Türkmen woleýbolçylary Özbegistanda tamamlanan «CAVA 2026 Men’s and Women’s Universiade Games» halkara ýaryşda altyn medal gazandylar. Merkezi Aziýa woleýbol assosiasiýasy tarapyndan ýola goýlan ýaryşlar sebit ýurtlarynyň ýokary okuw mekdepleriniň toparlarynyň gatnaşmagynda Samarkantda geçirildi.
Bu ýaryşda Türkmenistanyň adyndan ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň zehinli talyplaryndan düzülen ýygyndy topar çykyş etdi.
Çempionlyga barýan ýol türkmen woleýbolçylarynyň Özbegistanyň topary bilen duşuşan dartgynly jemleýji oýny bilen tamamlandy. Birinjilik ugrundaky aýgytly oýunda ildeşlerimiz ýokary sport ussatlygyny, sazlaşykly taktik hereketleri, mäkäm erk-ygtyýaryny we toparyň bitewi bir ruhdadygyny görkezdiler. Oýun Türkmenistanyň ýygyndy toparynyň 3:1 hasabynda ýeňşi bilen tamamlandy. Bu bolsa toparymyza hormat münberiniň iň ýokary pellesine çykmaga mümkinçilik berdi.
Biziň ýygyndy talyplar toparymyzyň bu üstünligi Merkezi Aziýa giňişliginde Türkmenistanyň sport abraýyny berkitdi. Türkmenistanyň ugurdaş müdirlikleri we sport jemgyýetçiligi talyp türgenlerimiziň CAVA 2026 uniwersiadasynyň çempiony diýen hormatly adyny gutlaýarlar.