Ï 1941 – 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 81 ýyllygy mynasybetli dabaraly konsert geçirildi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

1941 – 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 81 ýyllygy mynasybetli dabaraly konsert geçirildi

view-icon 27
1941 – 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 81 ýyllygy mynasybetli dabaraly konsert geçirildi

Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatrynda 1941 – 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 81 ýyllygy mynasybetli baýramçylyk konserti boldy. Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň goldawy bilen Russiýa Federasiýasynyň Türkmenistandaky ilçihanasy tarapyndan guralan bu çäre Watan goragçylarynyň ýadygärligini hormat bilen ýatlamaga gelen tomaşaçylardan doly boldy. Hormatly weteranlarymyz dabaranyň esasy myhmanlaryna öwrüldiler.

Agşamda Resul Gylyjowyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň Döwlet simfoniki orkestriniň ýerine ýetirmeginde uruş ýyllarynyň hemmelere tanyş bolan sazlary ýaňlandy.

Konsert «Священная война» («Mukaddes uruş») atly ägirt uly eser bilen açyldy. Iki sagat dowam eden konsertiň dowanynda sahnada ýerine ýetirilen «Журавли», «Темная ночь», «Смуглянка», «Синий платочек», «Песня солдата» ýaly ençeme kompozisiýalar köpmilletli ýeňiji halkyň gahrymançylygynyň ebedi nyşanyna öwrüldi.

Ýaş gatnaşyjylar – A.S.Puşkin adyndaky umumy orta bilim berýän bilelikdäki türkmen-rus orta mekdebiniň okuwçylary çärä aýratyn öwüşgin berdiler. Sazly çykyşlaryň arasyndaky arakesmelerde çagalar frontçularyň hakyky hatlaryny we uruş baradaky täsirli goşgulary okadylar. Çykyşlara mekdebiň çagalar horunyň hem gatnaşmagy nesilleriň dowamatlylygyny we taryhy ýadygärligi saklamagyň möhümdigini aýdyň görkezdi.

Baýramçylyk çäresi rowaýata öwrülen «Катюша» we «День Победы» aýdymlarynyň ýerine ýetirilmegi bilen jemlendi.

Bu Ýeňşe Türkmenistanyň goşan goşandy örän uludyr. Uruş ýyllarynda fronta respublikamyzyň 300 müň ýaşaýjysy ugrady. Görkezen edermenlikleri we gahrymançylyklary üçin türkmenistanly esgerleriň 130 müňüsi orden we medallar bilen sylaglandy, olaryň 104-si Sowet Soýuzynyň Gahrymany diýen ada mynasyp boldy, 15 ildeşimiz bolsa «Şöhrat» ordeniniň doly eýesi boldy.