7-nji maýda türkmen paýtagtyndaky «Magtymguly Pyragy» medeni-seýilgäh toplumynda meşhur hindi şahyry we filosofy Rabindranat Tagoryň doglan gününiň 165 ýyllygyna bagyşlanan dabaraly çäre geçirildi. Oňa Hindistanyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň we ýurdumyzyň Medeniýet ministrliginiň wekilleri, jemgyýetçilik işgärler, Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynda hindi dilini öwrenýän talyplar gatnaşdylar.

Medeni-seýilgäh toplumy Köpetdagyň gözel-görkana eteginde ýerleşýär. Bu ýerde dünýäniň dürli ýurdundan bolan tanymal ýazyjylaryň we akyldarlaryň «köçesinde» Rabindranat Tagoryň ýadygärligi oturdyldy.

Çäräniň dowamynda ýoga boýunça gyzykly çykyşlar boldy, sazly-wokal eserler ýerine ýetirildi, şeýle hem hindi şahyrynyň goşgulary onuň ene dilinde okaldy. Rabindranat Tagoryň goşgularyny Türkmenistanyň ýokary okuw mekdebiniň talyplary ýatdan aýtdylar.

Hindistanyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Bandar Wilsanbabu çärä gelenleriň öňünde çykyş etmek bilen, şahyryň hoşniýetlilige, ynsanperwerlige we sylanyşyga esaslanýan dünýägaraýşynyň baş ýörelgesini aýratyn nygtap geçdi.

«Jyns, din, dil we beýleki tapawutlar bilen çuňňur bölünen dünýäde Rabindranat Tagor umumadamzat gymmatlyklarynyň – ynsanperwerligiň we agzybirlikli parahat ýaşaşmagyň goragçysydy. Rabindranat Tagoryň ýadygärliginiň beýik türkmen şahyry Magtymguly Pyragynyň adyny göterýän bu gözel seýilgähde gurulmagy begendirijidir, çünki bu Hindistan bilen Türkmenistanyň arasyndaky dostluk gatnaşyklarynyň aýdyň ýüze çykmagydyr. Men bu iki dostlukly ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygyň Hindistanyň Premýer-ministri Narendra Modiniň we Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň öňdengörüjilikli baştutanlygynda geljekki ýyllarda täze belentliklere ýetjekdigine ynanýaryn» diýip, diplomat aýtdy.

Öz gezeginde, Türkmenistanyň medeniýet ministriniň orunbasary G. Myradalyýew Hindistan Respublikasynyň ýurdumyzdaky ilçihanasy tarapyndan guralan Rabindranat Tagoryň doglan gününiň 165 ýyllygynyň baýram edilmeginiň türkmen we hindi halklarynyň arasyndaky berk dostluk gatnaşyklaryny has-da pugtalandyrmaga goşant goşjakdygyny nygtady.
«Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiziň we Hindistanyň Premýer-ministri Narendra Modiniň ýadawsyz tagallalary netijesinde ýurtlarymyzyň halklarynyň arasyndaky gatnaşyklar täze derejä çykýar. Rabindranat Tagor diňe hindi halkynyň däl, eýsem ähli adamzadyň şahyrydyr. Onuň eserleri serhet bilmeýär: olar dürli halklaryň kalbynda dostlugyň, parahatlygyň we ynsanlygyň islegini oýarýar. Rabindranat Tagoryň mirasy Türkmenistanyň ýokary okuw mekdeplerinde, esasan hem halkara gatnaşyklar we medeniýet bilen baglanyşykly ugurlarda giňden öwrenilýär. Onuň baý döredijilik mirasy türkmen we hindi halklarynyň arasynda dostluk köprüsi bolup hyzmat edýär» diýip, G.Myradalyýew aýtdy.
Rabindranat Tagor hemmetaraplaýyn ösen şahsyýet bolmak bilen şahyr, ýazyjy, dramaturg, filosof, kompozitor, suratkeş we mugallymdy. 1913-nji ýylda ol «Gitanjali» goşgular ýygyndysy üçin edebiýat boýunça Nobel baýragyna mynasyp bolan ilkinji ýewropaly däl şahyrdyr.