Ï «Hary bülbül» atly halkara festiwalynda milli sungatymyz dabaralandy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

«Hary bülbül» atly halkara festiwalynda milli sungatymyz dabaralandy

view-icon 137
«Hary bülbül» atly halkara festiwalynda milli sungatymyz dabaralandy

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde milli sungatymyz dost-doganlygyň nyşany bolup dünýä ýaýylýar. Medeniýet we sungat ussatlarymyza halkara derejesindäki festiwallara gatnaşyp, milli sungatymyzyň dürdänelerini Ýer ýüzüniň halklaryna ýеtirmägе giň mümkinçilikler döredilýär.

Şu ýylyň 14 – 15-nji maýy aralygynda Azerbaýjan Respublikasynyň Şuşa şäherinde geçirilen «Hary bülbül» atly 9-njy halkara festiwalyna ençeme döwletlerden döredijilik toparlary gatnaşdy. Ýurdumyzdan bu festiwala «Türkmengaz» döwlet konserniniň «Işçi iýmiti üpjünçiligi we hyzmatlar» müdirliginiň Medeni-işewürlik merkeziniň «Galkynyş» folklor topary gatnaşyp, milli folklor sungatymyzy halkara derejesinde dabaralandyrdy.

Halkara festiwalda «Türkmengaz» döwlet konserniniň «Işçi iýmiti üpjünçiligi we hyzmatlar» müdirliginiň Medeni-işewürlik merkeziniň «Galkynyş» folklor toparynyň çykyşlary milli sungatymyzyň köpöwüşginliligini açyp görkezdi.