Paýtagtymyzyň ýaşaýjylaryna we myhmanlaryna baý mazmunly medeni maksatnama garaşýar. 2-nji we 3-nji maýda sagat 18:00-da Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde TÜRKSOÝ-a agza ýurtlaryň opera sungatynyň ussatlarynyň gala-konsertleri geçiriler. Sahnada Azerbaýjanyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Özbegistanyň, Türkiýäniň we Türkmenistanyň sungat ussatlary çykyş ederler. Konserte Türkmenistanyň Döwlet simfoniki orkestri sazandarlyk eder. Giriş tölegsizdir.
Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Şekillendiriş sungaty muzeýi iki sergi taýýarlady:
1-nji maýda sagat 16:00-da Türkmenistanyň sungatda at gazanan işgäri Nyýazmyrat Dowodowyň doglan gününiň 105 ýyllygyna bagyşlanan serginiň açylyşy bolar.

4-nji maýda sagat 11:00-da muzeý tomaşaçylary 1941 – 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňiş güni mynasybetli «Gahrymanlarymyza hormat» atly sergä çagyrýar.
Paýtagtymyzyň teatrlary tomaşaçylary häzirki sahna oýunlaryň tertibi bilen tanyşmaga çagyrýarlar, emma teatrlaryň maksatnamasynda üýtgeşmeleriň bolmagynyň ýa-da artistleriň düzümine düzedişleriň girizilmeginiň mümkindigini ýatladýarys. Şoňa görä-de, teatrlara barmazdan öň, degişli tertipnamany teatrlaryň kassalaryndan ýa-da resmi sanly ulgamlaryndan anyklamaňyzy maslahat berýäris.

Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Baş akademiki drama teatry:
02.05.2026: «Yşkyň gämisi» 19:00;
03.05.2026: «Gelinler» 19:00.

Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatry:
02.05.2026: «Super gaýyn ene» 19:00.
Türkmenistanyň Alp Arslan adyndaky milli drama teatry:
02.05.2026: «Gyzyl alma» 19:00;
03.05.2026: «Magnitofon» 19:00.

A.S. Puşkin adyndaky döwlet rus drama teatry:
02.05.2026: «Supertowşan» 12:00;
02.05.2026: «Arşyn mal alan» 19:00;
03.05.2026: «Lukman Aýbolit» 11:00; 13:00;
03.05.2026: «Pamela üçin är» 19:00.
Türkmen döwlet gurjak teatry:
02.05.2026: «Dostlar» 17:00;
02.05.2026: «Çagaly öý bazar» 19:00;
03.05.2026: «Al ýaňak» 12:00; 17:00;
03.05.2026: «Çagaly öý bazar» 19:00.