Ýokary liganyň toparlarynyň arasynda geçirilýän futbol boýunça Türkmenistanyň çempionatynyň 10-njy tapgyry Aşgabat we Arkadag şäherlerinde geçirilen iki duşuşyk bilen başlandy.
Şu tapgyryň merkezi wakasy «akylly» şäherde geçirilen duşuşyk boldy, onda ýaryş tertibine baştutanlyk edýän ýerli «Arkadag» topary özüniň iň golaý yzda barýan bäsdeşi «Altyn asyr» toparyny kabul etdi.
Oýun başlanmazdan öň stadionyň üstünden güýçli ýagyş ýagdy, ýöne bu meýdança-da, duşuşyga gatnaşyjylaryň keýpine-de päsgel bermedi.
Oýun ýurdumyzyň häzirki çempionynyň aç-açan artykmaçlygynda geçdi. Duşuşygyň 27-nji minudynda Didar Durdyýewiň takyk urgusyndan soň «Arkadag» topary hasapda öňe saýlandy. Ikinji ýarymda «Arkadag» topary 14 minudyň dowamynda garşydaşynyň derwezesine ýene-de dört pökgi girizip, duşuşygy uly hasaply ýeňiş – 5:0 bilen tamamlady. 55-nji minutda Baýram Ataýew tapawutlandy, 64-nji minutda Didar Durdyýew jerime urgusyny takyk ýerine ýetirip, dubl etdi. Ýazgylyç Gurbanow (65-nji minut) we Arzuwguly Sapargulyýew (69-nji minut) bolsa garşydaşyň doly ýeňlişe sezewar edilmegini jemlediler.
Ýekeje oýunda-da utulman, 10 duşuşykda onunjy ýeňşini gazanan «Arkadag» futbol topary iň ýokary görkezijini – 30 utugy toplady we «Altyn asyr» topary bilen aradaky tapawudy 11 utuga çenli artdyrdy.
Tapgyryň beýleki duşuşygynda «Aşgabat» köpugurly stadionyň merkezi meýdançasynda paýtagtymyzyň «Köpetdag» topary bilen Türkmenbaşy şäheriniň «Şagadam» topary güýç synanyşyp, ýeňijini anyklap bilmediler we oýun 0:0 hasabynda deňlikde tamamlandy.
Bu oýundan soň «Şagadam» 12 utuk bilen dördünji ornuny saklap galdy, 5 utugy bolan «Köpetdag» bolsa ýaryş tertibiniň aşaky hatarynda ýerleşýär.
Iň köp pökgi geçiren oýunçylaryň bäsleşiginde «Arkadag» toparynyň hüjümçisi Didar Durdyýew öňdeligini has-da pugtalandyrdy. 10-njy tapgyrda dubl eden futbolçy öz hasabyndaky gollaryň sanyny 9-a (2-si jerime urgy) ýetirdi. 2-nji we 3-nji orunlary 5 gol bilen Süleýman Mirzoýew («Ahal») we Serdar Gulyýew («Şagadam») paýlaşýarlar. Şunda birinji oýunçy jerime urgusyndan 1, ikinjisi bolsa 2 pökgi girizdi.