Ï Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Serdar Berdimuhamedowa
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Serdar Berdimuhamedowa

view-icon 167

Çuňňur hormatlanylýan Türkmenistanyň Prezidenti!

Sizi 1941 — 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 81 ýyllygy mynasybetli türkmen halkynyň hem-de Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň adyndan tüýs ýürekden gutlaýaryn. Size berk jan saglyk, uzak ömür, asuda we abadan durmuş, egsilmez bagt, bedew bady bilen ösüşleriň täze belentliklerine tarap ynamly barýan eziz Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmegi ugrunda alyp barýan işleriňizde uly üstünlikleri arzuw edýärin.

Hormatly Prezidentimiz!

Halklaryň parahatçylyk, abadan durmuş, dost-doganlyk, ynsanperwerlik baradaky arzuw-umytlaryny, watansöýüjilik, gahrymançylyk, merdanalyk ýörelgelerini alamatlandyrýan Ýeňiş baýramy türkmenistanlylaryň durmuşynda hem örän möhüm orny eýeleýär. Siziň nygtaýşyňyz ýaly, dünýäniň gülläp ösýän döwletleriniň birine öwrülen ýurdumyzda 1941 — 1945-nji ýyllarda watançylygyň deňi-taýy bolmadyk nusgasyny görkezen uruş weteranlarymyzyň, şol pajygaly döwri başdan geçiren enelerimiziň, gaýduwsyzłyk bilen zähmet çeken raýatlarymyzyň sylag-hormaty örän ýokarydyr.

Milli gahrymanlarymyza belent sarpa goýmak we olary ýatlamak ähli döwürlerde hem türkmen jemgyýetiniň mukaddes ýörelgeleriniň biridir. Bu gün olaryň atlary «Hatyra» we «Şöhrat» kitaplarynda ebedileşdirildi. Siz ýowuz uruş ýyllarynda gahrymançylyk görkezen ildeşlerimiz baradaky hakydany gorap saklamagyň hem-de ebedileşdirmegiň mynasyp nusgasyny görkezýärsiňiz.

Sarpasy belent Prezidentimiz!

Pederlerimiz parahatçylyk we asudalyk, abadan durmuş ugrundaky aldym-berdimli söweşlerde belent ahlak sypatlaryny, edermenligiň, gaýduwsyzlygyň, hakyky watançylygyň ajaýyp nusgasyny görkezdiler. Ata-babalarymyzyň gahrymançylykly ýoly Watanymyzyň taryhyna altyn harplar bilen ýazyldy. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe külli adamzadyň azatlygy, erkinligi ugrunda göreşe çykan, gije-gündiz zähmet çekip, şanly Ýeňşi ýakynlaşdyran watandaşlarymyzyň mertebesi belent tutulýar. Ýurdumyzda ýowuz urşa gatnaşanlar hem-de olaryň maşgala agzalary aýratyn üns-alada bilen gurşalýar.

Ýeňiş gününde Aşgabat şäherindäki «Halk hakydasy» ýadygärlikler toplumyna, ähli şäherlerimizdir obalarymyzda umumymilli hakydanyň mukaddes ýerlerine öwrülen ýadygärliklere ter gül desseleri goýlup, hakyky Watan ogullarynyň ýagty ýadygärligini hatyralamak asylly däbe öwrüldi. Eziz Diýarymyzyň ähli künjeklerinde gahrymanlaryň öçmejek harby we zähmet edermenligini beýan edýän, bagtyýar durmuşymyzy wasp edýän aýdym-sazly çäreler, sergilerdir maslahatlar guralýar. Ähli edara-kärhanalarda, harby bölümlerde, orta we ýokary okuw mekdeplerinde uruş weteranlary, arzyły Ýeňşi gazanmaga uly goşant goşan milli gahrymanlarymyz, kümüş saçly enelerimiz, zähmetkeşler bilen ýaş nesli belent watançylyk, ynsanperwerlik ruhunda terbiýelemäge ýardam edýän duşuşyklar geçirilýär. Ýeňiş güni mynasybetli uruş weteranlaryna, uruşda wepat bolanlaryň maşgalalaryna, Arkadagly Gahryman Serdarymyz, Siziň adyňyzdan sowgatlar gowşurylýar. Bagtyýar döwrümize guwanyp ýaşaýan, dili senaly ýaşulular döwlet tarapyndan döredilýän durmuş ýeňillikleri üçin Size tüýs ýürekden çykýan hoşallyklaryny beýan edýärler.

Belent mertebeli Prezidentimiz!

1941 — 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňişde hakyky watançylyk duýgusyny, eziz topraga söýgüsini, deňsiz-taýsyz gaýduwsyzlygyny, harby borja wepalylygyny görkezen gerçekleriň hatarynda Siziň garry ataňyz Berdimuhamet Annaýewiň ady hem hormat bilen tutulýar. Şol ýowuz söweşiň ýalynly ýoluny geçen Watanyň edermen oglunyň sarpasy hemişe belentdir. Beýik Watançylyk urşy ýyllarynda Berdimuhamet Annaýewiň görkezen edermenligi, onuň manyly durmuş ýoly häzirki ýaşlarymyz üçin hakyky watançylygyň, gahrymançylygyň we belent ynsanperwerligiň nusgasydyr.

Hormatly Arkadagly Gahryman Serdarymyz!

Sizi parahatçylygy we ynsanperwerligi dabaralandyrýan Ýeňiş güni mynasybetli ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlaýaryn. Siziň janyňyzyň sag, belent başyňyzyň aman, mertebäňiziň belent bolmagyny, halkymyzyň bagtyýarlygynyň, ýurdumyzyň abadançylygynyň bähbidine amala aşyrýan beýik işleriňiziň hemişe rowaçlyklara beslenmegini arzuw edýärin. Goý, asmanymyz asuda, dünýämiz elmydama parahat bolsun!

Sizi hormatlamak bilen,


Türkmen halkynyň Milli Lideri,
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy,
Gahryman Arkadag Gurbanguly BERDIMUHAMEDOW.