Ï Aşgabat – ýaş nesilleriň mümkinçilikleriniň şäheri
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Aşgabat – ýaş nesilleriň mümkinçilikleriniň şäheri

view-icon 347
Aşgabat – ýaş nesilleriň mümkinçilikleriniň şäheri

Her bir şäheriň taryhynda jemleri jemlemäge we geljege nazar aýlamaga mümkinçilik berýän aýratyn seneler bolýar. Türkmenistanyň paýtagty üçin 25-nji maý şeýle möhüm günleriň biridir. Bu senede ak mermerli paýtagtymyz dabaraly ýagdaýda Aşgabat şäheriniň gününi belleýär. Şeýle hem şol gün ýurdumyzyň bilim edaralarynda müňlerçe ýaşlar üçin soňky jaň ýaňlanyp, ýaş oglanlar we gyzlar üçin şol gün baýramçylyga öwrülýär. Şeýle manyly gabat gelme Aşgabat şäheriniň ýaşlaryň şäheridigini aýratyn nygtaýar.

Taryhyň ölçegleri boýunça 145 ýyl ýaşlyk döwri hasaplanýar. Öz baýramynda paýtagtymyz ýaş nesiller üçin özüne çekiji, dinamiki merkez hökmünde çykyş edýär. Hut şu ýerde ýurdumyzyň ösüşine goşant goşmaga taýýar, milli mirasa uly hormat goýýan we döwrebaplygyň talaplaryna laýyk hereket edýän zehinli ýaşlar jemlenýär. Häzirki wagtda türkmen ýaşlary täze tehnologiýalary işjeň özleşdirýärler, daşary ýurt dillerini erkin bilýärler hem-de dünýä giňişliginde özlerini ynamly görkezýärler.

Ýaş oglanlar we gyzlar halkara derejeli ders we tehnologik olimpiadalara yzygiderli gatnaşyp, ýokary netijeleri gazanýarlar. Olar Türkmenistanyň adyndan ýüzbe-ýüz hem-de onlaýn görnüşlerde üstünlikli çykyş edýärler. Şeýle üstünlikler ýaşlaryň intellektual we döredijilik ösüşi üçin ähli zerur şertleri döredýän döwlet syýasatynyň netijesidir. Sebäbi hut ýaş nesiller ýurdumyzyň geljegini kesgitlejek esasy güýç bolup durýar.

Aşgabatda halkara derejesindäki ýokary bilim ulgamynyň berk binýadynyň döredilmegi ýaşlara sanly döwürde zerur bolan hünärleri ele almaga giň mümkinçilik berýär. Ýurdumyzyň talyplary häzirki zaman bakalawr we magistr derejeleri boýunça daşary ýurt dillerinde bilim alyp, öňdebaryjy dünýä tejribelerini özleşdirýärler. Şeýle-de olar okuw döwründe energetika, maglumat tehnologiýalary we diplomatik edaralarda tejribelik geçip, hünär gurşawyna goşulyşýarlar.

Bilim ulgamynyň giň gerimli sanlylaşdyrylmagy bu mümkinçilikler ekoulgamynyň möhüm ugruna öwrüldi. Ýokary okuw mekdepleriniň hersiniň döwrebap web-saýtlarynyň we içerki sanly platformalarynyň bolmagy diňe döwrüň talaby däl, eýsem, ýaş zehinleriň halkara ylmy jemgyýetçiligine goşulyşmagynyň täsirli guralydyr. Munuň netijesinde talyplar halkara ylmy taslamalara, hakatonlara we maslahatlara onlaýn görnüşde gatnaşyp, daşary ýurtly kärdeşleri bilen hyzmatdaşlyk edýärler hem-de öz innowasion taslamalaryny dünýä derejesinde tanyşdyrýarlar.

Mundan başga-da, şäher nazaryýet bilen tejribäniň sazlaşygyny üpjün edýän aýratyn şertleri döredýär. Munuň aýdyň mysaly hökmünde Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň täze ýokary tehnologik şäherçesiniň gurluşygyny görkezmek bolar. Geljekki binagärler we inženerler diňe bir okuw otaglary bilen çäklenmän, täze okuw mekdebiniň gurluşyk meýdançasyna hem yzygiderli baryp görýärler. Olar häzirki zaman gurluşyk materiallaryny tejribede öwrenip, alan bilimlerini amaly taýdan berkidýärler.

Paýtagtymyzyň ýaşlary intellektual üstünlikler bilen birlikde sport işjeňligini we sagdyn durmuş ýörelgesine ygrarlylygyny hem görkezýärler. Munuň üçin Aşgabatda giň sport infrastrukturasynyň döredilmegi uly ähmiýete eýedir. Şeýle desgalaryň iň ulusy Olimpiýa şäherçesidir. Her bir ýokary okuw mekdebinde sport bölümleri hereket edýär, ýokary okuw mekdepleriniň arasynda yzygiderli ýaryşlar geçirilýär. Şeýle ýaryşlarda ýaş türgenler öz okuw mekdepleriniň abraýyny üstünlikli goraýarlar, iň gowy türgenler bolsa halkara derejede çykyş edip, Türkmenistana mynasyp wekilçilik edýärler hem-de baýrakly orunlara eýe bolýarlar.

Aşgabat öz 145 ýyllyk ýubileýini täzelenen we geljege ynamly gadam urýan şäher hökmünde garşy alýar. Bu ösüşiň esasy hereketlendiriji güýji onuň maksada okgunly ýaşlarydyr. Paýtagtymyzda ýaşlaryň ylymda, tehnologiýalarda we sportda öz mümkinçiliklerini doly açmagy üçin ähli şertler döredildi. Halkymyzyň baý taryhy däp-dessurlaryna we mirasyna hormat goýýan täze nesil häzirki zaman innowasiýalaryny üstünlikli ornaşdyryp, ýurdumyzyň geljekde hem durnukly öňegidişligini we gülläp ösüşini üpjün edýär.