Ï Türkmenistanyň wekiliýeti Lissabon şäherine iş saparyny amala aşyrýar
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň wekiliýeti Lissabon şäherine iş saparyny amala aşyrýar

view-icon 181
Türkmenistanyň wekiliýeti Lissabon şäherine iş saparyny amala aşyrýar

2026-njy ýylyň 31-nji maýynda Türkmenistanyň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekillerinden ybarat toparyň Portugaliýanyň paýtagty Lissabon şäherine iş sapary başlanýar. Bu sapar ÝHHG-niň (Ýewropanyň Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasy) Aşgabatdaky wekilhanasy tarapyndan guraldy.

Lissabon şäherinde Žurnalistika we gepleşikler tejribeligini mundan beýläk hem döwrebaplaşdyrmakda goldaw bermek maksatnamasy boýunça okuw-tanyşdyryş saparynyň çäklerinde dürli neşirleriň wekilleriniň gatnaşmagynda döwrebap şertlerde iş tejribesini alyşmak maksady bilen birnäçe günüň dowamynda duşuşyklar geçiriler.

Saparyň resmi meýilnamasy Portugaliýanyň Daşary işler ministrliginde, parlamentinde we ýurduň habar beriş ulgamlarynyň wekilleri bilen geçiriljek duşuşyklary hem-de gürrüňdeşlikleri öz içine alýar.

Duşuşyklarda türkmen wekiliýeti žurnalistika işini has-da kämilleşdirmekde, oňa häzirki zaman dünýä tejribelerini ornaşdyrmakda portugaliýaly kärdeşleriniň ulanýan esasy strategiýalary bilen tanşarlar we tejribe alyşarlar.

Portugaliýada ykdysadyýet, medeniýet, sport we jemgyýetçilik durmuşy bilen baglanyşykly meseleleri öz içine alýan köp sanly internet çeşmeleri hereket edýär. Mundan başga-da, ýurduň çäklerinde köp sanly çap neşirleri – milli hem-de ýerli gazetler bolup, olar jemgyýetçilik meselelerini, işewürlik we ilatyň saglygy bilen baglanyşykly mowzuklary beýan edýärler.