Ï A.S.Puşkin adyndaky döwlet rus drama teatrynyň sahna ussatlary Balkan welaýatynda
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

A.S.Puşkin adyndaky döwlet rus drama teatrynyň sahna ussatlary Balkan welaýatynda

view-icon 1693
A.S.Puşkin adyndaky döwlet rus drama teatrynyň sahna ussatlary Balkan welaýatynda
camera-icon
Andreý Pakulow

A.S.Puşkin adyndaky döwlet rus drama teatry Balkan welaýatyna saparyny dowam etdirip, Türkmenbaşy şäherine geldi. 27-nji aprelden başlap, ýerli sahnada spektakllar we çagalar üçin interaktiw çykyşlar görkeziler.

Saparyň maksatnamasyna Žan Ženeniň pýesasy esasynda goýlan «Маdам» sahna oýny, «Лира искусства» estrada görkezilişi, şeýle hem çagalar üçin «Сказочный Ералаш», «Чудо сцены» we «Все на веселье» atly çykyşlar girizildi. Olaryň hatarynda ýeke-täk «Пушкин» sahna oýny aýratyn orun eýeleýär.

Aýna Jumaýewa, Alina Andronowa, Magtymguly Gurbanow, Tatýana Öwezmyradowa we Sofiýa Stepanýansdan ybarat döredijilik topary ozal Gyzylarbatda, Bereketde we Balkanabatda çykyş edip, tomaşaçylarda ýatdan çykmajak täsiri galdyrdy. Üstünligiň syry ýönekeý – dürli žanrlary öz içine alýan maksatnama her bir tomaşaça, ýaşyna garamazdan, özüne ýakyn zat tapmaga mümkinçilik berýär.

Marina Swetaýewanyň rus halkynyň beýik şahyry baradaky eserine esaslanýan, Tatýana Öwezmyradowanyň ýerine ýetirmegindäki «Пушкин» atly ýeke-täk spektakly saparyň filosofiki merkezine öwrüldi.

– Men bu spektakly uzak wagt ýerine ýetirmedim, emma ýyllar geçensoň, ol başgaça, has çuň manyda ýaňlandy – diýip, sahna ussady belleýär. – Balkanabatda biz örän duýgur tomaşaçylar bilen tanyşdyk. Adamlar her söze üns berip diňlediler, manylaryny duýmaga synanyşdylar, ikinji çykyşymyza bolsa elleri gül çemenli geldiler.

1941 – 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňiş güni mynasybetli topar «Чудо сцены» maksatnamasynda aýratyn bölüm taýýarlady. Oňa uruş ýyllarynyň meşhur aýdymlary we täsirli edebi bölekler girizildi.

A.S.Puşkin adyndaky döwlet rus drama teatryň artistleri Balkan welaýatynyň myhmanlary bolup, ýerli teatr muşdaklarynyň halaýan artistleri hem bar. Kiçi ýaşly tomaşaçylaryň söýgüsi barada aktrisa Sofiýa Stepanýans şeýle diýýär:

– Bizi eýýäm tanaýarlar, hemişe mähirli garşylaýarlar. Çagalar aýratyn täsir galdyrýar, bize gül çemenlerini berýärler, goşgy bagyşlaýarlar. Biziň maksatnamamyz dürli-dürli. Mysal üçin, «Сказочном Ералаше» oýun we tans arkaly çagalara möhüm zatlary – sypaýylygy, birek-birege kömek etmegi we dostlarymyzy kyn ýagdaýda goýmazlygy öwredýäris.

Türkmenbaşy şäherindäki jemleýji çykyş 30-njy aprelde geçiriler. Häzirlikçe şäheriň ýaşaýjylarynyň we myhmanlarynyň paýtagtymyzyň sahna ussatlarynyň sungaty bilen ýakyndan tanyşmaga ajaýyp mümkinçiligi bar.