Ï Türkmen türgenleri erkin göreş boýunça geçirilen Aziýanyň çempionatynda dört medal gazandylar
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmen türgenleri erkin göreş boýunça geçirilen Aziýanyň çempionatynda dört medal gazandylar

view-icon 108
Türkmen türgenleri erkin göreş boýunça geçirilen Aziýanyň çempionatynda dört medal gazandylar
camera-icon
UWW

Wýetnam Sosialistik Respublikasynyň Da Nang şäherinde erkin göreş boýunça 17 we 23 ýaşa çenli türgenleriň arasynda geçirilen Aziýanyň çempionatynda türkmen türgenleri dört medala – bir altyn we üç bürünç medala mynasyp boldular.

Öň hem habar berşimiz ýaly, bu ýaş derejesinde Aziýanyň çempiony diýen adyna ilkinji gezek Aşgabat şäherinden bolan 19 ýaşly halkara derejeli sport ussady Alp Arslan Begenjow eýe boldy. Türkmen döwlet maliýe institutynyň 2-nji ýyl talyby bu ajaýyp üstünligi 10 türgeniň medal ugrunda bäsleşen 86 kilograma çenli agram derejesinde çykyş edip gazandy.

Milli ýygyndymyzyň agzalary 61, 79 we 92 kilograma çenli agram derejelerinde bürünç medallara mynasyp boldular.

8 pälwanyň bäsleşen 61 kilograma çenli agram derejesinde 18 ýaşly Azatberdi Aşyrgulyýew bürünç medala mynasyp boldy. Ol çärýek finalda Nodirbek Jumanazarowy (Özbegistan) 13:5 hasabynda utdy, soňra ýarym finalda kümüş medalçy Dipak Dipaakdan (Hindistan) 0:10 hasabynda utuldy, bürünç medal ugrundaky tutluşykda bolsa Heýden Ançetany (Filippinler) 14:2 hasabynda ýeňmegi başardy. Ikinji bürünç medal Ýuhan Dokturbek uulu (Gyrgyzystan) eýeledi. Altyn medaly bolsa finalda hindistanly D.Dipaakdan üstün çykan Nurdanat Aitanow (Gazagystan) eýeledi.

Aziýanyň çempiony diýen ady almak ugrunda ýene-de 8 türgeniň bäsleşen 79 kilograma çenli agram derejesinde Türkmen döwlet maliýe institutynyň 4-nji ýyl talyby, 21 ýaşly Soltan Sanjar Begenjow hormat münberiniň üçünji basgançagyna galdy. Ol çärýek final tutluşygynda kümüş medalçy Ýerhan Abilden (Gazagystan) 2:12 hasabynda utuldy, emma 3-nji orun ugrundaky tutluşykda Wan Nguýenden (Wýetnam) 14:3 hasabynda üstün çykdy we edil geçen ýylky 23 ýaşa çenli türgenleriň arasynda geçirilen Aziýa çempionatyndaky ýaly bürünç medal bilen çäklendi. Ikinji bürünç medaly Baýtemir Tuleberdiýew (Gyrgyzystan) aldy. Hindistanly Çandermohan Çandermohan bolsa finalda gazagystanly Ýerhan Abili 7:6 hasabynda kynlyk bilen utup, Aziýanyň çempiony boldy.

Ýygyndymyzyň düzüminde üçünji bürünç medaly 19 ýaşly Döwletgeldi Myradow gazandy. Güýçlüleriň 7-siniň bäsleşen 92 kilograma çenli agram derejesinde Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň 2-nji ýyl talyby birinji tapgyrda Ganbat Serenpunsageni (Mongoliýa) 6:0 hasabynda utdy, ikinji tapgyrda bolsa kümüş medalçy bolan Kumar Punitden (Hindistan) 0:10 hasabynda utuldy. Ýarym finalda D.Myradow çekeleşikli geçen tutluşykda 23 ýaşa çenli ýaşlaryň arasynda Aziýa çempiony Ulukbek Surombekowa (Gyrgyzystan) 6:7 hasabynda ýol berdi, emma bürünç medal urundaky bäsleşikde Sadirdin Daminžonowy (Özbegistan) 3:0 hasabynda ýeňmegi başardy.

Geçen ýyl Wýetnamyň Wungtau şäherinde geçirilen sport göreşi boýunça 23 ýaşa çenli ýaşlaryň arasyndaky Aziýa çempionatynda türkmenistanly türgenler dört medala – bir kümüş we üç bürünç medala eýe bolupdylar. Şonda 79 kilograma çenli agram derejesinde Alp Arslan Begenjow kümüş medala mynasyp bolan bolsa, bürünç medallary erkin göreşde: Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň talyby Watan Annaorazow (74 kilograma çenli) we Türkmen döwlet maliýe institutynyň talyby Soltan Sanjar Begenjow (86 kilograma çenli); grek-rim göreşinde bolsa Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň talyby Didar Orazberdiýew (72 kilograma çenli) gazanypdy.