Ï Eziz Döwletow Türkmenistanyň Tennis federasiýasynyň başlygy wezipesine täzeden saýlandy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Eziz Döwletow Türkmenistanyň Tennis federasiýasynyň başlygy wezipesine täzeden saýlandy

view-icon 285
Eziz Döwletow Türkmenistanyň Tennis federasiýasynyň başlygy wezipesine täzeden saýlandy
camera-icon
Türkmenistanyň Tennis federasiýasy

35 ýaşly sport ussady Eziz Döwletow Türkmenistanyň Tennis federasiýasynyň (TTF) başlygy wezipesine dört ýyllyk möhlet bilen täzeden saýlandy. Aşgabatda geçirilen hasabat-saýlaw maslahatynda paýtagtymyzdan we ýurdumyzyň welaýatlaryndan gelen 35 wekil onuň dalaşgärligine biragyzdan ses berdiler.

E.Döwletow 2018-nji ýyldan bäri Türkmenistanyň Tennis federasiýasynyň baş sekretary, 2021-nji ýyldan 2022-nji ýylyň ortalaryna çenli bolsa TTF-niň başlygynyň orunbasary wezipelerini eýeledi. Mundan öň, türgen hökmünde 2013-nji ýylda Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň düzüminde Dewisiň Kubogy ugrundaky zolaklaýyn ýaryşyň (Aziýa we Okeaniýa zolagynyň IV topary) ýeňijisi boldy.

Eziz Döwletow 2012-nji ýylda Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutyny tamamlady, 2015-nji ýylda Moskwa döwlet uniwersitetinde MBA (biznes-dolandyryşyň magistri) derejesini aldy, 2021-nji ýylda bolsa Russiýanyň halkara olimpiýa uniwersitetini «Sport dolandyryşynyň ussady» maksatnamasy boýunça tamamlady.

E.Döwletow 2020-nji ýyldan bäri Halkara tennis federasiýasynyň (HTF) prezidentiniň ýanyndaky dünýäde Dewisiň Kubogyny (Davis Cup) we Billi Jin King Kubogyny (Billie Jean King Cup) geçirmek boýunça halkara işçi toparynyň agzasydyr.

Eziz Döwletow 2022-nji ýylyň 29-njy iýunynda Aşgabatda geçirilen maslahatda ilkinji gezek Türkmenistanyň Tennis federasiýasynyň başlygy wezipesine saýlandy, 2023-nji ýylyň dekabrynda bolsa Aziýanyň tennis federasiýasynyň (ATF) wise-prezidenti wezipesine bellenildi we şu yklymlaýyn guramanyň direktorlar geňeşiniň düzümine girdi. Türkmen sportunyň taryhyndaky bu şanly waka Bangkokda (Tailand) geçirilen, guramanyň prezidentiniň, dolandyryş agzalarynyň saýlawlary hem-de wise-prezidentiniň bellenilmegi bolup geçen ATF-niň kongresinde amala aşyryldy.

Şeýlelikde, Türkmenistanyň wekili öz düzüminde 54 ýurduň milli assosiasiýalaryny birleşdirýän Aziýanyň tennis federasiýasynyň ýolbaşçy düzümine ilkinji gezek girdi. Bu waka milli sport diplomatiýasynyň täze üstünligi boldy, ol hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň we türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň sport ulgamynda, şol sanda tennisi ösdürmek we dolandyryjylaryň ýaş neslini ýetişdirmek boýunça alyp barýan öňdebaryjy syýasaty netijesinde mümkin boldy.

Maslahatda bellenilip geçilişi ýaly, Türkmenistanyň Tennis federasiýasynyň Aşgabatda 12 ýaşa çenli çagalaryň arasynda Merkezi Aziýanyň toparlaýyn çempionatyny guramak boýunça bitiren işi Aziýanyň tennis federasiýasy tarapyndan ýokary baha mynasyp boldy. 2023-nji ýylyň iýunynda türkmen paýtagtynyň Olimpiýa şäherçesinde Owganystanyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Özbegistanyň, Täjigistanyň we Türkmenistanyň toparlarynyň gatnaşmagynda geçirilen we Aşgabatda eýýäm ikinji gezek guralan sebit çempionatyny ATF-niň ýolbaşçylary tennis ýaryşlaryny guramagyň nusgalyk guralyşy diýip atlandyrdylar.

