Ï Türkmen halysynyň baýramy mynasybetli haly we haly önümleriniň sergisine hem-de Türkmen halyşynaslarynyň bütindünýä jemgyýetiniň XXVI mejlisine gatnaşyjylara
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmen halysynyň baýramy mynasybetli haly we haly önümleriniň sergisine hem-de Türkmen halyşynaslarynyň bütindünýä jemgyýetiniň XXVI mejlisine gatnaşyjylara

view-icon 67
Türkmen halysynyň baýramy mynasybetli haly we haly önümleriniň sergisine hem-de Türkmen halyşynaslarynyň bütindünýä jemgyýetiniň XXVI mejlisine gatnaşyjylara

Hormatly halyçylar we halyşynaslar!
Gadyrly myhmanlar!

Sizi «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda eziz Diýarymyzda dabaralara beslenip giňden bellenilýän hem-de milli mirasymyzyň aýrylmaz bölegine öwrülen Türkmen halysynyň baýramy, şeýle-de bu baýram mynasybetli geçirilýän haly we haly önümleriniň sergisiniň hem-de Türkmen halyşynaslarynyň bütindünýä jemgyýetiniň XXVI mejlisiniň öz işine başlamagy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn.

Türkmen zenanlarynyň ýiti zehininden, akyl-paýhasyndan dörän, nepisligi, müň dürli öwüşgini, reňkleriniň ajaýyp sazlaşygy, tebigy özboluşlylygy bilen dünýäni haýran eden ajaýyp türkmen halysy umumadamzat medeniýetiniň genji-hazynasynda mynasyp orun alan gözelligiň we nepisligiň nusgasydyr. Müňýyllyklaryň dowamynda sünnälenip, hiç bir halkyňka meňzemeýän milli aýratynlyklary bilen türkmen durmuşynyň aýrylmaz gymmatlygyna öwrülen halylar öýlerimiziň ýaraşygydyr, törlerimiziň bezegidir, halkymyzyň buýsanjydyr. Ene-mamalarymyzyň, gelin-gyzlarymyzyň zehininden dörän bu ajaýyp sungatymyz dünýäde doly ykrar edildi. Türkmen milli halyçylyk sungatynyň Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasynyň (ÝUNESKO) Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilmegi bu gadymy senedi ebedileşdirmek ugrunda amala aşyrylan uly işleriň rowaçlanýandygynyň aýdyň nyşanydyr.

Hormatly sergä we mejlise gatnaşyjylar!
Gadyrly myhmanlar!

Dünýäde deňi-taýy bolmadyk türkmen halysy halkymyzyň gadymy sungaty bolup, onda asyrlardan gözbaş alýan ruhy gymmatlyklarymyz öz aýdyň beýanyny tapýar. Zenan yhlasyny, onuň dünýägaraýşyny, medeniýetini, ýürek arzuwlaryny, geljege bolan beýik ynamyny göllerdir nagyşlaryna siňdiren haly bize ata-babalarymyzyň ýaşaýyş gymmatlyklary hakynda düýpli düşünjeleri berýär. Nepisligi, inçeligi, nusgalyk ajaýyplygy, dürli öwüşginli lowurdysy, gözüňi gamaşdyrýan owadanlygy bilen göreni haýrana goýýan halylarymyzda halkymyzyň ähli oňat häsiýetleri, özboluşly milli aýratynlyklary, diline, sungatyna, asylly däp-dessurlaryna bolan egsilmez söýgüsi öz beýanyny tapýar.

Döwlet nyşanlarymyzda türkmen haly gölleriniň ýerleşdirilmegi ata-babalarymyzyň wesýetlerine, asylly däplerine wepalylygyň nyşanydyr. Ol merdana halkymyzyň özboluşly däplerine eýermegiň, onuň milli aýratynlygyny, dünýägaraýşyny, häsiýetini we ruhy gymmatlyklaryny aýawly saklamagyň, geljeginiň rowaçlyklara beslenmeginiň nusgasydyr.

Çeper elli halyçylar we ussat halyşynaslar!
Gadyrly myhmanlar!

Täze taryhy döwürde halkymyzyň bütin dünýä ýaýran halyçylyk sungatyny ösdürmäge uly üns berilýär. Bu nepis we ajaýyp sungaty Ýer ýüzünde wagyz etmek, yzygiderli kämilleşdirmek, halylaryň täze görnüşlerini döretmek, gadymy asyl nusgalaryny aýawly saklamak, dikeltmek üçin giň mümkinçilikler döredilýär. Döwrebap çeper halyçylyk kärhanalary işe girizilip, olarda halyçy zenanlarymyzyň yhlasly zähmet çekmegi we dynç almagy üçin ähli zerur şertler döredilýär. Hünär ussatlygy, zähmetsöýerligi bilen hemmelere görelde bolýan ussat halyçy zenanlarymyzyň zähmetine döwletimiz tarapyndan ýokary baha berilýär. Olara hormatly atlar dakylyp, gymmat bahaly sowgatlar gowşurylýar. Biz mundan beýläk-de ellerinden dür dökülýän zehinli halyçy zenanlarymyzyň abadan, bagtyýar durmuşda ýaşamagy we dünýä meşhur türkmen halylaryny dokamaklary üçin ähli şertleri dörederis. 

«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda milli gymmatlyklarymyza aýratyn sarpa goýulýar. Halkymyzyň ajaýyp halylarynyň nagyşlarynda şöhlelendirilýän milli gymmatlyklarymyzdan ylham alyp, behişdi bedewlerimiziň bady bilen röwşen geljege tarap ynamly barýarys. Müň öwüşginli halylarymyzda öz beýanyny tapýan asylly ýörelgelerimizden, däp-dessurlarymyzdan, halkymyzyň gazanýan ajaýyp üstünliklerinden ruhlanyp, parahatçylygyň we gülläp ösüşiň bähbidine belent sepgitlere ýetýäris.

Hormatly sergä we mejlise gatnaşyjylar!
Gadyrly halyçylar!

Sizi toýlarymyzyň bezegi, ojaklarymyzyň mukaddesliginiň nyşany bolan Türkmen halysynyň baýramy hem-de bu baýram mynasybetli geçirilýän haly we haly önümleriniň sergisiniň, Türkmen halyşynaslarynyň bütindünýä jemgyýetiniň XXVI mejlisiniň öz işine başlamagy bilen ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlaýaryn. Size berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, bagtyýar durmuş, halyçylyk sungatymyzy döwrebap ösdürmek, bütin dünýä ýaýmak ugrunda alyp barýan işleriňizde uly üstünlikleri arzuw edýärin. Goý, çeper elli, uz barmakly halyçylarymyzyň daraklarynyň sesi hemişe batly ýaňlanyp dursun!


Türkmenistanyň Prezidenti
Serdar BERDIMUHAMEDOW.