Ï Türkmenistanda TÜRKSOÝ-yň Molla Nasreddin hakyndaky filmi surata düşürildi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanda TÜRKSOÝ-yň Molla Nasreddin hakyndaky filmi surata düşürildi

view-icon 132
Türkmenistanda TÜRKSOÝ-yň Molla Nasreddin hakyndaky filmi surata düşürildi

«Molla Nasreddin – kyn günleriň dosty» atly halkara çeper filminiň bir tapgyry Türkmenistanyň çäginde surata düşürildi. TÜRKSOÝ-yň garamagynda durmuşa geçirilýän bu uly göwrümli taslama Azerbaýjanyň, Türkiýäniň, Özbegistanyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň we Türkmenistanyň kinematografiýaçylaryny birleşdirýär.

Taslamanyň möhüm ýerleriniň biri Türkmenistanda surata düşürilmegi boldy. Nobatdaky tapgyr Ahal welaýatynyň gözel ýerlerinde, ýagny Gäwers obasynda we Bokurdak şäherçesinde alnyp baryldy. Bu ýerleriň saýlanyp alynmagy Hoja Nasreddiniň başdan geçiren wakalaryny has täsirli görkezýän tebigy aýratynlyklary bilen düşündirilýär. Bu ýerde soňsuz, haýrana goýýan Garagumda filmiň kerwenli tapgyry düşürildi.

Surata düşürmek işleri Oguz han adyndaky «Türkmenfilm» birleşiginiň işjeň gatnaşmagynda alnyp baryldy we halkara hünärmenler toparynyň sazlaşykly işleşmeginde tamamlandy. Türkmen toparynda Türkmenistanyň halk artisti Çary Seýitliýew çykyş etdi, şeýle-de döredijilik hünäri ugrundan bilim alýan talyplar köpçülik sahnalaryna gatnaşdylar. Ýurdumyzyň baý taryhy arhitekturasy we tebigy gözelligi halk akyldarynyň taryhyny has-da çuňňur beýan edýär.

Esasy üns merkezinde Molla Nasreddiniň keşbi bolan bu film degişmäniň üsti bilen türki halklarynyň umumy gymmatlygyny we gadymdan gelýän paýhasyny açyp görkezýär. Ýönekeý bir kinonyň çygryndan çykmak bilen bu eser biziň ýurtlarymyzy birleşdirýän güýçli bir köprä öwrülýär.

Edebi esasyny ýazan we gurnaýjy-režissýor Azerbaýjanyň halk artisti Wagif Musafaýewdir. Onuň aýtmagyna görä, Hoja Nasreddiniň keşbi diňe bir wäşilik we satira däl-de, eýsem, paýhaslylygyň, ironiýanyň we jemgyýetde gabat gelýän meselelere çeperçilikli çemeleşmegiň nusgasy bolup durýar, şol sebäpli hem ony köpçülige ýetirmek uly jogapkärçilik we ahlak borjuny talap edýär.

Taslama TÜRKSOÝ tarapyndan resmi taýdan goldandy we 2023-nji ýylyň oktýabrynda Şuşa şäherinde geçirilen Türki dünýäsiniň I medeni forumynyň çäklerinde gurama agza ýurtlaryň Medeniýet ministrleriniň geňeşiniň 40-njy mejlisinde kabul edildi..

Önümçilik işleri TÜRKSOY-a agza ýurtlaryň Medeniýet ministrlikleriniň goldawy bilen «Nasreddin Production MMC» kompaniýasy tarapyndan amala aşyrylýar. Türki halklarynyň mirasynyň halkara gymmatlygyna uly goşant goşjak bu bölümden soňra bolsa filmiň indiki tapgyry surata düşürilip başlanar. Filmi doly surata düşürmegi we halkara festiwallarda görkezmegi şu ýylyň tomsuna meýilleşdirýärler.