Şeýle hem 2024-nji ýylda geçirilen Aziýanyň tennis federasiýasynyň Baş assambleýasynda Türkmenistanyň Tennis federasiýasynyň Aziýada iň çalt ösýän guramalaryň biri hökmünde ykrar edilmegi bellenilmäge mynasypdyr. Munuň subutnamasy hökmünde Türkmenistanyň 12 ýaşa çenli oglanlar toparynyň 2023-nji ýylda Merkezi Aziýanyň birinjiliginde görkezen gowy netijesini görkezmek bolar. Geçen ýaryşlarda olar ilkinji gezek Özbegistanyň ýygyndy toparyny utmagy başardylar we Astanada geçirilen final tapgyryna ilkinji gezek çykdylar. 2025-nji ýylda bolsa Ferganada geçirilen Merkezi Aziýanyň birinjiliginde gyzlar topary hem şunuň ýaly üstünligi gazanyp, Singapurda geçiriljek 12 ýaşa çenli ýetginjekleriň arasyndaky tennis boýunça Aziýanyň toparlaýyn birinjiliginde ilkinji gezek çykyş etmek hukugyny gazandylar.

Maslahatda Halkara tennis federasiýasynyň (HTF) prezidenti Dewid Haggertiniň we Aziýanyň tennis federasiýasynyň (ATF) prezidenti Ýuriý Polskiýniň biziň ýurdumyza ilkinji iki günlük saparynyň Türkmenistanyň sport durmuşynda taryhy waka bolandygy bellenildi. 2024-nji ýylyň 27-nji martynda myhmanlar hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow tarapyndan kabul edildi. Duşuşygyň dowamynda sporty höweslendirmäge we goldamaga, jemgyýetde sagdyn we işjeň durmuş ýörelgelerini berkitmäge aýratyn üns berilýän Türkmenistan bilen netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmäge HTF-niň we ATF-niň gyzyklanma bildirýändigi beýan edildi. Biziň ýurdumyzda bu ugurda uly üstünlikleriň gazanylandygyny nygtap, jenap Dewid Haggerti döwlet Baştutanymyza Türkmenistanda tennisiň ösmegine goşan goşandy üçin HTF-niň güwänamasyny gowşurdy.

Şol ýylda Aşgabadyň Olimpiýa şäherçesiniň Tennis toplumy Aziýanyň tennis federasiýasy tarapyndan «Tennis boýunça Aziýa sebitiniň okuw-türgenleşik merkezi» diýlip ykrar edildi. Degişli güwänamasy 1-nji iýunda Aşgabadyň Olimpiýa şäherçesinde geçirilen dabarada HTF-niň Aziýada tennisi ösdürmek boýunça wekili Seýedamir Borghei gowşurdy.

Maslahatda şeýle hem amala aşyrylýan giň gerimli, köptaraply işler, şol sanda Türkmenistanyň Tennis federasiýasy tarapyndan alnyp barylýan işler netijesinde türkmen paýtagtynyň iň ýokary derejeli ýaryşlary geçirmek üçin ähli şertleri bolan, dünýä sportunyň çalt ösýän merkezi hökmünde halkara giňişliginde ýokary abraý gazanandygy nygtaldy. Şonuň üçin hem 2024-nji ýylyň 24-nji maýynda türkmen paýtagtynda geçirilen GDA-nyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisiniň degişli Çözgüdine laýyklykda, paýtagtymyz Aşgabat şäheriniň «Arkalaşygyň täze sport mümkinçilikleriniň şäheri» diýlip yglan edilmegi halkara sport jemgyýetçiligi tarapyndan Türkmenistana bolan aýratyn ynamyň subutnamasy, biziň ýurdumyzyň bedenterbiýäni we sporty ösdürmekdäki hem-de wagyz etmekdäki, bu ugurdaky halkara hyzmatdaşlygy berkitmekdäki hyzmatlarynyň ykrar edilmegi boldy.

