«Türkmenistanda temmäkä garşy göreşmek boýunça 2026-njy ýylyň maý aýynyň 1 – 31-i aralygynda geçiriljek çäreleriň Meýilnamasyna» laýyklykda paýtagtymyzyň Erkin döredijilik mekanynda ýaşlaryň arasynda sagdyn durmuş ýörelgesini wagyz etmäge gönükdirilen wagyz-nesihat çäresi geçirildi.
Çärä Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlary, Türkmenistanyň Ýokary kazyýetiniň, Türkmenistanyň Baş prokuraturasynyň, Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň ugurdaş düzümleriniň, şol sanda ýol gözegçiligi we jenaýat agtaryş gulluklarynyň hünärmenleri, şeýle hem Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň ýolbaşçylary we Aşgabat şäher neşekeşligiň, arakhorlugyň we ruhy keselleriň öňüni alyş merkeziniň lukmançylyk hünärmenleri gatnaşdylar.
Duşuşygy guraýjylar ýaşlaryň ünsüni zyýanly endikleriň howplaryna hem-de ýaşlaryň arasynda bedenterbiýäni, ruhy gymmatlyklary we milli däp-dessurlary wagyz etmegiň ähmiýetine çekdiler. Munuň bilen birlikde, hünärmenler hukuk bozulmalarynyň öňüni almak we ýol hereketiniň kadalaryny berk berjaý etmek meselelerini jikme-jik seljerdiler. Söhbetdeşligiň çäklerinde çykyş edenler internet ulgamyndan sowatly peýdalanmak medeniýetini ösdürmegiň wajyp temalaryna hem ünsi çekdiler.

Çykyş edenler milletimiziň saglygynyň we ýaşlaryň sazlaşykly ösmeginiň ýurdumyzyň durmuş-ykdysady taýdan üstünlikli ösüşiniň esasy şertleri bolup durýandygyny nygtadylar. Gatnaşyjylar ýaşlaryň hukuklaryny goramagyň we ýaş maşgalalary goldamagyň çäklerinde döwlet tarapyndan alnyp barylýan kanunçylyk çäreleri barada giňişleýin durup geçip, Türkmenistanda raýatlaryň döwrebap bilim almagy we aň-bilim mümkinçiliklerini amala aşyrmaklary üçin ähli şertleriň döredilendigini bellediler.
Çäre pikir alyşmalar bilen tamamlandy, onuň dowamynda ýaşlar hünärmenlere özlerini gyzyklandyrýan sowallary bermäge mümkinçilik tapdylar. Çärä gatnaşyjylar hukuk goraýjy edaralaryň we jemgyýetçilik guramalarynyň wekillerine täsirli çykyşlary üçin tüýs ýürekden sagbolsun aýtdylar hem-de yzygiderli geçirilýän wagyz-nesihat işleriniň ýokary ähmiýetini tassykladylar.

Çäräniň ahyrynda oňa gatnaşyjylar türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyza we hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa halkyň bagtyýar durmuşy hem-de ýurdumyzyň ýaş nesli üçin sagdyn geljegi kemala getirmek barada edýän taýsyz tagallalary üçin çuňňur hoşallyk bildirdiler.