Ï Türkmenistanyň halk suratkeşleriniň eserleriniň sergisi guraldy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň halk suratkeşleriniň eserleriniň sergisi guraldy

view-icon 66
Türkmenistanyň halk suratkeşleriniň eserleriniň sergisi guraldy
camera-icon
Ýusup Türşekow

Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň sergi zalynda Türkmenistanyň halk suratkeşleri Ada Gutlyýew we Babasary Annamyradowyň eserleriniň sergisi ýaýbaňlandyryldy.

Ada Gutlyýew öz haly gymmatlyklaryny sergä ýerleşdirýärkä Babasary Annamyradow ýanyna gelip «Eger men öz heýkellerim bilen halylaryňyzy bezesem, nähili bolarka?» diýip, söze başlamak bilen, halyçylyk we heýkeltaraşlyk sungatynyň bir sergide birleşme sebäbini düşündirdi. Bu pikir ähli tomaşaçylara hem ýarady. Açylyş dabarasyna gatnaşyjylaryň arasynda çeperçilik akademiýanyň talyplary, suratkeşler, sungaty öwrenijiler, teatr işgärleri, şeýle-de hem Ada Gutlyýewiň we Babasary Annamyradowyň dostlary we ýakynlary bardy. Babasary Annamyradowyň agtygy Türkmenistanyň Döwlet senasyny aýdyp berdi we kiçijik gyzjagazyň çykyşy gatnaşyjylaryň gyzgyn el çarpyşmalary bilen goldanyldy.

Ada Gutlyýew halyçylyk sungatynda deňi bolmadyk suratkeşdir. Şeýle-de ol ahalteke bedewleriniň ähli syryndan habarly. Ol ähli bilýän zatlaryny paýlaşýar. Ol bir halysynda saýlama tohum atyny şekillendiripdir, beýleki iki halysy bolsa goşgular älemi bilen seslendi, olaryň biri Gahryman Arkadagymyzyň goşgusydy. Awtoruň özi «Bedew-3D» halysyny gowy görýär. Bu halyda filosofik many ýatyr – dünýäni bir kemsiz tanap bolmaýar, garaýşyňy üýtgetseň, manysy hem üýtgeýär.

Ýylda Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynda bellenilýän Türkmen bedewiniň milli baýramynda geçirilýän haly bäsleşigi boýunça 2011-nji ýyldan bäri Ada Gutlyýew 12-nji gezek ilkinji orna mynasyp bolýar. Indiki ýyllar üçin Ada Gutlyýew beýleki suratkeşlere orun bermek üçin bäsleşige gatnaşmagyny bes edýär.

Bu sergide bolsa ol täze üç suraty bilen eserleriniň üstüni doldy, bu suratlarynyň ählisi hem ahalteke bedewlerimiz barada.

Babasary Annamyradowyň esasy eseri altyn çaýylan ahalteke bedewleriniň sürüsi boldy. Bu heýkel kompozisiýasynda awtor «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany» ýylymyzyň şygaryny wasp edipdir. Altyn bedewler biziň Altyn asyrymyzy alamatlandyrýar.

Sergide ussadyň baý sungatyny görkezýän işinden bölek alnan wideoýazgysy görkezildi. Babasary Annamyradowyň gyzyklanmalarynyň çägi ýok, ol üç gezek Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» atly bäsleşiginiň ýeňijisi. Teleýaýlymlarda taryhy şahsyýetler, orta asyr şahyrlary, owadan ýaşlar we Babasary Annamyradowyň ir döwürden meşhur heýkelleri görkezildi. Olaryň biri – birnäçe görnüşli oba mugallymynyň keşbidir. Meniň pikirimçe agaçdan edilen görnüşi has gowy. Bu işinde oňa garraşan we işini gowy bilip, öz obasyndaky adamlara bilim beriş derejesini gowy düşündirmek başardypdyr. Häzir hem bu eser her bir adamyň ünsüni özüne çekýär.

Guralan sergide birnäçe uly göwrümli almalaryň heýkeli görkezilen. Olaryň biri gymmat bahaly daşlar bilen bezelen.

Iki ussat suratkeşiň bir sergide birleşmegi indiki geljek nesillere ussat sungat işgärleri bolmak üçin görelde mekdebi bolup durýar.