Ï Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar

view-icon 124

Onuň Alyhezreti,
Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Serdar BERDIMUHAMEDOWA

Siziň Alyhezretiňiz!

Sizi Iordaniýa Haşimit Patyşalygynyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan, şeýle hem hut öz adymdan Gurban baýramy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaýaryn. Siziň Alyhezretiňize berk jan saglyk, abadançylyk, Türkmenistanyň doganlyk halkyna bolsa rowaçlyk baradaky arzuwlarymy beýan edýärin.

ABDULLA II,
Iordaniýanyň Patyşasy.

* * *

Onuň Alyhezreti,
Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Serdar BERDIMUHAMEDOWA

Gurban baýramy mynasybetli Sizi tüýs ýürekden gutlaýaryn we iň gowy arzuwlarymy beýan edýärin. Beýik Allatagaladan abadançylyk we rysgal-bereket dileýärin.

Raşad Muhammad AL-ALIMI,
Ýemen Respublikasynyň Prezident ýolbaşçylyk geňeşiniň başlygy.

* * *

Onuň Alyhezreti,
Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Serdar BERDIMUHAMEDOWA

Owganystanyň halkynyň adyndan hem-de hut öz adymdan Siziň Alyhezretiňize, Türkmenistanyň doganlyk halkyna mübärek Gurban baýramy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglarymy we arzuwlarymy beýan edýärin. Ähli musulman ymmatynyň rehimdarlygyny, raýdaşlygyny alamatlandyrýan bu baýramyň yslam ýurtlarynyň arasynda agzybirligiň we dost-doganlygyň mundan beýläk-de pugtalandyrylmagyna ýardam berjekdigine ynanýaryn.

Türkmenistan Owganystanyň daşary syýasatynda aýratyn orun eýeleýär hem-de syýasy, söwda, üstaşyr, medeni we beýleki ulgamlarda iki dostlukly ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlyk has-da ösdüriler diýip umyt edýärin.

Mümkinçilikden peýdalanyp, Siziň Alyhezretiňize berk jan saglyk, üstünlik, Türkmenistanyň dostlukly halkyna bolsa bagtyýarlyk, gülläp ösüş arzuw edýärin.

Alhaj Molla Mohammad

Hasan AHUND,
Owganystanyň Premýer-ministri.

* * *

Onuň Alyhezreti,
Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Serdar BERDIMUHAMEDOWA

Çuňňur hormatlanylýan Serdar Gurbangulyýewiç!

Sizi mukaddes Gurban baýramy mynasybetli gutlamak bilen, Siziň Alyhezretiňize belent hormat goýýandygym baradaky ynandyrmalarymy kabul ediň! Rehimdarlyk, duýgudaşlyk, özara goldaw bermek ýörelgelerini alamatlandyrýan bu röwşen baýram millionlarça musulman üçin aýratyn ähmiýete eýedir. Ol jemgyýetde ruhy gymmatlyklaryň, parahatçylygyň, özara ylalaşygyň pugtalandyrylmagyna ýardam berýär. Gurban baýramy asyrlaryň dowamynda adamzady ýagşy işlere, ýakynlarymyz barada hemişe alada etmäge, ruhy ýörelgeleriň goralyp saklanylmagyna, halklaryň arasynda özara düşünişmäge hem-de ynanyşmaga ruhlandyrýar.

Bu baýramçylyk günlerinde Size we ýakynlaryňyza, Türkmenistanyň ähli halkyna berk jan saglyk, bagtyýarlyk, rowaçlyk arzuw edýärin.

Hormatlamak bilen,

Igor BABUŞKIN,
Russiýa Federasiýasynyň Astrahan oblastynyň gubernatory.

* * *

Onuň Alyhezreti,
Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Serdar BERDIMUHAMEDOWA

Hormatly jenap Prezident!

Mübärek Gurban baýramy mynasybetli Siziň Alyhezretiňize hem-de Türkmenistanyň doganlyk halkyna tüýs ýürekden gutlaglarymy we iň gowy arzuwlarymy beýan edýärin.

Türkmenistan bilen taryhy taýdan emele gelen medeni we ruhy gatnaşyklary ösdürmek Azerbaýjan üçin aýratyn ähmiýete eýedir. Siziň türki-yslam mirasynyň umumy dini, medeni gymmatlyklarynyň, taryhy we milli ýörelgeleriň goralyp saklanylmagyna hem-de baýlaşdyrylmagyna gönükdirilen asylly işleriňiziň rowaçlyklara beslenmegini Beýik Biribardan dileýärin. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowyň syýasy strategiýasyny üstünlikli durmuşa geçirýän parasatly döwlet Baştutany hökmünde Siziň geljekde-de biziň doganlyk halklarymyzyň hem-de döwletlerimiziň arasyndaky gatnaşyklaryň ösdürilmegi üçin ähli tagallalary etjekdigiňize ynanýaryn.

Hormatly jenap Prezident, Sizi we doganlyk türkmen halkyny Gurban baýramy bilen ýene bir gezek gutlaýaryn! Size berk jan saglyk, uzak ömür we jogapkärli döwlet işiňizde uly üstünlikleri arzuw edýärin. Goý, Beýik Biribar biziň halklarymyza we döwletlerimize rowaçlyk, rysgal-bereket eçilsin!

Tüýs ýürekden hormatlamak bilen,

Şeýh-ul-Yslam Allahşukur PAŞAZADE,
Kawkaz musulmanlar müdiriýetiniň başlygy, GDA-nyň Dinara geňeşiniň gezekleşikli başlygy.

* * *

Onuň Alyhezreti,
Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Serdar BERDIMUHAMEDOWA

Siziň Alyhezretiňiz!

Türki medeniýetiň halkara guramasynyň (TÜRKSOÝ) Sekretariatynyň adyndan hem-de hut öz adymdan Sizi we ähli türkmen halkyny mukaddes Gurban baýramy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaýaryn. Beýik Biribardan doganlyk halklarymyzyň arasyndaky raýdaşlygyň, jebisligiň has-da pugtalandyrylmagyna ýardam berýän bu baýramyň tutuş musulman ymmatyna bagtyýarlyk hem-de abadançylyk getirmegini dileýärin.

Ýakymly mümkinçilikden peýdalanyp, Sizi mukaddes Gurban baýramy bilen ýene bir gezek gutlaýaryn hem-de Size berk jan saglyk, rowaçlyk, Türkmenistanyň halkyna bolsa abadançylyk, gülläp ösüş arzuw edýärin.

Sultan RAÝEW,
Türki medeniýetiň halkara guramasynyň Baş sekretary.