Ï Halkara kinofestiwaldaky nobatdaky üstünlik
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Halkara kinofestiwaldaky nobatdaky üstünlik

view-icon 46
Halkara kinofestiwaldaky nobatdaky üstünlik

Hormatly Prezidentimiziň goldaw-hemaýatlary bilen Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen kino sungatyny täze derejä çykarmak, döwrebap filmleri surata düşürmek, surata düşürilýän filmleri halkara giňişlikde dabaralandyrmak üçin giň mümkinçilikler, şol sanda daşary ýurtlarda geçirilýän halkara kinofestiwallara gatnaşmak babatda amatly şertler döredilýär. Şeýle halkara çärelere gatnaşýan türkmen filmleri baýrakly orunlara mynasyp bolýar. Munuň şeýledigine ýakynda Türkiýe Respublikasynyň Izmir şäherinde geçirilen «Turan» halkara kinofestiwalynyň netijelerinden hem göz ýetirmek bolýar.

Bu halkara kinoforumyň maksady kinematografiýa ulgamynda hyzmatdaşlygy pugtalandyrmakdan, kino sungatyny ösdürmekden, dünýä jemgyýetçiligini türki halklaryň medeniýeti bilen tanyşdyrmakdan ybaratdyr. Bu çärä türki döwletler bilen bir hatarda, beýleki birnäçe ýurtlaryň hem kino sungaty boýunça wekilleriniň, şol sanda meşhur kino hünärmenleriniň, aktýorlaryň, bilermenleriň gatnaşmaklary bu ugurda giň gerimli hyzmatdaşlygyň ýola goýlandygyna şaýatlyk edýär.

Türkiýe Respublikasynyň Medeniýet we syýahatçylyk ministrligi bilen Türki medeniýetiň halkara guramasynyň (TÜRKSOÝ) bilelikde guramagynda geçirilen «Turan» halkara kinofestiwalyna dünýäniň 90-dan gowrak döwletinden 2 müňden agdyk film hödürlenildi. Bu döredijilik çäresine ýurdumyzdan Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň Oguz han adyndaky «Türkmenfilm» birleşigi hem-de «Mahabat» müdirligi tarapyndan surata düşürilen filmler gatnaşdyryldy.

Kinofestiwalda Oguz han adyndaky «Türkmenfilm» birleşiginiň we «Mahabat» müdirliginiň surata düşüren filmleri degişli baýraklara mynasyp boldy. Hususan-da, Batyr Batyrowyň «Ýeňişli ädimler» atly çeper filmi «Iň gowy çeper film» ugry boýunça «Gyzyl alma» baýragyna, Mekan Gurbanalyýewiň «Mähir terbiýesi» atly gysga göwrümli filmi «Iň gowy gysga göwrümli film» ugry boýunça «Gyzyl alma» baýragyna, Röwşen Welmiýewiň «Meniň oýnum» atly multfilmi eminler toparynyň ýörite baýragy bolan «Gyzyl alma» baýragyna mynasyp görüldi. Soňky ýyllarda türkmen kinematografiýasynyň durnukly ösüş ýoluna düşendigini, milli medeniýetimizi we sungatymyzy, şol sanda kino sungatyny ösdürmekde Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň yzygiderli tagallalary bilen giň mümkinçilikleriň döredilendigini aýdyň ýüze çykarýan bu filmler beýan edýän mazmuny babatda, düşürilişiniň aýratynlyklary boýunça tomaşaçylarda, eminlerde aýratyn täsirleri galdyrdy.

Mälim bolşy ýaly, Gahryman Arkadagymyzyň başlangyçlary esasynda ýola goýlan işleriň netijesinde Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary bilen beýleki ugurlarda bolşy ýaly, medeniýet ulgamynda amala aşyrylýan işler hem döwrüň talaplaryndan ugur alýar. Alnyp barylýan işlerde ýurdumyzyň ösüşiniň möhüm ugurlarynyň biri hökmünde milli medeniýetimizdäki özgerişliklere ünsüň gönükdirilmeginiň özeninde halkymyzyň şu güni we geljegi baradaky aladalar durýar. Hormatly Prezidentimiz medeniýet ulgamynda amala aşyrylmaly özgertmeler baradaky wezipeleri kesgitlemek bilen, ilatyň biliminiň we umumy medeniýetiniň halkyň milliligi esasynda dünýä ölçeglerine laýyk derejä galdyrylmalydygyny belleýär. Munuň özi raýatlarda kalby joşgunlylyk, ruhubelentlik, watansöýüjilik ýaly belent duýgulary kemala getirýär.

Medeniýet ulgamynda alnyp barylýan işler halkymyzyň ruhy-ahlak mümkinçiliklerini artdyrmagyň netijeli guraly hökmünde döwlet syýasatynyň möhüm ugurlarynyň birine öwrüldi. Şunda türkmen halkynyň baý ruhy we medeni mirasynyň öwrenilmegine, giňden wagyz edilmegine wajyp wezipe hökmünde garalýar. Şoňa görä-de, hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň medeniýet we sungat ulgamyny, şol sanda kino sungatyny ösdürmäge uly üns berýär. Şunlukda, bu ugurda degişli işler geçirilip, kinorežissýorlarymyz tarapyndan halkara derejede mynasyp baha eýe bolýan ajaýyp filmler döredilýär.

Türki medeniýetiň halkara guramasy tarapyndan “Turan” halkara kinofestiwalynyň geçirilmegi kinematografiýa eserleri arkaly türki dünýäniň gymmatlyklaryny tutuş dünýä görkezmäge, bu ulgamdaky hyzmatdaşlygy ösdürmäge gönükdirilendir. Şeýle hem ol ýurtlaryň arasyndaky medeni gatnaşyklaryň has-da ilerledilmegini maksat edinýär. Medeni dialogyň esasy wezipesi medeniýetleriň arasynda toplumlaýyn, köptaraply gatnaşyklary ýola goýmakdan, türki halklaryň baý medeni, taryhy mirasyny, sungat we kinematografiýa ulgamlarynda gazanýan üstünliklerini wagyz etmekden, giň döredijilik gatnaşyklaryny höweslendirmekden ybaratdyr.

Şeýlelikde, Türkiýe Respublikasynda geçirilen halkara kinofestiwalda türkmen filmleriniň mynasyp bolan baýraklary Gahryman Arkadagymyzyň saýasynda, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň döredijilik ylhamyny beýan edýän türkmen kino eserleriniň halkara derejede ykrar edilýändiginiň aýdyň güwäsidir.