Ï «Arkadag» topary öňe saýlandy we «Köpetdag» bilen «Aşgabat» toparlary bolsa garaşylmadyk ýagdaýda güýçli toparlary ýeňdiler
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

«Arkadag» topary öňe saýlandy we «Köpetdag» bilen «Aşgabat» toparlary bolsa garaşylmadyk ýagdaýda güýçli toparlary ýeňdiler

view-icon 44
«Arkadag» topary öňe saýlandy we «Köpetdag» bilen «Aşgabat» toparlary bolsa garaşylmadyk ýagdaýda güýçli toparlary ýeňdiler
camera-icon
tff.com.tm

Ýokary ligasynyň toparlarynyň arasynda geçirilýän futbol boýunça Türkmenistanyň çempionatynyň 9-njy tapgyryndaky duşuşyklary janköýerlere ýatdan çykmajak duýgulary peşgeş berdi. Aşgabatdaky esasy duşuşyk ýaryşyň öňdebaryjy toparynyň çempionlyk islegini ýene bir gezek tassyklady, çempionatyň aşaky basgançagynda ýerleşýän «Köpetdag» bilen «Aşgabat» toparlary bolsa garaşylmadyk ýagdaýda güýçli garşydaşlaryny ýeňip, möhüm üç utuk gazandylar.

Ilki bilen tapgyryň merkezi duşuşygy barada. Köpugurly «Aşgabat» stadionynyň esasy meýdançasynda geçirilen oýunda «Arkadag» topary «Ahal» toparyny ynamly 4:0 hasap bilen ýeňdi. Türkmenistanyň häzirki üç gezeklik çempiony duşuşygyň gidişine doly gözegçilik edip, 27-nji minutda Begenç Akmämmedowyň takyk urgusy bilen hasaby açdy.

Ikinji ýarymda myhmanlar «Ahal» toparyny öz derwezesiniň öňünde gysyp sakladylar we on minudyň dowamynda garşydaşyň derwezesine ýene üç jogapsyz pökgini girizip, uly hasaply ýeňşi üpjün etdiler. Gollary Daýanç Meredow (68-nji minut), Resul Hojaýew (70-nji minut) hem-de Rahman Myratberdiýew (78-nji minut) geçirdiler. Şeýlelikde, «Arkadag» topary möwsümde ýalňyşsyz çykyşyny dowam etdirýär.

Tapgyrdaky iň netijeli we dartgynly duşuşyk Aşgabat şäheriniň Büzmeýin etrabynda geçirildi. Bu ýerde ikinji orunda barýan «Altyn asyr» topary bilen ýaryş tertibiniň soňunda ýerleşýän «Köpetdag» topary duşuşdylar. Myhman hökmünde çykyş eden «Köpetdag» topary birinji ýarymda ajaýyp oýun görkezdi. Duşuşygyň 17-nji minudynda Bahtiýar Gürgenowyň golundan soň 0:1 hasabynda ýeňlip barýan topar gysga wagtda diňe bir hasaby deňlemän, eýsem, öňe-de geçdi. Emir Berdiýew (25-nji minut) we Arslan Saparow (32-nji minut) tapawutlandylar. Iki minutdan soň Röwşengeldi Halmämmedow hasaby deňläp, 2:2 hasap bilen «Altyn asyr» toparyny oýunda saklady. Emma bu ýagdaý hem uzak dowam etmedi. Arakesmä çenli «Köpetdag» ýene iki gezek tapawutlanyp, birinji ýarymy 4:2 hasabynda öz peýdasyna tamamlady. Arslan Saparow 42-nji minutda ýene bir gol geçirip, Emir Berdiýew bolsa 45-nji minutda özüniň ikinji pökgüsini tora girizdi. 50-nji minutda bolsa Arslan Saparow het-trik edip, IIM-niň toparynyň artykmaçlygyny 5:2-ä ýetirdi.

Duşuşygyň soňlarynda meýdançada dartgynly ýagdaýlar ýüze çykdy. 93-nji minutda Myrat Annaýew «Altyn asyr» toparynyň hasapdaky yza galmasyny iki pökgä çenli azaltdy. Şondan soň «Köpetdag» toparynyň futbolçylary duýgularyna erk edip bilmediler. Goşulan wagtda topar iki oýunçysyndan mahrum boldy: 94-nji minutda Batyr Geldiýew göni gyzyl kart alyp meýdançadan çykaryldy, 95-nji minutda bolsa Mekan Amannyýazow iki sary kart sebäpli oýundan çykdy. Muňa garamazdan, «Köpetdag» topary 5:3 hasap bilen häzirki möwsümdäki ilkinji ajaýyp ýeňşini saklap galdy.

2026-njy ýylyň Türkmenistanyň çempionatynda ilkinji ýeňşini «Aşgabat» topary hem gazandy. Türkmenbaşy şäherinde «Şagadam» toparynyň myhmany bolan paýtagt topary her ýarymda bir goldan geçirip, garşydaşyny 2:0 hasabynda ýeňdi. Gollary Merdan Muhadow (12-nji minut) hem-de Nurulla Raimbaýew (63-nji minut) geçirdiler. «Şagadam» topary myhmanlaryň tertipli goragyny böwsüp bilmedi.

Balkanabatda ýerli «Nebitçi» topary Marynyň «Merw» toparyny kabul etdi. 21-nji minutda Serdar Tukiýew ýer eýelerini öňe çykardy. Ikinji ýarymyň başynda Salim Umarow hasaby deňledi, emma, soňky söz balkanabatlylarda galdy. 83-nji minutda Maksat Çagbalyýewiň takyk urgusy bilen 2:1 hasabynda «Nebitçi» toparyna möhüm öý ýeňşini getirdi.

Şeýlelikde, dokuz tapgyrdan soň 27 utuk toplan «Arkadag» topary ikinji orunda barýan «Altyn asyr» toparyndan aratapawudyny 8 utuga ýetirdi. 17 utukly «Ahal» topary bolsa «Altyn asyr» toparyndan 2 utuk yzda galyp, ilkinji üçlügi jemleýär. Ýaryş tertibiniň aşaky böleginde ýerleşýän «Aşgabat» topary bilen «Köpetdag» topary şu tapgyrdaky ýeňişlerinden soň altynjy orundaky «Nebitçi» toparyndan 6 utuk yzda barýarlar.

Hüjümçileriň ýaryşynda ýagdaý öňküligine galdy. «Arkadag» toparynyň hüjümçisi, soňky dört milli çempionatyň iň netijeli futbolçysy Didar Durdyýew 7 gol (şolaryň biri 11 metrlik jerime urgusyndan) bilen öňdeligini saklaýar. «Ahal» toparynyň oýunçysy Süleýman Mirzoýew bilen «Şagadam» toparynyň futbolçysy Serdar Gulyýew 5 gol bilen 2 – 3-nji orunlary paýlaşýarlar. Şeýle-de, olaryň birinjisi bir goly jerime urgy arkaly geçiren bolsa, ikinjisi iki gezek 11 metrlik urgudan tapawutlandy.