Türkmenistanyň paýtagtyndaky «Watan» kinokonsert merkezinde Annaoraz Döwletowyň ýolbaşçylygyndaky «Melodiýa» orkestriniň konserti geçirildi. Baharyň iň owadan aýy bolan aprel aýynda tebigatyň gyş paslyndan soň oýanmagy aýdym aýtmak we şatlanmak höwesini döredýär. Aşgabadyň ýaşaýjylary döredijilik ýolunda bary-ýogy üçünji konsertini berýän täze saz toparynyň çakylygyny uly höwes bilen kabul etdiler.

«Melodiýa» orkestri tomaşaçylary «Güneş» toparynyň repertuaryndaky «Mawy yşyk» saz eseri bilen garşylady. Bahar Durdyýewanyň ýerine ýetirmeginde ýaňlanan «Погода в доме» aýdymy tomaşaçylaryň göwnünden turdy. Tomaşaçylar aýdymçy bilen bilelikde bu meşhur aýdymy aýtdylar. Rodion Gazmanowyň «Танцуй пока молодой» aýdymy Mustafa Ýagşyýew bilen Emir Baýramgeldiýewiň ýerine ýetirmeginde zalyň ýarysyny diýen ýaly ýerinden galdyrdy – tomaşaçylar joşgunly saz astynda tans etdiler.

Bu agşam sahnada tanalýan hem-de ýaş estrada aýdymçylary – Döwran Şammyýew, Baky Annagurbanow, Aýlar Bataýarowa, Gözel Matkarimowa çykyş etdiler. «Девушки как звезды», «Иногда», «Крошка моя», «Люби меня, люби» ýaly meşhur aýdymlar ýerine ýetirildi. Döwran Şammyýew birnäçe daşary ýurt aýdymlaryny hem ýerine ýetirip, tomaşaçylaryň göwnünden turdy.

Baýram Taganowyň meşhur «Ah, Jennet» aýdymy Emir Baýramgeldiýewiň ýerine ýetirmeginde tomaşaçylar tarapyndan aýak üstünde diýen ýaly garşylandy. Şeýle hem ol Waleriý Meladzeniň repertuaryndaky «Самба белого мотылька» aýdymy ýerine ýetirdi. Emiriň sesi we ýerine ýetirişi Meladze doganlaryň liriki aýdymlaryna ajaýyp derejede laýyk gelýär.
Agşamyň ahyrynda tomaşaçylar «Melodiýa» orkestriniň sazandalaryna we aýdymçylara ajaýyp çykyş üçin dowamly el çarpyşmalar bilen hoşallyk bildirdiler.