilýändiginiň nobatdaky aýdyň güwäsi boldy.