Ýewropanyň we Aziýanyň 12 ýurdundan – Beýik Britaniýadan, Hindistandan, Eýrandan, Iordaniýadan, Gazagystandan, Malaýziýadan, Birleşen Arap Emirliklerinden, Pakistandan, Täjigistandan, Türkiýeden, Özbegistandan we Türkmenistandan 14 ýaşa çenli ýetginjek oglan-gyzlaryň arasynda üstünlikli geçen «Ashgabat Open 2024» halkara tennis ýaryşy hem Aşgabadyň ykrar edilen halkara sport merkezine öwrülmeginiň, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda amala aşyrylýan bedenterbiýäni we sporty ösdürmek boýunça maksatlaýyn strategiýanyň Halkara we Aziýa tennis federasiýalary tarapyndan giňden goldanylmagynyň täze aýdyň subutnamasy boldy. Bu ýaryşyň geçirilen ýeri «Tennis boýunça Aziýa sebitiniň okuw-türgenleşik merkezi» boldy, bu ýerde 2025-nji ýylyň awgustynda ilkinji gezek hünär derejeli HTF-niň «Level 2» okuw sebit tälimçiler maslahaty guraldy. Maslahat jemi 15 tälimçini – Türkmenistandan 11 we Bahreýnden, Iordaniýadan, Saud Arabystanyndan hem-de Özbegistandan 4 tälimçini bir ýere jemläp, olara ýokary derejeli tennisçileri taýýarlamak üçin öz hünär derejelerini ýokarlandyrmaga ajaýyp mümkinçilik berdi.

Häzirki wagtda Türkmenistanyň Tennis federasiýasynyň bilim ulgamy Halkara tennis federasiýasy tarapyndan ygtyýarlandyryldy we tassyklanyldy, bu bolsa Türkmenistanyň Tennis federasiýasyna özbaşdak «Play tennis» okuwlaryny geçirmäge we HTF-niň adyndan güwänamalar gowşurmaga mümkinçilik berýär.

Maslahatda şeýle hem TTF-niň ýolbaşçylarynyň halkara hyzmatdaşlygy berkitmek boýunça alyp barýan işjeň zähmeti bellenilip geçildi.

Hususan hem, Türkmenistanyň Tennis federasiýasy Russiýanyň halkara olimpiýa uniwersiteti – Russiýanyň Soçi şäherinde ýerleşýän, sport biznes-bilimi baradaky dünýäde ilkinji ýokary okuw mekdebi bilen hyzmatdaşlyk barada Ylalaşyga gol çekdi. Resminama Türkmenistanda olimpiýa hereketi we sport ulgamynda ýokary derejeli sport menejerlerini taýýarlamakda ýakyn özara baglanyşygy göz öňünde tutýar. 2025-nji ýylda bolsa TTF we BMG-niň Çagalar gaznasy (ÝUNISEF) maýyplygy bolan çagalara sport bilen meşgullanmaga mümkinçilik berip, Türkmenistanda ilkinji gezek «Arabada oýnalýan tennis» maksatnamasyny ýola goýdular.

Şeýle hem 2025-nji ýylyň oktýabrynda geçirilen Aziýanyň tennis federasiýasynyň Baş Assambleýasynda we direktorlar geňeşiniň ýygnanyşygynda Türkmenistanda tennisiň meşhurlygynyň çalt ösýändigi bellenildi, ýurdumyzyň Hökümetine bu meşhur olimpiýa sport görnüşiniň ösmegine berýän goldawy üçin hoşallyk bildirildi, şeýle hem Türkmenistanyň Milli olimpiýa komitetiniň we Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komitetiniň goldamagynda «Tennis boýunça Aziýa sebitiniň okuw-türgenleşik merkezinde» geçirilen Halkara tennis federasiýasynyň «Level 2» sebit tälimçiler maslahatynyň guralyşyna ýokary baha berildi.

