Ï Alp Arslan Begenjow erkin göreş boýunça 23 ýaşa çenli ýaşlaryň arasynda geçirilen Aziýa çempionatynda ilkinji gezek altyn medal gazandy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Alp Arslan Begenjow erkin göreş boýunça 23 ýaşa çenli ýaşlaryň arasynda geçirilen Aziýa çempionatynda ilkinji gezek altyn medal gazandy

view-icon 75
Alp Arslan Begenjow erkin göreş boýunça 23 ýaşa çenli ýaşlaryň arasynda geçirilen Aziýa çempionatynda ilkinji gezek altyn medal gazandy
camera-icon
UWW

19 ýaşly aşgabatly halkara derejeli sport ussady Alp Arslan Begenjow erkin göreş boýunça 23 ýaşa çenli ýaşlaryň arasynda geçirilen Aziýa çempionatynda ilkinji gezek çempion adyny gazandy. Türkmen döwlet maliýe institutynyň 2-nji ýyl talyby bu üstünligi Wýetnamyň Da Nang şäherinde geçirilen ýaşlaryň arasyndaky yklym birinjiliginde 86 kilograma çenli agram derejesinde gazandy. Bu agramda 10 pälwan medal ugrunda bäsleşdi.

Ýokary derejeli baýrak ugrunda Alp Arslan garşydaşlaryna bir utuk hem bermän, umumy hasapda 27:0 netije bilen üç ýeňiş gazandy. Çärýek finaldaky ilkinji duşuşygynda ol hindistanly Mor Saçini 6:0 hasabynda ýeňdi. Ýarym finalda bolsa özbegistanly Boburbek Ruzimboýewi wagtyndan öň 11:0 hasabynda ýeňdi. Final duşuşygynda hem gazagystanly Abylaýhan Uzembaýewi wagtyndan öň 10:0 hasabynda ýeňip, altyn medala mynasyp boldy.

Bu agram derejesinde bürünç medallar hindistanly Mor Saçina hem-de Koreýa Respublikasynyň wekili Tebin Kime gowşuryldy.

Geçen ýyl Wýetnamyň Wungtau şäherinde 23 ýaşa çenli ýaşlaryň arasynda geçirilen Aziýa çempionatynda A. Begenjow 79 kilograma çenli agram derejesinde çykyş edip kümüş medala eýe bolupdy. Ine, bu gezek şol yklym ýaryşynda kümüş medalyny altyn medala öwürmegi başardy.

Alp Arslan ilkinji gezek 2022-nji ýylda Rumyniýada 17 ýaşa çenli ýetginjekleriň arasynda geçirilen «Constantin Alexandru & Ioan W. Popovici» halkara ýaryşynda 65 kilograma çenli agramda ýeňiji bolup, şeýle hem Bişkekde geçirilen Aziýa birinjiliginde şol ýaş derejesinde altyn medal gazanyp, öz adyny tanatdy. 2023-nji ýylda 17 ýaşa çenli ýaşlaryň arasynda geçirilen Aziýa çempionatynda bürünç medala mynasyp boldy. 2024-nji ýylda bolsa Tailandda we Ispaniýada geçirilen 20 ýaşa çenli ýaşlaryň arasynda geçirilen Aziýa hem-de dünýä çempionatlarynda ilkinji gezek altyn medal gazandy. 2025-nji ýylda Wýetnamdaky 23 ýaşa çenli ýaşlaryň arasynda geçirilen Aziýa çempionatynda kümüş medal, Gyrgyzystandaky 20 ýaşa çenli ýaşlaryň arasynda geçirilen Aziýa birinjiliginde bolsa bürünç medal gazandy.

Soňky iki ýylyň dowamynda Alp Arslan 79 kilograma çenli agram derejesinde üstünlikli çykyş etdi. 2026-njy ýyldan başlap bolsa 86 kilograma çenli täze agram derejesine geçdi we bu ýerde hem uly üstünlik gazandy. Şu ýylyň aprel aýynda Bişkekde uly ýaşlylaryň arasynda geçirilen Aziýa çempionatynda bürünç medal gazanyp, erkin göreş boýunça bu ýaryşda medal alan ilkinji türkmen pälwany boldy. Indi bolsa ilkinji gezek 23 ýaşa çenli ýaşlaryň arasynda yklym çempiony adyna eýe boldy.

Alp Arslan Begenjow erkin göreşiň ilkinji tilsimlerini Aşgabatda öz daýysyndan öwrenipdir. Şeýle hem ol Türkmenistanyň ýetginjekler ýygyndysynyň baş tälimçisi Berdi Atabaýewiň bölüminde türgenleşipdir. Häzirki wagtda bolsa Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň kümüş medalynyň eýesi Batyr Orazgylyjowyň ýolbaşçylygynda ussatlygyny kämilleşdirýär.