Ï Teatryň halkara üstünligi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Teatryň halkara üstünligi

view-icon 158
Teatryň halkara üstünligi
Teatryň halkara üstünligi
Teatryň halkara üstünligi
Teatryň halkara üstünligi

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň asylly başlangyçlary, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary bilen milli teatr sungatymyz halkara ülňülerine laýyklykda ösýär, kämilligiň täze belentliklerine ýetýär. Sahna oýunlarynda mukaddes Garaşsyzlygymyzyň we hemişelik Bitaraplygymyzyň beýik işlere galkyndyrýan kuwwatly güýji dabaralandyrylýar. Şonuň bilen birlikde, milli teatr sahnalarymyzda dünýäniň nusgawy drama eserlerini sahnalaşdyrmaga giň mümkinçilikler döredilýär. Munuň özi, ýaşlarymyzy beýik watansöýüjilik ruhunda terbiýelemäge, milli baýlyklarymyza, şöhratly pederlerimiziň nurana ruhlaryna ygrarly bolup ýetişmeklerine giň mümkinçilikleri döredýär. Teatr sahnalarynda umumadamzat gymmatlyklarynyň göwher gaşyna öwrülen milli baýlyklarymyz çeper sungatyň üsti bilen dünýä ýaýylýar. Şunuň bilen baglylykda milli teatr sungatymyzyň, teatr sungatynyň wekilleriniň abraý-mertebesi dünýä dolýar.

Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallasy bilin 2026-njy ýylyň maý aýynyň 22-31-i aralygynda Russiýa Federasiýasynyň Moskwa oblastynyň Medeniýet we syýahatçylyk ministrligi tarapyndan Moskwa şäherinde belli rus ýazyjysy we dramaturgy A.P.Çehowyň döredijiligine bagyşlanyp geçirilen «Melihowanyň bahary» atly XXXI halkara teatr festiwalyna A.S.Puşkin adyndaky rus döwlet drama teatry hem gatnaşdy. Teatryň döredijilik topary ýaş režissýor B.Garajaýewiň sahnalaşdyran «Çehowyň degişmeleri» («Чеховские водевили») sahna oýny bilen gatnaşdylar. Sahna oýnynyň pýesasy belli rus ýazyjysynyň ýaşlaryň watanperwerlik, adamçylyk terbiýesine täsir edýän inçe psihologik oýlanmalaryna ulaşýan degişmelerini özünde jemleýär. Sahna oýny başdan-aýak janly saz bilen bezelýär. Oýnuň sahna bezegindäki çeperçilik çözgütleri ynsanyň ýaşaýşa bolan söýgüsini joşdurýar, nesilme-nesil aşyp gelýän maşgala mukaddesliklerini dabaralandyrýar. Türkmen teatrynyň halkara sungat baýramyna işjeň gatnaşmagy milli sahna sungatymyzy dünýä ýaýmakda giň mümkinçilik berdi. Türkmen sahna ussatlarynyň rus dilinde oýanan bu sahna oýny tomaşaçylar tarapyndan gyzgyn garşylandy. Esasan hem sahna oýnunyň režissýorlyk kämilligi aýratyn baha eýe boldy.

Bu halkara festiwalyna 10-dan gowrak döwletden 27 sahna oýny gatnaşdy. Türkmen teatr artistleri mundan başga-da, festiwalyň çäginde beýleki döwletleriň sahna sahna oýunlaryna tomaşa etdiler, sahna oýunlarynyň ara alnyp maslahatlaşmalaryna, sahna ussatlarynyň, režissýorlaryň ussatlyk-tejribe alyş şapaklaryna gatnaşdylar. Döredijilik duşuşyklarynda türkmen hünärmenleri hem çykyş edip, ýurdumyzda mukaddes Garaşlygymyzyň 35 ýylynyň dowamynda, şeýle häzirki wagtda Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary bilen ýurdumyzda gurlup ulanylmaga berlen, döwrebap tehnologiýalar bilen üpjün edilen teatrlarymyzda hem-de sirklerimizde goýulýan sahna oýunlarynyň, sirk tomaşalarynyň mazmuny, halkara festiwallarynda gazanylýan abraýly ýeňişleri barada çykyş edip, wideoşekilli görnüşleri görkezdiler.

Geçirilen bu döredijilik duşuşyklaryna dünýäniň belli teatr we kino sungatynyň wekilleri hem-de medeniýet we sungat işgärleri, dramaturglar, edebiýatçylar, taryhçylar, medeniýeti öwrenijiler, şahyrlar we belli döredijilik işgärleri gatnaşyp, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň milli sungatymyzy ösdürmekde, berýän yzygiderli goldaw-hemaýatlarynyň, dünýä döwletleri bilen häzirki zaman medeni gatnaşyklarynyň barha berkemeginde alyp barýan işleriniň nusgalyk ýörelge bolup durýandygy bellenildi.

Moskwada geçirilen bu sungat baýramynyň netijeleri boýunça A.S.Puşkin adyndaky rus döwlet drama teatrynyň döredijilik topary halkara teatr festiwalynyň Kubogyna mynasyp boldy.

Daşary ýurtlarda geçirilýän halkara teatr festiwallaryna gatnaşmaga, sungat we medeniýet işgärleri bilen tejribe alyşmaga, milli medeniýetimizi daşary döwletlerde wagyz etmäge döredip berýän şeýle giň mümkinçilikleri üçin Milli Liderimiz Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza köp-köp sagbolsunlarymyzy aýdýarys.

Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň, Gahryman Arkadagymyzyň Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiziň güýç-kuwwaty, halkymyzyň ýagty geljegi, abadan durmuşda ýaşamagy ugrunda alyp barýan il-ýurt, döwlet ähmiýetli işleriniň hemişe rowaç bolmagyny arzuw edýäris!