ATF-niň ýolbaşçylary tarapyndan türkmen tennisçileriniň halkara ýaryşlarynda, şol sanda 12 we 14 ýaşdan uly bolmadyk Aziýanyň birinjiliklerindäki şowly çykyşlary hem bellenildi.

Mundan başga-da, Kolomboda (Şri-Lanka) geçirilen «Billie Jean King Cup (Group III Asia/Oceania)» sebitleýin ýaryşynda Türkmenistanyň zenanlar topary ikinji orny eýeledi. Türkmenistanyň erkekler ýygyndysy bolsa Türkiýäniň Manawgat şäherinde ilkinji gezek abraýly «ITF Master’s World Team Championship» ýaryşyna gatnaşyp, ilkinji synanyşykdan dünýäniň iň güýçli sekiz toparynyň hataryna girmegi başardy we bu üstünligi türkmen tennisiniň taryhyna ýazdy.

Şeýle hem milli tennisiň taryhynda ilkinji gezek Türkmenistanyň zenanlar ýygyndysynyň birinji belgili dürli ýaryşlaryň medalçysy Ilima Guseýnowa 14 ýaşdan uly bolmadyk gyzlaryň arasynda Aziýada ikinji raketka boldy.

Erkekler toparymyz Bahreýndäki Dewisiň Kubogynyň zolaklaýyn ýaryşynda uly üstünlik gazanyp, 2026-njy ýylda Aziýa we Okeaniýa zolagynyň IV toparynda çykyş etmek hukugyny gazandylar.

Bu ýyl hem biziň tennisçilerimiz üçin şowly başlandy. Bahreýniň paýtagty Manamada 13 ýurduň wekilleriniň gatnaşmagynda geçirilen 14 ýaşdan uly bolmadyk oýunçylaryň arasynda tennis boýunça Günbatar we Merkezi Aziýanyň çempionatynda Türkmenistanyň ýaş türgen gyzlary çykyşlaryny dabaraly tamamladylar. Iki hepdelik saýlama ýaryşlaryň – Halkara tennis federasiýasynyň resmi derejesine eýe bolan we 2027-nji ýylyň Wimbledon we Australian Open ýetginjekler ýaryşlaryna saýlamagyň tapgyrlarynyň biri bolan «ITF Asia 14&U Development Championships» ýaryşynyň jemleri boýunça biziň watandaşlarymyz Näzli Hudaýgulyýewa we Sülgün Işangulyýewa ýekelikde we jübütleýin bäsleşiklerindäki çykyşlarynda iki gezek hormat münberiniň iň ýokary basgançagyna çykdylar.

Türkmenistanyň 16 ýaşa çenli ýetginjekler ýygyndysy bolsa şu ýylyň martynda Kolomboda geçirilen saýlama tapgyryň deslapky tapgyryndaky çykyşlarynyň jemleri boýunça, Şimkentde (Gazagystan) Aziýa sebitiniň iň gowy 16 toparynyň gatnaşmagynda geçiriljek 16 ýaşa çenli ýetginjekleriň arasyndaky Dewisiň Kubogynyň saýlama ýaryşynyň final tapgyrynda çykyş etmek hukugyny ilkinji gezek gazandylar.

Foruma gatnaşyjylar şeýle hem Türkmenistanyň Tennis federasiýasynyň düzümine täze agzalary kabul etmek ugrunda biragyzdan ses berdiler we TTF-niň täze Dolandyryş geňeşini, başlygyň orunbasarlaryny we baş sekretaryny saýladylar. Türkmenistanyň Tennis federasiýasynyň başlygynyň orunbasarlygyna Ezizmyrat Annamyradow, Nikolaý Şeguns, Ata Eýeberdiýew we Mirali Gasanow, TTF-niň baş sekretarlygyna bolsa Ogultäç Gurbanberdiýewa saýlandylar.

Maslahatyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar sporty ösdürmek meselelerine berýän uly ünsi üçin hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa we türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza tüýs ýürekden hoşallyk bildirdiler hem-de Watanyň sport abraýyny artdyrmak ugrunda ähli güýçlerini gaýgyrmajakdyklaryna ynandyrdylar.