Ï «Halklaryň dostlugy» at bilen konsert geçirildi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

«Halklaryň dostlugy» at bilen konsert geçirildi

view-icon 158

camera-icon
Ýusup Türşekow

Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň estrada orkestri we estrada sungaty kafedrasynyň talyplary «Halklaryň dostlugy» atly konsert bilen çykyş etdiler. Konsertiň maksady dürli ýurtlaryň halklarynyň arasyndaky parahatçylykly hyzmatdaşlyga goşant goşmak bolup durýar.

Estradanyň wokal žanry tomaşaçylaryň ünsüni özüne çekijiligi bilen tapawutlanýar. Konsertde milli wokal eserlerinden başga-da Türkiýe, Hindi, Braziliýa, Azerbaýjan, Gruziýa, Özbegistan ýaly daşary ýurtlaryň aýdymlary ýaňlandy. Her bir ýurduň bolsa özboluşly ýerine ýetirijilik ussatlygy bar.

Konsert kompozitor Çary Nurymowyň «Çüw, atym!» aýdymy bilen başlady. Ýerine ýetiriji Sahy Allaýarow edermen ýigidiň keşbinde çykyş etdi. Kerwen Annaýew we Isgender Nurmuhammedow «Sari gälin» azerbaýjan halk aýdymy bilen sary köýnekli gelniň gözelligini wasp etdiler.

«Mimino» kinofilminden «Çita-brita» atly şadyýan aýdymy bilen Sahy Allaýarow şowhunly çykyş etdi, tomaşaçylar hem el çarpyşmalar bilen aýdymçyny goldadylar. Konsertde «Tansor disko» kinofilminden alnan hindi aýdymy, brazil aýdymçysy Mişela Telonyň ýerine ýetiren aýdymlaryndan alnan «Nоsа» aýdymy, türk aýdymçysy Ibrahim Tatlisesiň ýerine ýetiren aýdymlaryndan «Hadi-hadi» aýdymy we başgalar ýaňlandy.

Konsert Sahy Allaýarowyň ýerine ýetirmeginde Atabaý Çarygulyýewiň «Arabyň gyzy» aýdymy bilen tamamlandy. Tomaşaçylar aýdymçylary, orkestriň sazandalaryny, aýratyn-da dirižýor, estrada sungaty kafedrasynyň müdiri Maýsa Mämmetjumaýewany şowhunly el çarpyşmalar we güller bilen garşy aldylar.