Türkmen halky özüniň baý mirasy, gadymy sungaty bilen dünýä halklarynyň medeniýetiniň kemala gelmegine mynasyp goşant goşupdyr. Ýurdumyz bahasyna ýetip bolmajak genji-hazynalara – taryhy gadymyýete uzaýan we türkmen halkynyň baý medeniýetinden söz açýan gymmatlyklara eýelik edýär.
Türkmen halkynyň kalbynyň şöhlelenmesi bolan medeni mirasymyz özboluşly dünýädir. Ata-babalarymyzyň yhlasyny, zehinini siňdiren eserleri diňe bir halkymyzyň däl, eýsem, tutuş adamzat siwilizasiýasynyň gymmatlygydyr. Hut şunuň esasynda häzirki wagta türkmen halkynyň asyrlaryň dowamynda umumadamzat gymmatlyklarynyň baýlaşmagyna goşant goşan mirasyny geljekki nesillerimize ýetirmäge we bütin dünýäde wagyz etmäge aýratyn ähmiýet berilýär, taryhy-medeni, ruhy-edebi mirasymyz çuňňur öwrenilýär we ösdürilýär. Ýaşlary watançylyk ruhunda terbiýelemekde, işeňňir, zähmetsöýer, ahlak taýdan durnukly şahsyýetler edip ýetişdirmekde, ilkinji nobatda, milli ýörelgelerimize daýanylýar. Çünki olarda ata-babalarymyzyň ýokary ahlak sypatlary we halkymyzyň özboluşly aýratynlyklary jemlenýär.
Garaşsyzlyk ýyllarynda ýurdumyzda medeni gymmatlyklary gorap saklamaga gönükdirilen kadalaşdyryjy hukuk resminamalaryň birnäçesi kabul edildi. Şolaryň hatarynda «Türkmenistanyň taryhy we medeni ýadygärliklerini goramak hakynda», «Muzeýler we muzeý işi hakynda», «Gozgalýan medeni gymmatlyklary goramak, äkitmek we getirmek hakynda» Türkmenistanyň Kanunlary bar. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň 2022-nji ýylyň 8-nji aprelinde geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde gol çeken «Milli taryhy-medeni mirasyň obýektlerini aýap saklamagyň, goramagyň, öwrenmegiň hem-de olara syýahatçylary çekmegiň 2022 – 2028-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasy» bu ugurdaky işleriň anyk wezipelerini kesgitledi. Şeýle hem 2024-nji ýylda ilkinji gezek Türkmenistanyň milli taryhy-medeni mirasynyň obýektleriniň Döwlet reýestri çap edildi. Türkmenistanyň Taryhy we medeni ýadygärlikleri goramak, öwrenmek hem-de rejelemek baradaky milli müdirliginiň, şeýle hem Döwlet taryhy-medeni goraghanalaryň hünärmenleri milli mirasyň täze obýektlerini ýüze çykarmak we hasaba almak, obýektleriň geografik ýerleşişini we olaryň goralýan zolaklarynyň eýeleýän ýerlerini takyklamak boýunça işleri dowam etdirýärler.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, ýurdumyzda milli medeniýet ulgamymyzy döwrebap ýagdaýa getirmek, milli mirasymyzyň gymmatlyklaryny düýpli öwrenmek, gorap saklamak we dünýä ýaýmak boýunça işler dowam etdirilýär. Şeýle hem taryhy-medeni mirasymyzyň desgalaryny abat saklamak hem-de öwrenmek, taryhy we medeni ýadygärliklerimizi dikeltmek işleri alnyp barylýar. Şonuň ýaly-da, ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizmek üçin bu desgalaryň sanyny artdyrmak boýunça hem işler geçirilýär.
Mälim bolşy ýaly, Türkmenistanyň Gadymy Merw, Köneürgenç, Nusaý ýaly ajaýyp taryhy medeni ýadygärlikleri ÝUNESKO-nyň Bütindünýä medeni mirasynyň sanawyna girizildi. Bu bolsa halkymyzyň döreden maddy we ruhy gymmatlyklaryna tutuş adamzadyň goýýan belent sarpasynyň ykrarnamasydyr.