Ï Baýramçylyk mynasybetli guralan sergi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Baýramçylyk mynasybetli guralan sergi

view-icon 84
Baýramçylyk mynasybetli guralan sergi

Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň güni mynasybetli Daşoguz welaýatynyň Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde ýerli suratkeşleriň eserlerinden ybarat sergi guraldy.

«Mukaddes baýdagymyz we Esasy Kanunymyz döwletimiziň sarsmaz sütünidir» at bilen guralan sergi ýurdumyzyň esasy nyşanlary bolan Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň gününe bagyşlanyp, tomaşaçylarda ýokary watansöýüjilik duýgularyny döredýär. Bu ýerde milli gymmatlyklary şöhlelendirýän, dogduk mekanyň täsin tebigatyny, binagärlik ýadygärliklerini hem-de taryhy desgalary beýan edýän dürli görnüşdäki surat eserleri görkezilýär. Ýurdumyzyň döwlet nyşanlaryny wasp edýän ähli işler Watana bolan söýgüden joşýar. Olar döwletimiziň giň gerimli gazananlary we üstünlikli amala aşyrylýan durmuş-ykdysady özgertmeleri barada giňişleýin düşünje berýär.

Sergide Şabat etrabyndan bolan suratkeş, bilim işgäri B.Şamyradowyň köp sanly eserleri hem görkezilýär. Onuň milli äheňde ýerine ýetirilen tebigatyň gözel görnüşleri, natýurmortlary we portretleri, reňkleriň ýakymly öwüşginleriniň ussatlyk bilen saýlanylyşy Türkmenistanyň tebigatynyň gözelligini, medeniýetiniň we taryhynyň baýlygyny täsirli açyp görkezýär.

Serginiň heýkeltaraşlyk bölümi Türkmenistanyň Suratkeşler birleşiginiň agzasy Baýgeldi Annamedowyň işleri bilen tanyşdyrýar. Onuň diýseň hakyky keşpde ýerine ýetiren eserleri ahalteke bedewleriniň gözelligini, näzikligini we çalasynlygyny inçe duýgy bilen beýan edýär.

Sergidäki ähli gymmatlyklar halkymyzyň döredijilikli zähmetini, Watanymyzyň gülläp ösüşini aýdyň şöhlelendirýär.