Ï Sungat mekdebiniň kamera hor toparynyň jadyly dünýäsi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Sungat mekdebiniň kamera hor toparynyň jadyly dünýäsi

view-icon 1895
Sungat mekdebiniň kamera hor toparynyň jadyly dünýäsi
Sungat mekdebiniň kamera hor toparynyň jadyly dünýäsi
Sungat mekdebiniň kamera hor toparynyň jadyly dünýäsi
Sungat mekdebiniň kamera hor toparynyň jadyly dünýäsi
Sungat mekdebiniň kamera hor toparynyň jadyly dünýäsi
Sungat mekdebiniň kamera hor toparynyň jadyly dünýäsi

Lebap welaýat ýörite sungat mekdebi ýurdumyzyň çäginde zehinli ýaşlary ýüze çykarýan, sungatyň jadyly dünýäsine aralaşmaga ýol açýan we onuň şa ýoluna ugrukdyrýan, öz kärine ussat sungat işgärleriniň, mugallymlaryň zähmet çekýän okuw mekdebi hökmünde giňden tanalýar.

Işleri «halypa-şägirtlik» ýoly esasynda guralan bu ýörite sungat mekdebinde hünär alýan talyplara sungatyň saz, aýdym, tans, nakgaşlyk we beýleki ugurlary boýunça tälim bermek bilen birlikde, zehinli ýaşlardan düzülen ansambllaryň, orkestrleriň, hor toparlarynyň birnäçesi hereket edýär. Bu toparlaryň Garaşsyz Diýarymyzda geçirilýän baýramçylyklarda, şeýle hem türkmen telewideniýesiniň dürli ýaýlymlaryndaky yzygiderli çykyşlary hünärmenleriň, aýdym-sazyň muşdaklarynyň ýokary bahalaryna mynasyp bolýar. Sungat mekdebinde Türkmenistanyň halk artisti, halypa mugallym Bäşim Berdiýewiň ýolbaşçylyk edýän, türkmen we dürli halklaryň hor aýdymlaryny aýtmaklygyň inçe syrlaryny öwredýän kamera hor toparynyň ýerine ýetirijilik ussatlygynyň ýokarydygyny bellemek bolar. Ýakynda bu kamera hor toparynyň aýdym-saz sungatynyň muşdaklarynyň, sazşynaslaryň, bu zehinler mekdebiniň mugallymlarynyň we talyp ýaşlarynyň tomaşa etmeklerinde özüniň täze we çuňňur mazmunly maksatnamasy esasynda taýýarlan dabaraly konserti ýokarda aýdylanlaryň aýdyň subutnamasyna öwrüldi.

Örän täsirli geçen bu aýdym-sazly dabara berkarar Diýarymyzda milli medeniýetimize, sungatymyza goýýan belent sarpasy üçin Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyna aýdylýan hoşallyk sözleri bilen başlandy. Konsertiň alypbaryjysy, bu mekdebiň zehinli ýaş mugallymy Oguljahan Jumageldiýewanyň bu ýerde ýaňlanýan her bir eseriň taryhy ähmiýeti we many-mazmuny barada diňleýjilere täsin we täsirli maglumatlary ýetirip durmagy aýdym-sazly çärä aýratyn öwüşgin çaýdy. Şowhunly geçen konsertde milli saz sungatymyzyň genji-hazynasy bolan türkmen kompozitorlarynyň täzeçe äheňli eserleri, dünýä medeni mirasynyň aýrylmaz bölegi bolan Günbatar Ýewropa nusgawy sazynyň dürdäneleri, şeýle-de halkymyzyň ruhy dünýäsiniň aýnasy bolan türkmen halk aýdymlary ussatlyk we ýokary ruhubelentlik bilen ýerine ýetirildi.

Kalplary jadylaýan owazlaryň has-da täsirli ýaňlanmagynda sazanda Aziza Arslanowanyň fortepianoda horuň sesleri bilen bir bitewülige öwrülip çalan sazlary çykyşlaryň çeperçilik keşbini has-da baýlaşdyrdy. Konsertiň dowamynda dünýäde uly meşhurlyga eýe bolan kompozitorlar Frans Şubertiň «Serenadasy», P.I.Çaýkowskiniň «Noçewala tuçka zolotaýa» we P.Çesnakowyň «Zelýonyý şum» ýaly nusgawy eserleri belentden ýaňlandy. Şeýle hem Rejep Allaýarowyň «Leýlisaç» eserinde we Batyr Umitjanowyň «Eý, sanam» aýdymynda mugallym Atajan Hemraýewiň hem-de sungat mekdebiniň III ýyl talyby Örejemal Nepesowanyň çykyşlary diňleýjileriň gyzgyn el çarpyşmalaryna mynasyp boldy.

Konsertde türkmen kompozitorçylyk mekdebiniň görnükli wekilleriniň eserleri aýratyn orun aldy. Kompozitor Durdy Nuryýewiň Nury Baýramowyň sözlerine ýazan «Çal, dutarym!» atly eseri milli mirasymyza bolan çäksiz söýginiň beýany bolup ýaňlandy. Şeýle hem Türkmenistanyň sungatda at gazanan işgäri, kompozitor Suhan Tüýliýewiň gözelligi we ruhubelentligi açyp görkezýän «Ýaşaýşa söýgi» eseri tomaşaçylar tarapyndan gyzgyn garşy alyndy. Kamera hor toparynyň ussatlyk derejesiniň gözbaşynda onuň tejribeli ýolbaşçysy Bäşim Berdiýewiň uly zähmetiniň, döredijilik ylhamynyň durandygyny bellemek möhümdir.

Halypa mugallymyň saz eserleriniň ählisine özboluşly çemeleşmegi, talyplaryň sesleriniň arasyndaky kämil sazlaşygy tapmak ukyby bu toparyň ýokary hünär keşbini emele getirýär. Bu toparyň ýaş zehinleriniň ýerine ýetirmeginde, B.Berdiýewiň dirižýorlygynda ýaňlanýan her bir nagma, talyplaryň sungat älemine bolan ynamly gadamlaryna öwrülýär. Konsertiň maksatnamasy boýunça ýerine ýetirilen ajaýyp eserler talyplaryň we mugallymlaryň bilelikdäki yhlasly zähmetiniň aýdyň netijeleridir.