Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatrynda Türkmenistanyň at gazanan artisti Resul Gylyjowyň ýolbaşçylygy astynda Türkmenistanyň Döwlet simfoniki orkestriniň gatnaşmagynda fransuz pianinoçysy Kristin Fonlýuptyň konserti geçirildi.

Kristin Fonlýuptyň konserti meşhur fransuz kompozitorlarynyň zenanlara bagyşlap döreden eserlerinden ybarat boldy. Konsertde Klod Debýussiniň sazlary ýaňlandy. «Arabeska №1» bolsa diňleýjileri hyýaly duýgular dünýäsi bilen gurşap aldy. Kristin Bergamask sýuitasyna «Aý şöhlesi» prelýudiýasyny ýerine ýetirdi. Aýyň ýumşak şöhlesinde zenan keşbini görkezýän liriki saz tomaşaçylar tarapyndan joşgunly el çarpyşmalar bilen garşylandy.

Jorj Bizeniň meşhur «Karmen» operasynyň awtorynyň eserleri bilen bir hatarda, Kristin Fonlýupt iki zenan kompozitoryň hem eserlerini ýerine ýetirdi. Olaryň biri dünýä derejesinde ykrar edilen Sesil Şaminad. Pianinoçy onuň «Terpsihora» atly eserini ýerine ýetirdi.
Mel Boniniň ýedi sany meşhur zenan, şol sanda Desdemona, Ofeliýa we Salomeýa baradaky eserleri diňleýjiler tarapyndan mähirli garşylandy. Mel Boni – Melani Helen Boniniň, ol özüniň zenandygyny gizlemek üçin alan lakamydyr.

Konsert tamamlandy, ýöne tomaşaçylar hem-de sazandalar gitmek islemediler. Şonda goşmaça çykyş hökmünde türk kompozitory Fazyl Saýyň «Gara toprak» eseri ýerine ýetirildi.

Agşamky döredijilik çäresiniň ahyrynda teatryň foýesinde metbugat maslahaty geçirilip, onda Kristin Fonlýupt köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekillerine zenan temasyna bagyşlanan konsertler bilen Orta Aziýa boýunça çykyş edýändigini aýtdy. Ol Türkmenistana ilkinji gezek gelendigine we Aşgabadyň ajaýyp konsert zallaryna, myhmansöýer tomaşaçylaryna hem-de ilkinji taýýarlykdan başlap, utgaşan simfoniki orkestriň zehinli sazandalaryna özüniň ýokary bahasyny berdi.