Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallasy bilen 2026-njy ýylyň 1 – 10-njy maýy aralygynda Türkiýe Respublikasynyň Medeniýet we Syýahatçylyk ministrliginiň Döwlet teatrlary baş müdirligi tarapyndan Trabzon şäherinde guralan «Halkara Garadeňiz teatr festiwaly. Döwlet teatrlary – Trabzon-26» halkara teatr festiwalyna bilermenler hökmünde türkmen hünärmenleri hem gatnaşdylar.
Trabzon halkara teatr festiwaly dünýäniň abraýly sungat baýramy hökmünde meşhurdyr. Halkara festiwal şu ýyl 26-njy gezek geçirilip, oňa dünýäniň dürli yklymlaryndan onlarça belli teatrlar gatnaşdylar. Şu ýyl geçirilen «Halkara Garadeňiz teatr festiwaly. Döwlet teatrlary – Trabzon-26» halkara teatr festiwalynyň çäginde dünýäniň dürli ýurtlarynyň teatrlarynyň sahna oýunlarynyň 15-si, çagalar üçin gurjak oýunlarynyň 7-si, sergileriň 3-si, kino we sahna egin-eşikleriniň sergileriniň 8-si, teatr hünärmenleriniň gatnaşmagyndaky maslahatlaryň 2-si geçirildi.

Türkmen hünärmenleri halkara bilermenler toparynyň agzalary hökmünde sahna oýunlarynyň kämilligine baha berdiler, ara alnyp maslahatlaşmalaryna, aktýorlaryň, režissýorlaryň ussatlyk-tejribe alyş sapaklaryna gatnaşdylar.
Ýurdumyzda mukaddes Garaşlygymyzyň 35 ýylynyň dowamynda, şeýle hem häzirki wagtda Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary bilen ýurdumyzda gurlup ulanylmaga berlen, döwrebap tehnologiýalar bilen üpjün edilen teatrlarymyz we sirklerimiz barada türkmen hünärmenleriniň çykyşlary hem-de ýurdumyzyň teatrlarynda hem-de sirklerinde goýulýan sahna oýunlarynyň, sirk tomaşalarynyň mazmuny, halkara festiwallarynda gazanylýan abraýly ýeňişleri bilen tanyşdyrýan wideo şekiller halkara teatr festiwalyna gatnaşanlarda aýratyn buýsanç döretdi.

Geçirilen bu döredijilik duşuşyklaryna dünýäniň belli teatr we kino sungatynyň wekilleri hem-de medeniýet we sungat işgärleri, dramaturglar, edebiýatçylar, taryhçylar, medeniýeti öwrenijiler, şahyrlar we belli döredijilik işgärleri gatnaşyp, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň milli sungatymyzy ösdürmekde berýän yzygiderli goldaw-hemaýatlarynyň, dünýä döwletleri bilen häzirki zaman medeni gatnaşyklarynyň barha berkemeginde alyp barýan işleriniň nusgalyk ýörelge bolup durýandygy bellenildi. Çykyşlaryň dowamynda Arkadag şäheriniň A.Gulmämmedow adyndaky döwlet drama teatrynda döredilen mümkinçilikleri wasp edýän wideoşekiller hem görkezildi.
Halkara teatr festiwalynyň çäginde Türkiýe Respublikasynyň Medeniýet we Syýahatçylyk ministrliginiň Döwlet teatrlary baş müdirliginiň wekilleri hem-de teatr ýolbaşçylary bilen teatrlaryň arasyndaky gatnaşyklaryň ösdürilmegi boýunça meseleleri, şeýle hem halkara teatr festiwallaryny geçirmek boýunça tejribe alyşmak işleri ara alyp maslahatlaşyldy.
«Halkara Garadeňiz teatr festiwaly. Döwlet teatrlary – Trabzon-26» halkara teatr festiwalyna işjeň gatnaşandygy üçin festiwalyň kubogy hem-de teatr sungatynda halkara gatnaşyklary ösdürmekde goşantlary üçin türkmen hünärmenleri Minnetdarlyk hatlary bilen sylaglandylar.
Agamyrat Baltaýew,
Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň teatrlar we tomaşa edaralary bölüminiň başlygy.