Şu gün Müsüriň Ismailiýa şäherinde başlanýan 2026-njy ýylyň agyr atletika boýunça ýaşlar dünýä çempionatyna Türkmenistandan dokuz türgen gatnaşar. Halkara agyr atletika federasiýasynyň (IWF) yglan etmegine görä, zenanlar toparynda bäş, erkekler toparynda bolsa dört türgen bäsleşer.
Bäsleşik Sues kanalynyň müdirliginiň klubunyň zalynda geçiriler.
Toparymyzyň zenanlar böleginde medal ugrunda Ogulşat Amanowa we Şabnäm Kerimbaýewa (agram topary 53 kilograma çenli), Medine Amanowa (63 kilograma çenli), Asal Kerimbaýewa (77 kilograma çenli) we Anamjan Rüstemowa (86 kilograma çenli) dagy bäsleşerler. Erkekler toparynda bolsa Didarbek Jumabaýew (79 kilograma çenli), Yslam Akmyradow (94 kilograma çenli), Süleýman Jafarow (110 kilograma çenli) we Saparbaý Atajanow (110 kilogramdan ýokary) dagy bäsleşige çykarlar.
Geçen ýyl Perunyň Lima şäherinde geçirilen ýetginjekler dünýä çempionatynda toparymyz iki altyn medal gazanmak bilen, toparlaýyn hasapda 14-nji orny eýeledi. Iň ýokary derejeli bu baýraklary ştangany itekläp götermekde 141 kilograma we sportuň iki görnüşi boýunça umumy netijede 249 kilogram götermek bilen, 87 kilograma çenli agram derejesinde Anamjan Rustamowa gazandy.